Line id : @tasinlikler
Transkript
Line id : @tasinlikler
TÄSINLIKLER DÜNÝÄSI Adamlar barada Rekortlar! Haýwanlar barada Gyzykly maglumatlar! Sport barada Faktlar! Dünýä şäherleri we ýurtlary barada! Binalar hakynda! 1 Line id : @tasinlikler Tanyş boluñ dünýäniñ in maýyşgak gyzy Ýulia Gýöntel(Julia Günthel).31 ýaşly Ýulia Germaniýada ýaşaýar.Ol özünde maýyşgaklyk talantynyñ bardygyny 4 ýaşynda bilýär we akrobatika bilen meşgullanyp ösdürýär.Zlata Germaniýada Sirkde işleýär we ol kiçiräk gutynyñ içine sygyp bilýär. 2 Line id : @tasinlikler Hindistanly Bhateri Dewi(Devi) dünýäniñ iñ garry üçem çaga dogran aýalydyr.Ol 66 ýaşynda iki oglan we bir gyz dogrupdyr.Ömründe öñ çaga dogrup gormedik aýal muny emeli tohumlandyryş(исскиственное оплодотворение) kömegi b.n başarypdyr. 3 Line id : @tasinlikler Dünýäde iñ garry ekizler doganlar Ewelin Midlton(Evelyn Middleton) we Edit Riçi(Edith Richie) dagydyr.Olar Patyşa Edward VII döwründe 1909-njy ýylda Şotlandiýanyñ Nyuberg diýen ýerinde doglupdyr.Ikizleriñ bilelikde 21 agtygy, 47 çowlugy, 6 sany hem ýuwlugy bardyr. 4 Line id : @tasinlikler Boýy 91 sm Zinat(Zeenat) Bi of Bhopal dünýäniñ iñ garry karlik(kelte boýly) adamydyr.Dokument maglumatlaryna görä onuñ ýaşy 101, ýöne Zinatyñ aýtmagyna görä ol 113 ýaşynda.Ol ömrüni Hindastanda ýaşap, ýurdyñ Britaniýa imperiýasynyñ golastynda bolan döwrüni hem başdan geçiren aýaldyr.Ol öz ömründe edip ýetişmeli zatlaryñ sanawyny düzüpdir we şolañ arasynda Mekgä-Medinä zyýarata gitmek hem bar eken. 5 Line id : @tasinlikler Dünýäde iñ uly ýañy doglan çaga 1955-nji ýylda Italiýada dünýä inýär.Onuñ agramy 10,2 kg-a deñ bolupdyr.XXI asyrda dünýade in uly täze doglan çagajyk 2007-nji yylda Altayda(Алтайский край Россииской Федерации) doglan gyzjagaz hasaplanylýar.Onuñ agramy 7,75 kg-a deñ bolupdyr. 6 Line id : @tasinlikler Spreuerhosstraße - dünýäde iñ dar köçe bolup, ol Germaniýanyñ Roýtlingen(Reutlingen) şäherinde ýerleşýär.Bu köçe iñ giñ ýerinde 50sme, iñ dar ýerinde bolsa 31sm-e deñdir.Darlygy boýunça ikinji ýerde durýan köçe Angliýadaky Parliament streetdir.Bu köçe giñ ýerinde 120sme we dar ýerinde 64sm-e deñdir. 7 Line id : @tasinlikler Dünýaniñ iñ sowuk şäheri Rossiýaniñ Werhoýansk (город Верхоянск) şäheridir.Ol ýerde gyşyna temperatura -60 gradus Selsiý düşüp bilýär.1885 ýylda ol ýerde temperatura -71,2 gradus selsiý çenli düşüpdir. 8 Line id : @tasinlikler Dünýäde iñ kiçi şäher Horwatiýaniñ çäginde ýerleşýän Hum şäheridir.Şäheriñ ilaty 20 adamdyr(deñeşdirmäge: iñ uly şäheriñ ilaty 23 milliondan geçýändir).Bu şäher XI asyrda Rim imperiýasynyñ şäherleriniñ biriniñ harabaçalygynda döreýär we şonuñ netijesinde Hum şäher derejesini alýar. 9 Line id : @tasinlikler Dünýäde ýagşyñ iñ köp ýagýan ýeri Hindistandaky Mawsynram obasydyr.1985nji ýylda bu ýere gaty köp muldarda ýagyn ýagdy(26000 mm), bu waka hatda Ginnesiñ kitabyna-da girdi.Mawsynramda ýylda ortaça 11862 mm ýagyn ýagýar. 10 Line id : @tasinlikler Dünýäde iñ giñ köçe Argentinanyñ paýtagty Buenos-Aerosda ýerleşýän "9-nji iýul şaýoly(9 July Avenue)" bolup durýar.Bu köçäniñ giñligi 140 m we uzynlygy 1 kmdir.Köçäni kesip geçmek üçin birnäçe minut gerek bolar, sebäbi köçede birnäçe ýol hereket çyralary(swetafor) hem bar. 11 Line id : @tasinlikler Sportuñ saglyga iñ peýdaly görnüşi suwda ýüzmekdir.Suwda ýüzmek adamyñ tutuş bedenine aýratynda merkezi nerw ulgamyna peýdalydyr.Sportuñ bu görnüşi dem-alyş ulgamyny ösdürýär, ýürek damar ulgamynyñ işini sazlaşdyrýar.Oñurgasy gyşyk(şol sanda küýki), arka agyry we başga-da köp oñurga kesellerde suwda ýüzmek peýdalydyr.25 gradus selside suwda ýüzülende bedende madda alyş çalşygy 60-70 % tizleşýär, şonuñ üçin suwda ýüzmek horlanmak isleýän adamlara peýdalydyr. 12 Line id : @tasinlikler Dünýäde iň garry gimnastka 91 ýaşly Joanna Kas hasaplanýar.Bu garryja aýal hiç wagt ussat türgen bolmandyr, ol gimnastika bilen öz saglygyny berkitmek üçin meşgullanypdyr.Joanna Kas 1925-nji ýylyň 20-nji Noýabrynda eneden bolýar.Ol Germaniýada gimnastika boýunça dünýä çempionady geçende açylyş dabarasynda çykyş edipdir. 13 Line id : @tasinlikler Dünýäde in gyşyk bina Polşanyň Sapote şäherinde gurlandyr.Bu bina 2004-nji ýylda gurulýar we şondan bäri hemme gezelenç etýänleriň ünsini özüne çekýär.4000 kw m-i tutýan binada söwda we dynç alyş merkezi ýerleşdirilendir. 14 Line id : @tasinlikler Ýewropanyň iň uly metjidi Çeçen respublikasynyň Grozny şäherinde ýerleşýär.Metjit binalar toplumyndan ybarat bolup, 14ga ýeri tutýar.Esasy Metjit 5000 kw.m-e tutýar we ol birlikde 10000 adam kabul etmäge ukuply.Metjit 2006-njy ýylda gurlup başlanyp 2008-nji ýylda taýýarlanýar.Metjidiň içi Türkiýeden getirilen ak mermer b.n örtülendir. 15 Line id : @tasinlikler "Polkownik Mýau" atly pişik dünýäde iñ uzyn tüýli pişikdir.Onuñ tüýüniñ uzynlygy 23sm bolup, Pars we Gimalaý tohumly pişikleriñ gibrididir(garyndysy).Pişigiñ Ýutubdaky(Youtube) videosyny 2 milliondan gowrak adam tomaşa edendir. 16 Line id : @tasinlikler Dünýäde iñ uzyn boýly itiñ ady Zewsdir.Onuñ 70 kg agramy we 1m 12 sm boýy bar.Zews we onuñ eýesi Denis Dorlag ABŞ-nyñ Miçigan(Michigan) ştatynda ýaşaýarlar. 17 Line id : @tasinlikler Dünýäde iñ kiçi myhamanhana Punte Grande Hotel ady b.n bellidir.Atlantik ummanynyñ kenarynda ýerleşýän bu myhmanhana 1992-nji ýylda Ginnesiñ Rekordlar kitabyna girizildi.Myhmanhanada diñe 4 sany iki adamlyk otag we kiçiräk naharhana bardyr. 18 Line id : @tasinlikler Uzak wagtyñ dowamynda futbol oýnunda iñ uly hasap Şotlandiýanyñ toparlary "Abroat" we "Bon Akkord" toparlaryna degişli bolupdyr.1885-nji ýylda bolan şol duşuşykda Abroat öz garşydaşyny 36:0 hasapda utupdy.Emma 2002-nji ýylda Madagaskar ligasynda çempion adyny almak üçin ýurdyñ iñ gowy 4 topary bäsleşýär.Oýunlaryñ birinde Emin "Stad Olimpik d'Emirn" toparyna 11 metrlik jerime urgy goýýar we bu topara çempion bolmaga päsgel berýär.Sonky oýunda SOE topary öz närazylygyny bildirip(protest edip) öz derwezelerine gol salypdyr we oýnuñ dowamynda 149 gol salnypdyr.Gol ortaça her 36 sekuntdan derwezä giripdir 19 Line id : @tasinlikler Fotbol oýnunda ilkinji 11 metrlik jerime urgusy(penalty) 1891-nji ýylyñ 14-nji sentýabrynda depilýär.Taryhda ilkinji penalty Iñlis premýer ligasynyñ ýygyndysyna "Akkringtona" salynýar.Jerimäni salan Billi Hitiñ topary "Wulwerhempton" 5:0 hasapda utuş gazandy.11 metrlik jerime urgusyny futbola girizmek ilki bilen Irlandiýada düräpdir.11 metrlik jerime urgyny birbada Beýik britaniýada kabul etmändirler, emma oýunlariñ birinde goragçy topy eli b.n derwezäñ ýanyndan aýranda tomaşaçylaryñ sabyr käsesi dolupdyr. 20 Täsinlikler Dünýäsi ! Žurnal hakyndaky pikirleriňizi we teklipleriňizi aşakdaky salgylara ýollap bilersiňiz. Sizden geljek habarlara we hatlara garaşýarys. Siziň hatyňyz biz üçin möhüm! Habarlaşmak üçin: tasinliklernews@gmail.com 21