soiuz hem garaşsyzlyk
Transkript
soiuz hem garaşsyzlyk
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew Täçgeldi Gutlyýew SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK Publisistika Elektron görnüşde taýýarlanlar: Şamuhammet Suwtyýew Pälwan Muhyýew Aşgabat一1992 ýyl www.ertir.com/kitaphana 1 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew Täçgeldi Gutlyýewiň «Soýuz hem garaşsyzlyk» atly publisitik işi 1991-nji ýylyň 16-njy martynda «Ýaş komunist» gazetinde çap edilipdi. Şondan ýedi aý soňra Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyny alyp bilmegi bilen okyjylaryň bu esere islegi has da artdy. «Soýuz hem garaşsyzlyk» Eýranda «Garaşsyz Türkmenistan» diýen at bilen broşýura edilip çykaryldy. Häzir türk we nemes dillerinde neşire taýýarlanylýar. Eliňizdäki kitap gazetda öň düýpli gysgaldylyp çap edilen bu syýasy publisistik işiň indi Türkmenistanda neşir edilen doly we üstünden işlenilen görnüşidir. BBK 84. Tur7 G 87 Gutlyýew Täçgeldi G 87 Soýuz hem Garaşsyzlyk: Publisistika一A.: «Altyn guşak» Türkmen filialynyň Aşgabat bölümi, 1992. G 4702590201 BBK 84. Tur7 «Altyn guşak Türkmen filialynyň Aşgabat bölümi, 1992 ý. Gutlyýew T., 1992 ý. www.ertir.com/kitaphana 2 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew www.ertir.com/kitaphana 3 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew IKINJI GEZEK BÖKMELIMI Ýene soýuza girip ýaşamalymy ýa-da ondan el göterip, garaşsyz döwlet bolup ýaşamaly? XX asyrda şu mesele türkmeniň öňünde iki öwra keserdi. Birinjisi 1924-nji ýylda, ikinjisem häzirki 1991-de. Birinji saparda ýüzümizi Moskwa tutup, soýuza «Urra» bilen girdik. Ol döwürler ata-babalarymyzyň ençemesi «Bary ýogy 50一60 ýylyň içinde kapitalizmiň üstünden bökdürip, feodalizmden sosializme, ondanam kommizme düşürderis» diýen hoş wada berilse, şeýlemikän öýdüp, Allataga ynanmalaryny goýaga-da, ur-tut garageýim bolşewiklere sygynypdylar, ykbal jylawlaryny olaryň ellerine tutdyrypdyrlar. «Jan palçawik (bolşewik bolmaly), özüň bilýäň». Ine, onsaň, « adamyň bökegen maýmyndan emele gelendiginden» ruhlanaga-da: «Ýa kompartiýa» diýip bökdük. Arman... Ýa arkamyzda jylawly çekýän ýükümiz agyr boldy, ýa biz maýmynça ýok, ýa-da «bökmek» diýen genial taglymatyň ugry ýok, garaz, 68 ýyllyk bökûşden soň patylap düşen ýerimiz Leniniň per ýassykly, ýüpek düşekli kommunizmä bolmady. Üstümizi kakyşdyryp, ýerimizden tursak, daş-töweregimiz durşyna çaga mazarlary, kaloş, çyra çüýşe nobatlary, pagta zäheristanlygy, aşagy boşap titreýän ýerler bolup dur. Bir bol zadymyz aýdym-saz eken. Ýaňky çaga mazarlarynyň üstüne çykylyp, gije-gündiz lalalaýlanýar. «Gül ýalakla, gül ýalak». Indem, maýmyn ýylynyň öň ýanyndaky goýun ýylynda sada halka ikilenç bökmeli diýilýär. Şygaram, mowzugam şol öňki diýen ýaly. Bir tapawutlyja ýeri 17nji martdaky referendumda ses berilmeli «Siz dürli milletden bolan adamlaryň hukuklary we azatlygy doly derejede kepillendirilen deň özygtyýarly respublikalaryň täzelenen federasiýasy hökmûnde Sowet sosialistikalaryň täzelenen federasiýasy hökmünde Sowet sosialistik respublikalary Soýuzyň saklanyp galmagyny zerur hasap edýärsiňizmi?» diýen sowala öňki sosializm, kommunizm diýen wadalaryň ornunda öňki soaializm, kommunizm diýen wadalaryň ornunda öňki soaializm, kommunizm diýen wadalaryň ornunda demokratiýa, deň hukuklylyk diýen wadalar ýazylypdyr. Şu wadalara ynansaň «Soýuz» diýip, bökmeli, ýogsamam... Ýöne bu sapar «Urradan» üýtgeşik seslerem çykyp başlady... Ruslar bilen ýaponlar deňeşdirilende «Bir iş gaýryljak bolnanda şol işi ýaponlar-a öňünden, ruslaram soňundan oýlanyp edýärler» diýilýär. Dogrudanam, 70 ýylyň hupbatlaryndan soň ruslar indi kelle döwýärler. Ynha, olaryň liderlerinden Ýelsin refendumyň öň ýany merkezi telewideniýede çykyş edip: «Respublikalara doly suwerenitet bermek taryhy zerurlyk» diýip ýanjaýar. Beýik ýazyjylary Solźenisyn bolsa «Как нам обустроить www.ertir.com/kitaphana 4 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew Россию» diýen makalasynda («Komsomolskaýa prawda», 1990, 19.09) şeýle ýazýar. «Bize gaýra goýmazdan çürt kesik aýtmak gerek : pribaltika respublikalarynyň üçüsem, zakawkazýe respublikalarynyň üçüsem, Orta Aziýa Respublikalarynyň dördüsem, Ruminiýany küýseýän bolsalar Moldawiýa hem gep-gürrüňsiz hökman aýrylmalydyrlar. Ine, şu on ikisi aýrylandan soň Rus ýa-da Rossiýa diýip, nämä aýdylýan bolsa, şol hem galar. Eger olardan käsi «aýrylsakmykan?» diýip ýaýdansa näme? Onda şol çürt kesiklik bilen olardan aýrylýandygymyzy biz yglan etmelidiris». Şu yglana garaşman Gürjüstan, Moldowo, Latwiýa, Litwa, Estoniýa ýaly respublikalar soýuzdan çykyp ýörler. Ýaponlar öňünden, ruslar soňundan oýlanýan bolsalar, biz tûrkmenler haçan oýlanarkak? Radiony, telewizory diňleseň, gazetlary okasaň biz ikinji böküşlige hem «Urra» bilen yňdarylyp barýarys. Emma, ýaňy görşümiz ýaly, beýleki respublikalarda meseläniň 1991-de durşy bilen 20-nji ýyllardaky durşynyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Ol wagtlar garamaýak halk «kommunizm, kommunizm» diýilse, geljekde oňa ýetiljegine hudaýa ynanan ýaly ynanýardylar. Emma tutuş ýetmiş ýyllap garaşansoňlar, ahyram «Hydyr diýenleriniň hyrs çykandygyna» pugta göz ýetirensoňlar, olar «kör hasasyny ikilenç aldyrtmaz» diýýärler. Şonuň üçinem, biz türkmenler 98 göterim (prosent) ses berenimizde hem düwüniň çözülmezligi ahmal. Şoňa görä-de, meniň halka, il-güne şeýle sowallar bilen ýüzlenesim gelýär. «Eger birden soýuz saklanmasa näme? Şonda biz näme etmeli? Türkmen baýdagynyň astynda öz garaşsyz döwletimizi gurmagyň hajatyna çykmalymy? Eger soýuz dagaman galaýsa oňa «özbaşdak ýaşap biljek däl» diýip girmelimi ýa-da islesek garaşsyz döwleti berkarar hem edip biljekligimiz, onda-da has baý, has gurply ýaşap biljekligimiz hakynda beýannamamyzy aýtmak bilen belent mertebeli mert girmeli? «Näme bolsa şol bolsun edip, geçen ýüz ýylda, has hem soňky ýetmiş ýylda köp iýip köse gägiren baýlyklarymyza göz ýumup girmelimi ýa-da olaryň hasap hesibini dürs bişirip, öwezini talap edip alyp, onsoň girmeli? Referenduma halkymyzyň müňlerçe ýyllyk gojaman taryhyna, şol taryhdaky üstünliklerine we astyndakylaryna ser salyp barmalymy ýa-da: «Türkmen halky 17-de doguldy» diýen aýdym aýdyp barmaly? Akyldarlaryň biri «Otaga girmezden burun (öňürti) nähili çykjagyň hakda oýlan» diýipdir. Ine, şertnama esasynda Soýuza girdik diýeliň. Eýsem, ondan çykmagyň düzgünleri berk işlenip düzüldimikä? Ýewropada ýerleşse-de, 300 ýyllyk mongol-tatar «saýasynda» aziýalaşan Russiýada jemgyýet esasan kanun däl-de, şahsyýet arkaly dolandyrylýar. Eýsem ertir täze stalin, hruşýew döräge-de, döwlet agdarylyşygyny guraga-da şertnamaňy, kanunyňy karamlap ýatyraýsa näme, ýene öňki güni dikeldaýse näme? Ine şu graždanlyk sowallar referendum jygba-jyglaşdygyça Gutbannazaryň dilinde aýtsak «Gijeler ýassygma çüý bolup çümýär». Men ahyry sesimiň her näçe kiçijikligine garamazdan, «ümsüm oturmazlygy» müwessa bildim. Belki www.ertir.com/kitaphana 5 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew Magtymgulynyň aýdyşy ýaly «Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr». KOLONIALIZMYŇ TERJIMEHALYNDAN Megerem okuw kitaplarymyzyň birindäki suratda eline, aýagyna, boýnuna urlan gandaly gyryp duran daýaw afrikan negri köpümiziň ýadymyzdadyr. Biz şu çaka çenli kolonializmden azatlyga çykan hebeşilere guwdurap geldik, emma şol wagtyň özünde özümiziň bu gandala berk baglanandygymyzy welin bilmeýärdik. Häzir 20一30 ýyl bäri azat howadan dem alýan hebeşiler biziň gandaldan boşap barşymyza guwanyp seredýärler. Biz häzirem «Watan» diýdirilýän ýere «ak altyn», «gara altyn» ugratmagyň ugrunda elip kaddy dal edip ýörşümize, işden soňam garbanalgaň yzynda gowadaklap ýörşümize bir zady 一köne soýuzyň mysalynda dünýä kolonial sistemasynyň iki sany iň soňky sütüniniň biriniň gün-günden barha ýykylyp barýanyny aňşyramyzok Köp babatda formal hem bolsalar respublikalaryň özbaşdaklyk hakda kabul eden Jarnamalary ol sütüne urlan agyr zarba boldy. Köne merkezden, ýagny metropoliýadan daşlaşmak akymy gün-günden güýçlenýär. Metropoliýanyň arabasy barha jygyldaýar. «Soýuz täze tipli döwletdi ahyry, ol nähili kolonializmyň galyndysy bolýar?» diýýäňizmi? Muňa jogap bermek üçin söhbeti kolonializmyň döreýiş taryhyndan başlalyň. Mälim bolşy ýaly, gadymy Rim bilen bäsleşen Parfiýany esaslandyran, araplardan soňra bolsa Gündogarda iň uly döwlet gurup, Kaşgardan Ortaýer deňzine, Kawkaz daglaryndan Ýemene çenli ägirt uly ýurtda (Häzirki Türkmenistanyňkydan 14-15 esse uly meýdan) hökümini ýöreden türkmenlerdi. Türkmen taryhynyň altyna çaýylan ol asyrlarynda Ýewropa V asyrda ýykylan Rim imperiýasy soňra ýatyşy ýaly Orta Asyr garaňkylygynda uklap ýatyrdy. Dogry, türkmenler musulman baýdagy astynda Iýerusalimi basyp alyp, Ispaniýa çenli aralaşanlaryndan soň hristiýanlar şol beýik haçly ýörüşleriň 8 sini guradylar. Ýöne ol ýörüşler netijesiz gutaransoň, ýene ukularyna çümdüler. Olar şondan bäri hem uklaşyp gelýärler. Ýewropa bolsa birden XV asyryň aýagynda oýanyp ugrady. Siz «Beýik geografik açyşlar döwri» diýip eşidensiňiz. 1492-nji ýylda Kolumbyň Amerikany açmagy, 1498-nji ýylda Wasko de Gamonyň Afrikanyň daşyndan aýmanyp Hindistana barýan ýoly tapmagy, 1919一21-nji ýyllarda Magellanyň Ýer şarynyň togalakdygyny subut etmegi aslynda geografik däl-de, kolonial açyşlardy. Çünki kolonial basyp alyşlar şol döwürden başlanýar. 1493-nji ýylda häzirki kiçijik Portugaliýa bilen Ispaniýa Ýer şaryny alma bölen ýaly iki bölege bölüp, hersi özüni bir bölegiň eýesi atlandyrýar. Eýýäm 1505-nji ýylda bolsa özüne degişli «mülkdäki» www.ertir.com/kitaphana 6 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew ýurtlary basyp almak üçin Portugaliýadan dişine çebli ýaraglanan harby gåmileriň 20si ýörüşe çykýar. Portugaliýadan soň Ispaniýa, Niderlandiýa, XVII asyrda Angliýa, XVIII asyrda Fransiýa niredesiň Demirgazyk we Günorta Amerika, Afrika, Aziýa, Awstraliýa, Okeaniýa adalary diýip, ýörüş üstüne ýörüş gurnaýar. XVIII asyrda «dünýä äpişge açmaly» diýip, Russiýa hem basyp alyşlara giňden başlaýar. Kolonizatorlar baran ýerlerinde ilki köplenç ýerli ilat bilen söwda edýärler. Soňra söwda kontrollaryny gurýarlar. Yzyndanam, şol kontrollary goramak bahanasy bilen harby berkitmeleri salýarlar. Şondan soňra berkitmelere goşun, ýarag getirip, şol ýurdy basyp alýardylar. Türkmenistany basyp alanda Russiýa hem şu usuly ulanypdy. Ilki Kaspiniň (Hazaryň) türkmen kenarlarynda一Şagadamda, Çekişlerde berkitmeler gurupdy, soňam XX asyryň başlaryna çenli dünýä paýlaşylyp tamamlandy. Munuň özi paýlaşykda çolpylaryna süwütli koloniýa ilmedik ýurtlar zerarly ilki Birinji, soňra ikinji Jahan urşunyň tutmagyna getirdi. Koloniýal ýurtlar, protektoratlar, wassallar, diminionlar... dört asyrdan gowrak wagtyň içinde metropoliýalara 一 ýagny, basyp alan ýurtlara ägirt uly girdeýjiler berýärdi. Olar metropoliýalar üçin hem-ä çig mal ýurtlarydy hem-de şol çig mallardan öndürilen harytlary satar ýaly elin bazardy. Ýöne XX asyryň ortalarynda öz wagtynda krepostnoýçylygyň jemgyýetiň ösüşine duşak bolşy ýaly, kolonializm hem päsgel berip başlady. Koloniýal halklar bolsa öz mertebeleri, azatlyklary üçin göreşip ugradylar. Netijede, metropoliýalar koloniýalaryndan el çekip başladylar. Meselem, Angliýa 1947-nji ýylda mejbur bolup, öz koloniýalarynyň aglabasyna garaşsyzlyk berdi. Şu ýerde 1919-njy ýylyň tomsundan 1920-nji ýylyň fewralyna çenli Angliýanyň Zakaspini elinde saklandygy ýadyňa düşýär. Özüň bir halkkaň «pylan halk hojaýyn bolsady» diýmek gaty ýamanam bolsa, geliň, ýedi asyrlyk hatapgaladan soň lagar düşen türkmeniň asyryň başynda koloniýallykdan başgaça ýaşara ýagdaýynyň umuman ýokdugyna real düşünmek bilen, şeýle sowaly orta atalyň. Eger biz şonda Angliýanyň elinde galan bolsak, nähili gün başymyza gelerdi? Megerem mundan 40一45 ýyl ozal gupbaly jaýymyzyň depesinde garaşsyzlyk baýdagymyzy parladyp, bu wagta çebli BMG-niň hataryna girýän özbaşdak garaşsyz döwlet bolup oturardyk. Çünki, ýaňy hem aýdylşy ýaly, Angliýa şu asyryň ortalarynda öňki koloniýalarynyň ählisine diýen ýaly garaşsyzlyk beripdi. Özünden juda uzakda ýerleşýän Türkmenistana ol azatlygy ilkinji nobatda bererdi. Arman... Onsoňam, 300 ýyllyk mongol-tatar agalygynyň astynda bolan ruslara garanyňda ösen halk bolan iňlisleriň medeniýeti bizi has çalt siwilizleşdirerdi. Iňlis diliniň üsti bilen bütin dünýä çykyp bilerdik. Mahlasy, tebigy baýlyklaryň hasabyna bu wagta çenli baý döwletleriň birine öwrülmegimiz ahmaldy. Emma... Öňki gürrüňimize dolanalyň. Hawa XX asyryň ortasynda kolonializm öz möwrütini gutaryp, süregine ýetdirdi. www.ertir.com/kitaphana 7 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew Onuň aý-güni hökman dolaýmalydy, ol batyp hem ugrady. 50-nji, 60-njy ýyllarda ençeme ýurtlar kolonial gandallaryny ýolup taşladylar hem-de öňe rüstem gadamlar urdular. Ýöne aýaga duşak bolýan koloniýalaryndan el çeken Ýaponiýa goltugyndan göterilen ýaly öňe olardan hem çalt müňzäp başlady. Onuň gül lälesiniň nähili açylanyny okyjy gowy bilýändir. «Ýaponiýa» diýlende häzir bütin dünýä agzyny açýar. Rossiýa welin şol agyr aýy ukusynda uklap galdy. Geçen asyrda özüni agsadyp, yzagalak ýurda öwren krepostnoýçylykdan iliň soňundan zordan el çeken imperiýa bu asyram özüne nähili agyr ýük bolýandygyna, ägirt uly çykdajylara eltýändigine garamazdan, kolonializm syýasatyndan aňsat ýüz öwresi gelenok. Ýöne isleseňislemeseň, muny taryhy zerurlyk talap edýär. Sekuntda 30 km. tizlik bilen öňe barýan Ene ýerimiz talap edýär. Onuň XXI asyra kolonial masgaraçylyk bilen giresi gelenok. Çünki, ýaňy hem aýdylşy ýaly, Angliýa şu asyryň ortalarynda öňki koloniýalarynyň ählisine diýen ýaly garaşsyzlyk beripdi. Özünden juda uzakda ýerleşýän Türkmenistana ol azatlygy ilkinji nobatda bererdi. Arman... Onsoňam, 300 ýyllyk mongol-tatar agalygynyň astynda bolan ruslara garanyňda ösen halk bolan iňlisleriň medeniýeti bizi has çalt siwilizleşdirerdi. Iňlis diliniň üsti bilen bütin dünýä çykyp bilerdik. Mahlasy, tebigy baýlyklaryň hasabyna bu wagta çenli baý döwletleriň birine öwrülmegimiz ahmaldy. Emma... Öňki gürrüňimize dolanalyň. Hawa XX asyryň ortasynda kolonializm öz möwrütini gutaryp, süregine ýetdirdi. Onuň aý-güni hökman dolaýmalydy, ol batyp hem ugrady. 50-nji, 60-njy ýyllarda ençeme ýurtlar kolonial gandallaryny ýolup taşladylar hem-de öňe rüstem gadamlar urdular. Ýöne aýaga duşak bolýan koloniýalaryndan el çeken Ýaponiýa goltugyndan göterilen ýaly öňe olardan hem çalt müňzäp başlady. Onuň gül lälesiniň nähili açylanyny okyjy gowy bilýändir. «Ýaponiýa» diýlende häzir bütin dünýä agzyny açýar. Rossiýa welin şol agyr aýy ukusynda uklap galdy. Geçen asyrda özüni agsadyp, yzagalak ýurda öwren krepostnoýçylykdan iliň soňundan zordan el çeken imperiýa bu asyram özüne nähili agyr ýük bolýandygyna, ägirt uly çykdajylara eltýändigine garamazdan, kolonializm syýasatyndan aňsat ýüz öwresi gelenok. Ýöne isleseň-islemeseň, muny taryhy zerurlyk talap edýär. Sekuntda 30 km. tizlik bilen öňe barýan Ene ýerimiz talap edýär. Onuň XXI asyra kolonial masgaraçylyk bilen giresi gelenok. ARABASY JYGYLDAÝAN SOÝUZ SSSR-iň Sowet taryhçylary tarapyndan toslanan terjimehalyna seretseň, hemme zat gülala-güllük ýaly. Fewral, Oktýabr rewolýusiýalaryndan soň 1918-nji ýylyň ýanwarynda Sowet Russiýasy döredilýär. 1922-nji ýylyň 30-njy dekabrynda bolsa şol wagta çenli özbaşdak döwletler hasap edilýän Sowet Ukrainasy, Sowet Belorussiýasy, www.ertir.com/kitaphana 8 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew özüne Gruziýany, Ermenistany, Azerbeýjany birleşdirýän Zakawkaziýa federasiýasy bilen deň hukuklar esasynda birleşip, Sowet Sosialistik respublikalary Soýuzyny (SSSR) emele getirýärler. 1918-nji ýylyň 30-njy aprelinde döredilen, özüne Özbegistany, Türkmenistany, Täjigistany, Gyrgyzystany, Garagalpagystany jemleýän Türküstan awtonom respublikasy Russiýanyň sostawyna sokulýar. Milli bölünşik esasynda 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türküstan awtonom respublikasy bölünip, ondan Türkmenistan SSR-i, Özbegistan SSR-i, şeýle hem Täjigistan, Gyrgyzystan awtonom oblasty, Garagalpagystan awtonom respublikasy döredilýär. Şeýlelikde, täze döredilen iki respublika hem Soýuza girizilýär. 1929-njy ýylyň oktýabrynda Täjigistan SSR-i döredilip, ol şol ýylyň 5-nji dekabrynda SSSR-iň sostawyna salynýar. Gyrgyzystan awtonom respublikasy 1936-njy ýylyň 5-nji dekabrynda özbaşdak respublika hökmünde Soýuza girizilýär. Şol gün RSFSR-iň sostawyndaky Gazagystan awtonom respublikasyna soýuz reapublikasy statusy berilýär. 1940-njy ýylda bolsa soýuz respublikalary hökmünde Latwiýa, Litwa, Estoniýa, Moldawiýa, SSSR-e girizilýär. Şeýlelikde, 15 respublika jemlenýär. Eýsem bu ýerde koloniallyk nirede? 1917-nji ýylyň fewral rewolýusiýasy ozalky koloniýal halklara garaşsyzlyk beripdi. Bolşewikler hem häkimiýeti almankalar, hatda alan gabatlaram halklara azatlyk bermegiň tarapdarlarydy. Sowetleriň Bütinrussiýa II gurultaýynda «Parahatçylyk hakynda Dekretiň» kabul edilmegi hem muňa güwä geçýärdi. Emma kän wagt geçmänkä olar Polşa, Finlandiýa, Latwiýa, Litwa, Estoniýa garaşayzlyk berdiler-de, galanyny Soýuza birleşdirdiler. Birleşmejegi güýç bilen basyp aldylar. Meselem fewral rewolýusiýasynyň beren garaşsyzlygy esasynda Orta Aziýada 1917-nji ýylyň dekabrynda soňundan Türküstan Türküstan halyfatlygyna öwrülmeli Kokant döwleti döredilipdi. Beÿleki Orta Aziýa şäherlerinde bolşy ýaly, şol döwleti goldap Aşgabatda, Tejende demonstrasiýalar geçipdi. Ýadyňyzda bolsa, «Aýgytly ädimde» bular barada az-kem aýdylyp geçilýändir. 1917-nji ýylyň ahyrynda bolşewikler bary-ýogy bir ýarym aý ozal öz kabul eden «Parahatçylyk hakyndaky dekretlerini» gödek bozup, bu döwleti basyp alýarlar we Russiýanyň sostawyna salnan Tûrkûstan ASSR-ni döredýärler. Gruziýa bolsa ýolbaşçylarynyň biri Mdiwaniniň mysalynda ýaňagyna şarpyk çalynmak esasynda SSSR-e girizilýär. Eýsem ady diňe SSSR-e üýtgedilen öňki Rus imperiýasyny saklamak nämä gerek bolupdy? Sebäbi daş-töweregiň «Häkimýet bikanun eýelendi» diýip, SSSR-i ykrar etmeýän ýurtlar hem-de olaryň ykdysady gabawy bilen gurşalgy durka öňki koloniýalaryň, meselem, Türkmenistanyň, Özbegistanyň pagtasy ýüňi, nebiti... şeýle hem Russiýada ol çig mallardan öndürýän önümleri satar ýaly bazary bolmazdan «sosializm aýratyn alnan bir ýurtda gurmak» däl, hat-da ýönekeý ýaşap bilmek hem hyllalla boljakdy. Onsoňam imperiýa pikiri bilen ýaşaýan metropoliýa halky, şeýle hem bolşewikleriń özleriniň hem aglabasy Russiýa imperiýasynyň dargadylmagyny www.ertir.com/kitaphana 9 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew oňlamaýardy. Meselem, Stalin imperiýanyň sostawyndaky esasy halklara göz üçin «awtonomiýa» diýlen haýsydyr bir derejäni berip, Russiýa dykmak isleýär. Lenin bu babatda Kamenowa 1922-nji ýylyň Sentýabrynda iberen hatynda şeýle ýazýar: «Bir eglişik etmäge Stalin razylaşdy. §21-däki «RSFSR-e girmeli» diýen jûmläniň ýerine «Ýewropanyň we Aziýanyň sowet respublikalary soýuzyna RSFSR bilen birlikde formal birleşmeli» diýip ýazmaly... Esasy zat «garaşsyzçylaryň» bahana aramagyna zat goýmazlykdyr». Şol ýyllar Lenin halklara häzir respublika, awtonomiýa hukuklary berip bölmegimiz soňra olary birleşdirmek üçin edilýän işdir diýen manyda «разъединение рады объединения» diýip köp aýdar eken. Hawa, köne soýuz öňki rus imperiýasynyň dowamydy. Stalin ony hasam açgöz imperiýa öwürdi, öňki gandalyň ýerine has elhenjini dakdy. Birinji jahan urşunda ýeňlip barja koloniýalaryndan el üzmeli bolan Germaniýa faşistik partiýanyň eline geçensoň, ýene koloniýal basyp alyşlara başlady. 1939-njy ýylda Stalin bilen Gitler ogrynça pakt baglaşandan soň şol ýylyň 1-njy sentýabrynda Germaniýa Polşanyň, SSSR bolsa şondan 19 gün geçensoň Finlandiýanyň üstüne çozýar. Üç aýa çeken ençeme gandöküşikli söweşlerden soň Finlandiýa boýun egdirilýär. Bu okkupasiýa üçin SSSR 1939-njy ýylyň dekabrynda Milletler Ligasyndan kowulýar. Ýöne bu temmi Staliniň koloniýal mädesini ýakyp bilmeýär. 1940-njy ýylda Latwiýa, Litwa, Estoniýa okkupirlenýär. Ikinji jahan urşundan soň bolsa Ýewropa ýurtlarynyň ençemesine wassal tagmasy basyldy. Ine, şu soýuzyň hem arabasy jygyldap ýör. Çünki imperiýa bolup ýaşamak oňa gaty gymmat düşdi, ägirt uly tebigy baýlyklaryny tozdurdy. Indi şu harabaçylygyň üstünden täzelen soýuz gurmak mümkinmi? Ine, şonuň üçin hem Solženisin «Bizde imperiýa ýeterlik güýç ýok» diýip jar çekýär hem-de Russiýany on iki respublikadan gaýtam artykmaç ýükden dynjakdygyny nygtaýar. Dogrudanam, şuňa ýüz uraýan halatynda Russiýanyň uly ýitirýän zady ýok. Häzir SSSR-iň territoriýasy 22,4 mln. kw. km. barabar. RSFSR-iň bir özi şonuň 17, 07 mln kw. km. ýerini, Ukraýina, Belorussiýa bilen birlikde bolsa 18 mln kw. km. golaý ýeri eýeleýär. Şeýlelikde, on iki respublikadan el çekäýen halatynda olaryň bar ýitirjekleri 4,5 mln kw. km-den gaty köp däl. Hawa, jemläp aýdanyňda, SSSR-de häzir iki rewolýusiýa gidýär. Birinjisi, 1917nji ýyldan soňky gurlan totalitar düzgüne garşy. Ony soýuzyň, Pýotr I döwürlerinden bäri gurlup gelnen imperiýa garşy. Bu rewolýusiýa ähli basylyp alnan halklar, şol sanda türkmen halky hem gatnaşýar. www.ertir.com/kitaphana 10 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew GULATY SAÝASY Amerikan filosofy J. Santaýana «Geçmişini unudýanyň täleýine şol geçmişi ýamaşgan başdan geçirmek ýazylandyr» diýýär. Eýsem soňky 70 ýyllyk geçmişde Türkmenistanyň boýnuna koloniýal gandal urlandygyny şübhesiz äşgar bolsa, şol gandala indi baglanmazlygymyz üçin näme etmeli? Santaýana gulak assak ozaly bilen geçmişi unutmazlyk gerek. Başgaça aýdanyňda, kyrk ýyllap däl, ýetmiş ýyllap maýa gezen döwrümizde ezilişimiz, çeken horluklarymyz hakynda içimizi dökmegimiz gerek. Iç dökmegi bissimylla «Koloniýalizm nämedir» diýen sowaldan başlalyň. Kitaplaryň tekrarlaşyşyna görä, ol «harby, syýasy, ykdysady güýje daýanmak bilen koloniýal haljy ezmek syýasaty» bolmaly. Ýönekeý dilde aýdanymyzda, muňa «dürre gamçy», «Süýjülije köke» we «kaşaňlyk» syýasatlary bilen halky dolandyrmak režimi diýilýär. Türkmen halkynyň soňky 110 ýyllyk bakna günemasy kolonializmyň şu Bermud üçburçlygynyň içinde geçdi. Ynha, bu bermudyň «dürre gamçy» burçuny alyp göreliň. Boýnuna koloniýal boýuntyrygy dakmajak bolany üçin patyşa Russiýasynyň kolonizatorlary Gökdepe galasyny goraýjylary aýal-ebtat, çaga-çuga diýmän okadan, gylyçdan geçiripdi. Koloniýalizme garşy baş göteren 1916-njy ýylky Tejen gozgalaňyna gatnaşanlardan rehimsiz öç alnypdy. Şol ýyl pälä adam ibermejek bolandyklary üçin kolonizatorlaryň jeza beriji otrýady etrek ýomutlaryny elhenç gyrypdy, mal-gara, öý-söý, şaý-sep diýmän bar zatlaryny talapdy. 1921一33-nji ýyllarda täzeki has zabun koloniýal režime çydaman guma siňen, serhetden aşjak bolan obalaryň ençemesi ýene gülläň astyna düşüpdiler. 1937一38-nji ýyllarda öňi bilen gulçulyk durmuşyna sähelçe nägileligi duýulan tûrkmenleriň kastyna çykylypdy. Türkmen milli ruhuny sähelçe gorajak, dikeltjek bolan Mäti Kösäýew, B. Garryýew ýaly nazarkerde adamlary gözenege salmak-da, Gaýyp Nepesow, Kakajan Muhammetberdiýew ýaly taryhçylary yzarlamakda, Şaja Batyr ýalylary oňat işläp ýörkä-de, okuwa ibermek-de, başga birlerini dälihanalara ýollamaklary-da koloniýal halkyň ýüregine gorky salmak, ony gorky guluna öwürmek üçin ulanylýan dürre gamçy syýasatydy. Kelam agyz söz «süýjülije köke» hakynda, Türkmen ýolbaşçylaryndan gaz, nebit, pagta, bagana, ýüň... talap edilýärdi. Şol talap ödelse, olara wezipejikler, çinjagazlar berilýärdi. Onsoň köwekler ýolbaşçydan dikmä öwrülýärdiler. Döredijilik bilen meşgullanýanlar her hili atjagazlara, derjelere aldanylýardy. Garamaýak halk hormat hatjagazlara, orden-medaljyga, baýrajyklara imrikdirilýärdi. Hat-da respublikanyň özi hem ordenden boş galdyrylmandy一geçen 70 ýylda oň ordenleriň 4-si gowşuryldy. Gepiň keltesi, özüni horlaýan, ezýän koloniýal durmuş bolsa-da, terje käşire aldanyp gapana düşýän towşan ýaly halk «süýji kökejiklere» aldanmak bilen özüni bu gan www.ertir.com/kitaphana 11 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew sorýan durmuşyň toruna şol atyp durýardy, atyp durýardy. Dürre gamçydan, süýji kökeden soň bolsa kaşaňlyk syýasatyna bat berilýärdi. Orta Asyrlarda krepostnoýlaryň howuny basmak ûçin feodallaryň galalar, köşkler gurduryp, şolarda ýaşaýyşlary ýaly, bizde hem hökümdarlar üçin haýbatly jaýlar, haýbatly daçalar gurulýardy. Paradlar, demonstrasiýalar harby tehnikany mazamlap haýbatly geçirilýärdi, ýygnaklar, gurultaýlar dabaraly tutulýardy. Gowy düşünmeýän zady adamda tabynlygy döredýär. Şonuň üçin iş dolandyrylyşy, ýygnaklar ýat dil bolan rus dilinde geçirilýärdi. Hawa, şu klassyky kolonializmyň däpleri türkmenler babatda hem ulanylypdy. Ykdysadyýet garaşly bolansoň öndür diýlen çig maly derhal öndürip, iň arzan bahadanam metropoliýa tabşyrylmalydyk. Şol çig maldan metropoliýada öndürilen önümi bolsa hili pesmi, pes däl, tapawudy ýok, jyňkyňy çykarman getirip öz ilatymyza ýokary bahadan satmalydyk. Serhedi goramak bahanasy bilen daşymyza tikenekli sim aýlanaly sebäpli bolsa daşary ýurtlara ne önüm çykaryp bilýärdik, ne-de alyp bilýärdik. Bularyň üstesine-de stalinizmiň koloniýal kanunlary boýunça ýerasty baýlyklary (gaz, nebit, kükürt, selestin) metropoliýa tükeniksiz mugtyna bermelidik. Indi koloniýalizmyň şu Bermud üçburçlygynda ýaşan soňky 70 ýylymyza ser salmaga wagt boldy. Türkmen Sowet ensiklopediýasynda bu döwür barada şeýle lap urulýar. «Türkmenistan öňde barýan senagatly köp pudakly, mehanizmleşdirilen oba hojalykly, gülläp ösýän medeniýetli sosialistik respublika öwrüldi». Göreliň bakaly, bu dogrudanam, şeýlemikä ýa-da «gula pürçüklije kemput bedre, gandalyny öw» diýlişi ýaly, pürjüklije sözler aýdylyp baknalygymyz teswirlenýärmikä? Respublika bu ýyllarda «ösdi» diýlip berlen dört orden süýjûlije kökemikä ýa-da hakyky öz bahasy? Türkmenistanyň köne soýuzda näçe «ösendigini» bilmek üçin ozaly bilen respublikanyň we onuň ilatynyň ähli emlägini pula geçirenimizde näçe boljakdygyny (senagatdaky, oba hojalygyndaky, söwdadaky, transportdaky, gurluşykdaky, saglygy saklaýyşdaky, medeniýetdäki we ş.m. ähli emläk) pula geçireniňde näçe durýanlygyny biz «Народное хозяйство ТССР в млрд. manada deň. Indi bize ilatyň elindäki emlägiň, baýlygyň pul hasaby gerek. Bu maglumaty statistik kitaplarda bolmansoň 3,6 million adam ýaşaýar. Eger her maşgalada ortaça bäş adam bar diýsek, onda jemi maşgala 3,6 mln;5) 720 müňe barabar bolar. Her maşgalanyň hem ähli baýlygy, emlägi (jaýy, öý goşlary ulagy we ş.m.) ortaça 25 müň manada barabar diýip alalyň. Indi ilatyň elindäki jemi baýlygy hasaplamak kyn däldir. 720 müň maşgalany 25 müňe köpeltsek ol baýlygyň bahasy takmynan 18 mlrd. manat bolar. Hawa, Türkmenistanda adam eli bilen döredilen ähli baýlyk ahyrky netijede 42 mlrd. manada (24 mlrd. + 18 mlrd. m) deňdir. Ine biziň ýer döräp, aýratynam soňky 110 ýylda, hasam 70 ýylda görlüp eşidilmedik derejede ösüp, 4 ordene mynasyp bolup, eýe bolan ahyrky baýlygymyz. Şu ýerde bir zady belläp geçmeli. Biziň halk hojalygymyz diýýänimiziň bir www.ertir.com/kitaphana 12 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew bölegi ( mysal ûçin, demir ýol) soýuz eýeçiligine degişli. Olaryň bahasyny çen bilen aýyrsak ýaňky 42 mlrd. manada barabar bolar. Hawa, 1924-nji ýylda Soýuza girenimizden bäri ähli toplan baýlygymyz, hanymanymyz takmynan 40 milliard manada barabardyr, hem-de respublikanyň baýdagyna dakylýan dört sany ordenden ybaratdyr. Bu azmy, ýa-da köp? Muňa göz ýetirmek üçin 40 milliardy Türkmenistandan 70 ýyllap daşalan käbir baýlyklaryň dünýä bahasy bilen deňeşdireliň. Hasabymyzy esasy baýlygymyz bolan gazdan ýöredip başlalyň. Gaz bizde uly möçberde 1966-njy ýyldan bäri çykarylyp gelinýär. Geçen 25 ýylyň içinde türkmen topragyndan 1, 15 trillioýon m(kup) gaz içinden adam ýöräp gidip bilýän gigant turbalara salnyp «Watana»一metropoliýa iberildi. Häzir 1000 metr(kup) gazyň dünýä bahasy, 100 dollar töweregi. Ýöne 60-njy 70-nji ýyllarda, 80-nji ýyllaryň ortalaryna çebli gazyň müň kubynyň bahasynyň 200 dollara ýeten wagtlary az bolmandyr. SSSR hem eksporta iberen gazlaryny şol uly bahalardan satypdyr. Geçen döwür hakda gürrüň edýändigimiz üçin gazyň 1000 kub metriniň bahasyny ortaça 150 dollardan alaýalyň. Şeÿlelikde, çärýek asyryň içinde Türkmenistandan 172 millard dollarlyk gaz äkidilip, gör kimlere şam boldy. NEBIT HAKYNDA Nebiti Türkmenistandan 1870-nji ýyldan bäri一ýagny 118 ýyl bäri daşap ýörler. Ýöne şu asyryň 20-nji ýyllaryna çenli jemi äkidileni 2一3 million tonnadan köp däl. Şonuň üçin onuň hasabynam alyp oturmalyň. Türkmenistanda esasy nebit talaňçylygy 1933-nji ýylda Nebitdagyň golaýyndaky bir skwažinadan 440 metr çuňlukdan güýçli nebit fontany urup çykmagyndan başlanýar. Umuman, şondan bäri ýerastyndan 375 million tonna çemesi «gara altyn» çykarylýar. Şunça nebitiň 75 million tonnasy özümize sarp edildi diýenimizde-de daşyna äkidilen 300 million tonna bolar. Nebitiň häzirki dünýä bahasy ortaça 150 dollar. Ýöne geçen onýyllyklarda onuň tonnasynyň 200 dollardan hem geçen ýerlerini nazara alyp, ony hem ortaça 150 dollardan hasaplalyň. Diýmek, geçen döwürde 45 milliard dollarlyk nebiti gurt etdiler. PAGTA Patyşa Russiýasy döwründe türkmen pagtasynyň jemi 456 müň tonnasy metropoliýa äkidilýär. Şondan soňraky geçen 70 ýyl çemesi döwrüň içinde bolsa türkmenlere 36 million tonna golaý pagta ýygdyrlyp, şondan çykan 12 million tonna www.ertir.com/kitaphana 13 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew golaý süýüm metropoliýadaky dokma senagatlaryna iberdilýär. Pagta süýüminiň bor tonnasynyň dünýä bahasy ortaça 2 müň dollar. Şeýlelikde, 70 ýylyň dowamynda respublikadan 24 milliard dollar çemesi daşalyp ýetişilýär. Jemläp alsak, geçen döwrüň içinde merkeze iberilen gazyň, nebitiň, pagtanyň bahasy takmynan 250 milliard dollara barabardyr. M. Gorbaçýowyň edişi ýaly, bir dollary on manada deňdir diýip hasaplasak, munuň özi, sowet pulundan 2,5 trillion manat bolar!!! Hawa, unitar Soýuzda biz türkmenleriň 70 ýylda bar toplap bilen ahyrky baýlygymyz 一 alan alty şaýymyz bary-ýogy 40 millard manada hem-de 4 sany ordenjige deňdir. Kükürdimiz, sulfatymyz, ýüňümiz, baganamyz ýaly onlarça çig mallarymyzy hasap etmänimizde-de, basmaçylyk bahanasy bilen 20一30-njy ýyllarda obalardan talanan altyn-kümûşler hakda, uruş ýyllary berlen altyn-kümüşler一sungat eserleri barada... agzamanymyzda-da 70 ýylda äkidilen diňe gazyň (172 mlrd dollar), nebitiň (45 mlrd. dollar) we pagtanyň süýüminiň (24 mlrd dollar) özi jemi 250 mlrd. dollarlyga ýa-da sowet pulundan 2,5 trillion manatlyga barabardyr. 500 ýyllap dowam edip gelýän koloniýal sistemanyň penjesine amerikan indeýlerinden, afrikan hebeşilerinden, awstraliýanyň aborigenlerinden başlap Aziýanyň butparazlaryna, musulmanlaryna çenli halk ezilip, talanyp gelindi. Ýöne, şonda-da, şu ýarym müň ýyllyk tarayhyň koloniýal halklarynyň içinde türkmen halky ýaly şeýle elhenç juldan çykarylany ýa bardyr, ýa ýokdyr. Gep diňe zatda bolsa, türkmençilik edäge-de owarram diýseň. Ýöne koloniýal ýyllarda biajal ölen, şirin janlary üzülen türkmenleri nätjek? Birmahallar türkmen topragyna negada bir del aralaşsa-da, halyňdan habar alýan ekenler. XX asyrda bolsa bolşewikdirin diýdi, menşewikdirin diýdi, patyşa agdarylansoň, koloniýanyň täze hojaýyny bolmak ugrunda tark-turk edişip, gyr-bas bolup ýören interwentlere «ýaşajak bolsaňyz, agzybir, parahat geziň, beýle uruşasyňyz gelýän bolsa-da, gidiňde öz ýurduňyzda urşuň» diýmäge gaýraty çatmady. Gaýtam, birtopar namartaýlar olaryň yzlaryna nöker düzülip, biri-birini gyryp başladylar. Türkmeniň başyna urşuň tozgunçylygyny, açlyk horlugyny, nalasyny getirdiler. Okuw kitaplarymyzda «Rewolýusiýa gelip, bagt berdi» diýip näçe hetjiklense-de, türkmen maşgalasy hatda şol koloniýal 13-nji ýykdaky ýaşaýşynyň derjesine 50-nji ýyllaryň ahyrynda-da ýetip bilmändi. Rimliler taýpa-tirä bölünýän halkyň taýpalarynyň agzyny alardyp, şol halky öz eli bilen basyp almagyň mümkinligini ýüze çykaran bolsalar marksizm munuň üstesine halky agzala synplara bölmek arkaly hem boýun egdirip bolýandygynyň üstüni açdy. Ine, onsoň, ozalam tire-taýpa dawalaryndan ýaňa keselbent ýaşaýan halkyň başyna «baý» diýdi, «garyp» diýdi, «ýekebara», «orta» diýdi, «kulak» diýdi, gepiň keltesi, täze synpy agzalalygyň elhenç mergisini hem inderdiler. Gör, näçe www.ertir.com/kitaphana 14 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew türkmen 17-den başlanşyna baryp 30-njy ýyllarda-da sowulmadyk şol keseliň, şol merginiň gurbany bolmaly boldy. Sahawatly, halal baýlarymyzyň, agzy kelamyllaly işan-mollalarymyzyň başyna itiň güni salyndy. Ynha, «TKP sosializm gurmak we kem-kemden kommunizme geçmek ugrundaky göreşde» diýen kitapda (Aşgabat,一 1979 ý.) şeýle maglumatlar mazamlanyp berilýär. «Respublikada baýlary ýok etmek işi 1930-njy ýyldan başlanyp, esasan 1932-nji ýyla çenli çekdi. Baý we pomeşikçilik hojalyklaryň üç müňüsinden-de köpüsi ýok edildi. Türkmeni garçgaý atdan düşürdiler, elinden düýrme gylyjyny, maly-garasyny aldylar, özünem aýal-ebtaty, çaga-çugasy bilen kolhoz krespostnoýçylygyna goýun süren ýaly sûrdiler. Krepostnoýçylyga boýun synmadyk nijeme obalar, taýpalar, tireler bolsa hatar-hatar öýlerini çözûp, serhetdäki ok-gûlläniň astynda dagdan ilerik bosgunbosgun aşmaga mejbur boldular. Öz topragynda ýat illerde mysapyrçylyk çekmeli boldy we çekýärler. Tutulmadan, atylmadan, sürgün edilmeden ýaňa türkmen ili çolaryp galdy, döwran baýguşa döndi. Bolşewizmiň zulumy halkyň etinden ötüp, süňküne ýetdi. Degnasyna deglen halk Bahry-Hazardan Amyderýa çenli aralykda, dergazap bolup baş galdyrdy, ata çykdy. Emma 1921-nji ýyldan tä 1933-nji ýyla çenli dowam eden bu göreşe «halk gozgalaňy», «azat edijilik hereketi» däl-de, basmaçylyk diýdirtdiler. On iki ýylyň içinde gyzyl interwentler tarapyndan gazaply basylyp ýatyrylan gozgalaňda müňlerçe türkmen ýok edildi. 1926-njy ýylyň ýazyndan güýzüne çenli Türkmenistanda bolan diňe Budýonnynyň buýrugy bilen türkmen sährasyndaky ençeme obalaryň obalaryň üstünden pulemýotly aýraplan aýlandyryldy. Erkekler baýaky, hatda yzanda-çuwan aýallara, çagalara, garrylara çenli uçdantutma okdan geçirlen halatlar az bolmady. Biziň şahyrlarymyz «Hatyn, Hatyn» diýişip zary-girýan göz ýaş dökýärler. Gowy zat, özgäniň hasratyna aglap bilinmeklik ýalkanmaly ýagdaý. Ýöne, näme üçin, öz hasratlarymyza gezek gelende olaryň gözleri çygjaranogamka? Näme üçin Garagumdaky däl, eýsem ençeme «Hatynlar» hakda ýazmaga galamlary ýöremeýärkä? Beloruslar Hatynyň ýerine gtanit, mermer düşäpdirler, belent ýadygärlik oturdypdyrlar. Eýsem biz, türkmenler, öz «Hatynlarymyza» nähili ýadygärlik dikdikkäk? Erkek göbekliniňki baýaky, hat-da aýal gyzlaryň, çagalaryň süňklerine çenli şol pulemýot, top, bäş atar oklaryna tutulan ýerlerinde görene göz ýadygärlik bolup çaşyp ýatyrlar. Tutha-tutluk döwri gijelerine Gyzylarbatda ahy-nala, eňşeşik sesi eşidiler eken. Näme diýeniňde, şeýle gijeler tutulan tutulan türkmenler aýal-erkek diýmän maşyna mündürilip, Gyzylarbadyň ilersindäki Galçybaba diýen gurruk guýuly, kärizgen ýere äkidiler eken. Şol köne kärizleriň agyzlaryna düzülip hem biçäreler atylyp durlupdyr. Şeýle lagtalap gan akan «Galçybabalar» bolsa biziň her raýonymyzda-da bar. Gurruk www.ertir.com/kitaphana 15 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew guýulara taşlanman Sibire ýogaldylanlarymyz näçe? On üçünji asyrda mongollaryň iň oňat senetçileri, hünärmentçileri öz ýurtlaryna sürüp işledişleri ýaly, tutha-tutlykda gije-gündiziň dowamynda 14一15 sagatlap mugtyna altyn çykarmak üçin Orsýetiň sowuk raýonlaryna iberilenlerimiz näçe? Iki ýyl mundan ozal men TSSR prokuraturasynda repressiýa düşen türkmenistanlylaryň işi bilen tanyşyp ugradym. Şol döwürler wagtlaýyn öwrenmek üçin «daýylar» olaryň Daşkentde ýatan 13 müň delolaryny haltalap-haltalap getirýärdiler. Repressiýa düşenleriň bir böleginiň atlary «Ýaşlyk» žurnalynda çap edildi. Emma men sürgüne sürlenleriň atylanlaryň aňyrsyna çykyp bilmän, işi goý bolsun etmeli boldum. Olar näçe一20 müňmi, 30 müňmi ýa kyrk?..一Taryhçy Ý. Orazgylyjow olaryň sanyny 55 müň töweregi hasaplaýar. Ol bendeleriň yzyna saç ýaýyp galan naçarlarynyň, maşgalalarynyň çeken hem çekýän ahy-nalasy näçe一biljegem bolamzok. Aslynda welin pidalaryň sanyny bilmäge mümkinçlik bar. Diňe pidalaryň däl, eýsem töhmet ýöňkäp, olary satanlaryň kimjüreligini hem anyklap boljak. Meniň tanyş bolan delolarymda satan adamlaryň şaýat hökmünde atlary, adresleri hem bardy. Onsoňam, şo tetelli adamlaryň kimdigini obalaryň ençemesinde bilýärler ahyry. Biz türkmeni tutdurmakdan, atdyrmakdan keýp alan töhmetçileri anyklamasak, olary iň bolmanda moral taýdan il öňünde ýazgarmasak hapalanan ahlagymyzy hiç haçan arassalap, saplap bilmeris. Totalitar soýuza girmek bilen biz uruş diýen nägehanyň hem elhençliklerini çekmeli bolduk. Patyşa Russiýasy näçe koloniýaçyl bolsa-da, türkmenleri urşa almaýardy diýen ýalydy, alsa, pälä alypdy, stalinizm bolsa eljiretmedi, frontuňam ok ýagyş ýagýan birinji liniýalaryna sürdi. Uruşda Türkmenistandan wepat bolanlar 55 müň diýýärler. Ýöne häzirki hasaplarda SSSR boýunça ýogalanlar 20 milliondan 27 milliona ýeten bolsa, bizden ölen iner ogullar 55 müňden gaty köp bolmaly. Ýa. Orazgylyjowyň pikiriçe olaryň sany 100 müňden az bolmaly däl. Onsoňam, tylda açlykdan, agyr zähmetden ölenlerimizi nätjek. Soň hem... Owganystan. Esasan, Orta Aziýanyň halklarynyň oglanlary sürlen Owganystan. Gyzylarbadyň öwülýäsine tabyt göterşip, göçegçi bolup baran wagtlarym gapdaly demir gapyrjakly ençeme guburlary görýärdim. Neresseleri jaýlap, jesedleri salnyp getirlen demir gapyrjaklary hem mazarlarynyň gapdalynda goýaýýan ekenler. Hawa, totalitar soýuzyň hataryna biz 70 ýylda diňe bir trillion manat baýlygy armanly ýitirmändik, halkymyzy diňe bir açlyga, horluga, iň oňady diýlende ol aýlykdan bu aýlyga çenli itek-çomak güne daňmandyk, eýsem Gorkut atamyzyň neslinden takmynan 200 müň töweregi iner ogullaryň, baýdak ýaly aýalgyzlarymyzyň, garagözlüje çagalarymyzyň biajal gyrylmagyna sezewar bolupdyk. www.ertir.com/kitaphana 16 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew Megerem, şunça gara gözli türkmen näçe gowgaly diýilse-de dursun, eýsem asyrlarynyň hem hiç birinde gyrylan däldir. Megerem, türkmen eneleri hiç haçanam geçen 70 ýyldaky ýaly dula şeýle köp bakdyrdylan däldir. Men entek içine eşek daňlan metjitler, üstünden buldozer sürlen keramatly ýerler, oda atylan ýaşmaklar, yzarlanan sünnetler, «medeniýet suwy» diýlip arzylanan arakçakyrlar, ata-babalaryň mazary ýatanam bolsa daşlanylan taryh, ýakylan ýa gömlûp çüýredilen kitaplar hakda一gepiň gysgasy, azgynlanan ahlak, basgylanan şahsyýet azatlygy, ýumrulan ruhy dünýäler hakda gürrüňem açamok. «Geçen 70 ýylda diňe ýitiren däl, eýsem alan, gazanan öwrenen zatlarymyz hem kän ahyry. Ynha, pylança maşgala, pylança welosiped, pylança radiýo, pylança tikin maşyn... düşýär» diýjek ýülmeýjileri bilýän. Razylaşýan. Elbetde, diňe gaz, nebit, pagtadan 2,5 trilliony berip ahyrky netijede içine şol welosipedjikler, radiojyklar girýän 40 milliardy aldyk. Ýöne welin, merhemetli ýoldaşlar, 2,5 trillion nire, ahyrky toplanan 40 millard nire? Arada dag bilen deňiz ýaly tapawut barka «aldyk» sözüni agza çolap adalatçyl bolunjak bolunmagy heý bir ýapa degýärmi? Onsoňam, hat-da şu 40 milliardyňam kölegeli taraplary köpdi. «Senagatymyz döredi» diýjekmisiňiz? Ol atam döwründäki nah-mata kombinatjygy, sement zawody göze «çet-gyralara hem üns berilýär» diýen syýasat çöpüni atmak üçin guralana desgajyklar ahyry. Biz garaşsyzlyk alsak, 70 ýylda guruldy diýlip hetjiklenip gelinýän bolar-bolgusyz senagatdan on esse kämilini, häzirki zaman tehnologiýaly senagaty birje ýylky gazymyzyň hasabyna 4一5 ýylyň içinde-de gurup bilerdik. «Garagum kanaly näme? diýýäňizmi? Birje fakt bilen jogap berýän. 1954-nji ýylda SSSR ministrler Soweti 1954一58-nji ýyllarda Türkmenistan SSR-nde pagtaçylygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda» ýörüte karar kabul edýär. Şol «Pagta» kararynyň ýörüte punktynda hem Garagum kanalynyň birinji nobatdakysyny gurmak bellenilýär. Hawa, kanalyň birinji nobatdakysyny gurmak bellenilýär. Hawa, kanalyň gurulmagy gulaklarymyza guýlup gelnişi ýaly türkmen halkynyň suw baradaky asyrlar boýy arzuwyny wysal etmek bilen däl-de, eýsem metropoliýanyň türkmen pagtasy baradaky arzuwyny amala aşyrmak bilen baglanyşyklydy. Ýa-da «gülläp ösülişi» barada gürrüň çykanda hökman dile çolanylýan, otuzynjy ýyllardan geçirilip başlandy diýilýän «medeni aň bilim rewolýusiýasyny» alyp göreliň. Dogry, biz şol çäreleriň penjesinde latynyny, krillisasyny hem-de ideologiýanyň takallaryny öwrendik. Emma sözüň doly manysyndaky sowady welin çykmadyk. Sowat näme? Ideologiýa näme? Sokratyň aýtmagyna görä «Sowat一munuň özi ýaşamak sungatydyr». Ideologiýanyň bolsa, belli filosof Belliň aýdyşy ýaly, öz prinsipleriniň galplygy, galp dälligi bilen hem işi ýok. Ol diňe islendik tär bilen jemgyýetçilik aňyny özüne gerekli, bähbitli ugra sürmegi bilýär. Türkmençeläp aýtsak, ideologiýa一munuň özi kyrk emjeklik diýmekdir. Hawa, sowat adamy şahsyýet, ideologiýa bolsa maňgurt, www.ertir.com/kitaphana 17 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew janly maslyk edýär. Sowat özüň, öz halkyň, öz topragyň bähbidi üçin ýaşamak, göreşmek sungatyny öwredýär. Ideologiýa bolsa galypa girip, hojaýynlaryň görkezmeleriniň, bähbitleriniň ugrunda sessiz-üýnsüz loňkuldamagy we üýrmegi öwredýär. 70 ýylyň dowamynda «sowathonlar» bilim ojaklarynda, has takygy maňgurthanalarda sowat däl-de, ideologik takallary öwretdiler, eýýämem meger 70 prosent bilen hem biz referenduma barýarys. Marksizmde proletariýat, proletar diktaturasy kapitalizmiň gabyr gazyjysydyr diýlip aýdylýar. Geçen taryhyň tejribesi bolsa başga zady görkezýär. Proletar diktaturasy nirede ornaşdyrylsa, ol şol ýeriň gabryny gazyja öwrülýär eken. Ine, başymyzda depirjiklän şu haýhatjyklardan soňam ikilenç bökmeli diýilýär. Köneleriň «Taryh umuman gaýtalanyp durýandyr» diýen duýduruşlary barada bolsa dymylýar. Çünki birinji böküşlikde kommunizmyň ýerine koloniýalizmiň çukuryna düşen halk muny biläýse, «Ikinji böküşlikde hem ýene şol çukura 一 şol gulaty saýasyna patylap düşäýmäliň?» diýen şübhä batjak hem-de... yzyny aýdyp oturmaýyn!? IMPERIÝA WE HATAPGALA Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň öňki koloniýalaryndan diňe Finlýandiýa garaşsyzlyk hatyny alyp, häzirki döwre çenli özbaşdak ýaşap gelýär. Finler bilen deň azatlyga çykan latyşlar, litowlar, estonlar, polýaklar barada aýdanyňda bolsa, bularyň başky üçüsi 40-njy ýylda, soňkusy bolsa uruşdan soň garaşsyzlykdan mahrum bolupdy. Ine-de, taryhyň paradoksyna seret. Şol ýeke çykan Finlýandiýa häzir ilatynyň ýaşaýyš derejesi boýunça ABŞ bilen bäsleşýär. Ösen sosializmde ýaşaýan SSSR-iň saýasyndaky respublikalar bolsa it urup ýerde galan afrika ýurtlary bilen egin deňeşdirip bilseler müňde bir razy. Fin behişdiniň syry düşnükli bolsa gerek一finleriň depesinde garaşsyzlyk baýdagy parlaýar. Garamatyny başga halkyň üstüne atýan halk bolsa aňsat-aňsat örňemeýär. Uly halka arkaňy diräňde, oňa has golaýlaşyp, raýatyna gireniňde ösülýän bolsa stawropol türkmenleri öselidi. Emma... Iki asyr mundan öň 200 müň adam bolup Maňgyşlakdan giden bu türkmenler häzire çenli takmynan 10一15 müň sany bolup galdylar. Olaryň oglan uşaklary baýaky, ululary hem ene dilinde arassa gepläp bilenoklar. Ine, şonuň üçin kädaýym il içinde «Neçün Türkmenistanyň talanmagyna, halk-hukugynyň kemsidilmegine çürt-kesik «besdir» diýmek bolanok?» diýen ýaly soraglary berenlerinde men: «Sebäbi bu diýilýänleri demir gala kimin gorap oturan garaşsyz döwletimiz ýok» diýip, jogap berýärin. Hawa, bizde garaşsyz Türkmen döwleti ýok. Öň-ä Keýmir kör aýtmyşlaýyn www.ertir.com/kitaphana 18 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew «Hatapgalada, onuňam gu-uk ýanynda kaňkap ýaşadyk». 1924-nji ýyldan bäri döwlet diýip gelenimiz bolsa göze çöp atmak üçin üstünden türkmen dony, telpegi geýdirilen bolşewik režimidi. Gepiň gysgasy, eýýäm ýedi asyrdan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň depesinde gerdişi çoh gadymy pelegiň elhenç jakgyldysynyň asyrlar boýy ösmän, şol bir batgada diýen ýaly göýdügip duranlygyna göhi gelýän, keýp edýän myrryh gülki. Ol jakgyldy itiň art aýagyndan suw içýänligimiziň, döwlet gurnup bilmeýänligimiziň üstünden ýaňlanýan kemsidiji gülki. Hawa, biziň betbagtlygymyz garaşsyz döwletimiziň ýoklygynda we şonuň ýoklugyna düşünmeýänligimizde. Birmahallar bolsa bizde ýöne bir döwletem däl, eýsem berkarar imperiýalar bardy. Eýsem köne taryhyň iň uly, iň ösen döwletleriniň biri bolan Rim bilen bäsleşen, ençeme gezek rim legionlaryny çym-pytrak eden Parfiýa döwleti hakynda eşitmedik barmy? Ondan biziň günlerimize par taýpasy hemde tapylan eksponatlary Leningrada daşalýan ýalňyz Nusaý harabaçylygy galdy. Gündogary öwreniji görnükli alym B. B. Bartold «Türkmen halkynyň taryhynyň oçerkleri» diýen kitabynda şeýle ýazýar. «Seljuk imperiýasyny döretmek bilen oguz, ýagny, türkmen halky musulman dünýäsindäki orta asyr türki halklarynyň hiç haýsynyň çykyp bilmedik belentligine galdy. Hut, şuňa görä-de, bu halka diýseň uly üns berlipdir. Biz musulman edebiýatynda oguzlaryň bölünen taýpalaryna we tirelerine çenli jikme-jik sanalyp görkezmelere duş gelýäris. Özge türki halklarynyň hiç biri babatda hem şeýle kän maglumatlar ýok». Şol eýýamlarda tutuş Gündogarda ýörgünli bolan şeýle nakyl bar eken. «Jaý gurjak bolsaň, ermenini çagyr, döwlet gurjak bolsaň türkmeni». Baýram han ýaly türkmenlere Hindistan ýaly uly döwletleri edara etmek üçin baş wezirlik ynanylar eken. Dünýäniň uly döwletleriniň biri bolan Eýrany ençeme asyrlaryň dowamynda türkmenleriň akgoýunlylar, garagoýunlylar, abşarlar, gajarlar taýpalaryndan çykan hökmürowan şalar dolandyryp geldiler. Birmahallar goşa kelleli bürgüdiň we goşa kelleli aždarhanyň şekili çekilen haýbatly baýdagymyz bolan eken. Yssyk kölünden Orta ýer, Gyzyl deňizlerine çenli, Kawkaz daglaryndan hindi jeňňelliklerine çenli ýaýylan ümmûlmez ýurduň depesinden pasyrdan baýdagymyz bor eken. Hany indi ol tug? Näme üçin ol pasyrdanok? Näme üçin gözümize sürter ýaly hat-da el ýalyjak bölejiginem tapyp bolanok? Sebäbi mongol-tatarlaryň ýykan ol baýdagyny soňra orta asyr ukusyna batan turan tûrkmenlerinde ýerden galdyran tapylmady. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azadysyndan» soňra Magtymguly şol baýdagy galdyralyň, aşagyna üýşeliň diýe-diýe şygyrlarynda dili gurap gitdi. Emma kakabaş türkmen birleşip, döwlet gurup ýaşandan hatapgalada, onuňam guk ýanynda mesgen tutup ýörmegi hil bir iş hasaplady. Emma köwek türkmen biçimini Russiýa bilen Eýranyň XIX asyryň başyndan başlap biçip ýörenlerinden habarsyzdy. XIX asyrda Hywanyň, Eýranyň, 1879-njy ýylda bolsa ruslaryň goşunyny www.ertir.com/kitaphana 19 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew ýeňmekleri turan türkmenleriniň seljuklar döwründen soň uklap ýatan döwlet, hökümdarlyk, tagt baradaky duýgularyny oýarýar. 1897-njy ýylda türkmen kethudalary, aksakallary Aşgabat geňeşine ýygnanyp, öňki hatapgalanyň ýerinde Türkmen döwletini gurandyklaryny yglan edýärler. Magtymgulynyň «Bir suprada eda bolsun aşymyz» diýen dilegi gowuşýar. Döwletiň ykrar edilmegini sorap Eýrana, Owganystana, Türkiýa hat ýollanylýar. (Bu hatlar barada A. Grodekowyň «Türkmen ilindäki uruş» diýen kitabynda hem ýatlanylýar.) Ýöne VII asyryň aýagy ýer tutmadyk Hatapgalasyndan soňra täze döwlet ymykly düýbäp ýetişmänkä, 1973-nji ýylda Hywa tarapdan Türkmenistana aralaşan Aleksandr II 1881-nji ýyldan soňra Hazar ýandanam gelip Türkmenistany durşy diýen ýaly basyp alýar. Netijede, ençeme ýyllap erkin dem alyp gelýän türkmen topragy ham paýlaşylan ýaly üç döwletiň arasynda paýlaşylýar. Zakaspi, Maňgyşlak Russiýa gös-göni geçen bolsa, Daşhowuz, Çärjew etraplary Hywa, Buhara wassallarynyň üsti bilen Orsýetiň eýeçiligine geçýär. Ýurdyň günorta bölegi Owganystanyň, Türkmensähra bolsa Eýranyň paýyna düşýär. ILKINJI MILLI KOMITET XX asyryň dowamynda türkmenleriň ýene-de birleşip, döwlet gurup bilmekleri üçin beýik taryhy mümkinçlikleriniň 2-si döredi. Bularyň birinjisi 1917-nji ýylyň fewral rewolýusiýasyndan, ikinjisi bolsa 1985-nji ýylyň üýtgedilip gurmagyndan soň ýüze çykdy. «Dünýäler düýşdür keýtige» diýleni, birinji mümkinçiligi Zakaspi, Maňgyşlak türkmenleriniň aglabasy goýun yzynda uklap geçirdi. Herhal, uka basmarlaman ýörenlerimiz-de bardy. Dürli etraplardan bolan bu ýaş türkmen intelligensiýasy Aşgabada ýygnanyşyp türkmen milli komitetini döretdi, onuň gurultaýyny çagyrdy. Tuzemlileriň oýanyp, öz ene topraklarynyň ykballaryna özleri eýe bolup, häkimiýeti ele aljak, döwlet gurjak bolmaklary «Nikolaý ýykylan bolsa ýerine başga bir ors döwletini gurarys» diýip, Aşgabatda öz gurultaýlaryny arkaýyn geçirip ýören rus buržazlarynyň zährelerini ýarýar. G. Ýomudskiniň berýän maglumatlaryna («Türkmenowedeniýe», 1928, No 6) görä, olar ilki türkmenleriň gurultaýlarynyň ûstüne ýaragly çozmakçy bolýarlar. Megerem, öň Gökdepede, Hywada, 1916-njy ýylda Tejende, Etrek boýlarynda gözzleriniň ody alnan tuzemliler gorkup gaçarlar, dargarlar öýdüp pikir edendirler. Ýöne, soňra wraç Dorreniň ýolbaşçylygynda keçetelpek türkmeniň garşysyna «agzyny alartda höküm sür» diýen hiläni gurmagy makul bilýärler. Ine, onsoň, «Häkimiÿet başyna öz adamlaryny goýjak bolýarlar» diýip, tekäni ýomuda, gökleňe, ýomudy tekä, ata, salyra,,, ýamanlaýarlar. Türkmenleriň arasyna edil ýylan giren ýaly bolýar. Ýene az wagt gaýrat etseler ýedi www.ertir.com/kitaphana 20 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew asyrdan soň beýik işi一Türkmen döwletini gurup bilmekleri, öz ýurtlaryna özleri eýe bolup höküm sürmekleri, ýurt sorap oturmaklary ahmal türkmenler milli komitetden möý pytran ýaly dagaýarlar. Agzybir bolşup, ýene biraz depelrenseler han bolmaly, ministr bolmaly kişiler indi bir-biriniň aýagyndan ýazylan arzalary bilen melgun Dorreniň kabinetiniň öňûnde itinişip nobata durýarlar. Olaryň döwlet gurjak boluşlary, ine, şeýle gûlkünç tamamlanýar. JÜNEÝT HANYŇ DÖWLETI Häzirki wagtda ekologik dowzahda «gülläp ösýän» Daşhowuz etrabynyň hepbik ýaly halky bar. Emma birinji mümkinçlikde welin olaryň özbaşdaklyk, döwletlilik ugrundaky göreşi tutuş Orta Aziýany sarsdyrypdy. Eýsem gadymy Hywa döwletiniň iň soňky patyşasy, iň soňky Jüneýt han hakynda kim eşitmedi? Özbekleriň we türkmenleriň şärikli döwleti bolan Hywa hanlygynda türkmenleriň paýyna şu hili iş一 döwleti goramak işi, özbekleriň paýyna bolsa hojalygy ýöretmek işi düşýärdi. Döwleti, ýurdy goraýandyklary üçin türkmenler salgyt tölänokdylar, ýap, haşar gazlyşygynda işlänokdylar. Bu işleri hojalyk bilen meşgullanýan özbekler edýärdiler. Şeýdip, iki halk asyrlar boýy bir şärikli döwletde oňşup ýaşap gelýärdiler. Diňe dişine çenli ýaraglanyp gelen ruslar hanlygy basyp alyp, wassallaryna öwrenlerinden soň indi arkasyny ruslara direýän Hywa hany öňden gelýän däbi bozup, türkmenlere agyr salgytlar salýar, agyr işlere çekýär. Rus generallaryna daýanyp, özbekleriň atlyabraýly adamlarynyň 300-sini tussag edýär. Bularyň hemmesi 1912-nji ýyldan soň türkmenleriň 2 gezek gozgalaň turuzmaklaryna we ikisinde hem Hywa goşunyny derbi-dagyn edip, Isfendiýar hany ýesir almaklary bilen gutarýar. Diňe ýaşuly adamlaryň töwellasy bilen han öldürilmän galdyrylýar. Tizden ruslaryň jeza beriji otrýady gelip, türkmenlerden öç alýar. Jüneýt han Owganystana aşyp gidýär. Ýöne Nikolaý II ýykylan badyna ol yzyna öwrülip gelip, Isfendiýary agdarýar we häkimýeti öz eline alýar. Russiýanyň wassaly Hywa döwleti ýene erkinlige geçip, garaşsyzlyk gazanýar. Ýöne Jüneýdiň hanlyk etmeginde gadymy Harazmin döwletine garaşsyz ýaşamak bagty bary ýogy üç ýyl nesip edýär. Näme diýeniňde, 1920-nji ýylda rus bolşewikleri goşun sürüp, ýurdy basyp alýarlar. Gadymy Hywa döwleti ýaşamagyny bes edýär. Jüneýt han şondan soň Hywanyň garaşsyzlygyny dikeltjek bolup Jelaleddin mysaly ýene 8 ýyllap göreşdi. Emma işi şowlaman, ahyry 1928-nji ýylda dagdan ilerik aşýar. 1930-njy ýyllarda Owganystanda ýogalan hanyň ölemzinden burun (öň) aýdan sözleri barada şeýle gürrüň bar: «Men ölsen, jesedimi ene topraga aşyryp jaýlaň. Eger eltdirmeseler, pul beriň, adam pul görelse durup bilýän däldir. Eger bu-da bolmasa, www.ertir.com/kitaphana 21 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew jesedimi hol akyp ýatan derýa taşlaň一diýip, garry han Jeýhuna nazaryny dikýär.一 Men türkmen iline derýa bilen bararyn, bolmanda jesedimi iýen balyklar bilen bararyn». Hawa, gadymy Hywa döwletiniň iň soňky hany Jüneýt han, ine, şeýle diýip, jan berýär. TÜRKMENSÄHRA RESPUBLIKASY Magtymgulynyň azatlyga, garaşsyz döwlet gurmaga çagyrýan goşgulary 20-nji ýyllarda şahyryň guburynyň ýatan topragy bolan Türkmensährada her bir türkmeniň diliniň senasy boldy. Munuň soňy azat Türkmen döwletiniň gurylmagy bilen tamamlandy. Bu döwletiň nähili döredilişi hakynda sözi iň gowsy taryhçy N. Öwezberdiýewe bereliň. Ol «Ýaşlyk» žurnalynda (1989 ý. No 9) çykan makalasynda şeýle maglumatlar getirýär. «1924-nji ýylyň maýynda Gürgen we Etrek sebitindäki türkmenleriň arasynda milli azat edijilik tolgunmalary başlandy.一diýip, taryhçy soňra esasy gürrüňe geçýär. 一Ähli türkmen taýpalarynyň kethudalarynyň Omçalyda bolan gurultaýynda Garaşsyz Türkmen Respublikasy jar edildi. Kömek sorap Sowet Soýuzyna, Welikobritaniýa we Türkiýä ýûz tutmak hakynda kararlar kabul edildi. Ýöne SSSR-e ýüz tutulmady. Türkiýe Gürgene öz wekilini iberdi. Welikobritaniýanyň wekiline bolsa «kiçijik türkmen milletini goramak» barada ýüzlenme iberilipdi. Türkmen respublikasynyň ilkinji ýolbaşçy wezipesine Osman ahun saýlanyldy. Ol öz wagtynda Buhara medresesinde bilim alypdy we örän abraýly adamdy. Ýolbaşçynyň ýanynda wekilleriniň soweti döredilip, onuň merkezi Kümüşdepede boldy. Regulýar goşuny döretmek üçin ýörite harby mekdep guraldy. Onda okatmak üçin türk ofiserleri çagyryldy...» Garaşsyz Türkmen respublikasy 1925-nji ýylyň oktýabryna çenli, ýagny, alty aýa golaý ýaşady. Çünki köp sanly türkmen goşunlaryny ýeňýärler hem-de ýurdy ýene-de basyp alýarlar. Basylyp alnan respublikanyň ýolbaşçysy Osman ahun, şeýle hem ýolbaşçylardan Laly han, Gök sopy, Allaýar han dagy türkmenleriň bir bölegi bilen Türkmenistanyň çägine, ýagny sowetleşdirilen territoriýa geçýärler. Şol bada hem olary tutup integrirleýärler, başgaça aýdanyňda, näbelli ýagdaýda ýok edýärler. Näme üçin! Sebäbi Osman ahunyň garaşsyzlyk «keselini» sowet türkmenlerine ýokuşdyrmagy mümkindi. Latyşlaryň prezidenti Ulmansk stalinizm döwründe Krasnawodskiniň töweregine getirilip öldürilýär. Eýýäm bir-küç ýyl bäri latyşlar ara näçe daş hem bolsa, şondan suňa prezidentlerini ýatlap gelýärler. Türkmensähranyň ýolbaşçysy hem Gyzyletrek, www.ertir.com/kitaphana 22 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew Nebitdag, Krasnawodsk sebitlerinde öldürilen bolmaly. Emma biz onuň mazaryny tapmalydyrys, ony anyklamalydyrys hem öýdemzok. Garaşsyzlygyň ýaýramagyndan gorkup SSSR-iň şol wagtky daşary işler ministri G. W. Çiçerin Respublikanyň jar edilmegine «garaşsyzlyk baradaky oýun» diýip at berýärdi we uzak wagtlap Eýranyň «hökümet goşunlarynyň hereket etmeýänligine», ýagny, azatlyga çykan ýaş döwleti täzeden basyp almaga haýal-ýagallyk edilmegine gynançly äheň bildirýärdi. Hawa, ikidilli köne soýuz kiçi dilden bärde «garaşsyzlyk, azatlyk» diýýärdi, baryp afrika halklaryny goldan bolýardy, emma kiçi dilden aňyrda bolsa baryp ÿatan koloniýal syýasat ýöretýärdi. Ine, şularyň netijesinde hem garaşsyz döwlet gurmagyň birinji beýik mümkinçiligi türkmenler üçin şowsuz tamamlandy. Totalitar soýuzyň dargamagy bilen dörän ikinji taryhy mümkinçiligi hem biz häzir başdan geçirip ýörüs. Eýsem birden soýuz saklanmadyk halatynda biziň garaşsyz döwlet gurup. XXI asyryň işiginden azatlyk baýdagyny parladyp girip bilmegimiz mümkin zatmy? Eýsem biz Magtymgulynyň guburynyň başyndaky daşa «Rahat ýat, şahyr seniň arzuwyň wysal boldy. Biz garaşsyz Türkmen döwletini gurduk» diýip, ýazyp bilerismi? Dogrudanam, birbada seretseň haýwanat bagyndaky ýolbarsy gözenekden erkinlige goýberseň, onuň awuny alyp bilmän ölşi ýaly kolonializmyň gözeneginden çykarylsa türkmen halky hem özbaşdak ýaşap bilmejek ýaly. Emma, siňe seretseň, beýle däl. Gözenekden çykan haýwan hiç kimden kömek almany üçin ölýär, bize bolsa erkinlige çyksak ynsan gaýratymyzdan başga bize kömek etjek bütin progressiw adamzat bar. Zamananyň XX asyrdygyny unutmalyň. Onsoňam, müňlerçe ýyllyk kökli halk bolup gel, gel indi «gulaty saýasyz» ýaşap bilmejek bolsak, kör bolalyň. «Toprak başyňyza zaňňarlar» diýilýänleri bolalyň. Aýal-gyzlaryň öňünde başymyza telpek geýmäliň. «Özbaşdak ýaşap bilmeris» 一 şu gepi tapýan türkmen halkynyň mertebesini nähili depeleýändikleri, namysyny ýere çalýandyklary hakda pikir edýärlermikä? Erkinlikde ýaşap bilmeýän ýolbars eýýäm janly gäb iýäýmeseň hakyky saýylanok. Diýmek, «özbaşdak ýaşap bilmeris» diýmegem öz dikiň bilen biz ýetik halk däl, özümem ýetik wekil däl diýmek ahyryn. Beýle-de bir zoňtarak, pese düşmeklik bolarmy? Rim akyldarlarynyň biri «Men adam, adama mahsus bolan ähli zatlar maňa-da mahsusdyr» diýipdir. Men bu dana başymy egip, sözüni şeýleräk aýdasym gelýär. «Biz, türkmenler hem halk. Şoňa görä-de, başga halklara mahsus bolan garaşsyzlyk, döwlet, goşun, azatlyk ýaly derejeler bize-de muwpykdyr». Gep şu muwapyk derejeleriň elimizden ogurlanyp alynanlygynda. Gep şu döwletliligi yzyna gaýtaryp almaklykda. Bizde häzir döwlet gurmaga ähli şertler-halkara, ykdysady, syýasy, medeni şertler bar. Şu ýerde «Biz özbaşdaklyk hakynda Jarnama kabul etdik. Şundan soň www.ertir.com/kitaphana 23 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew garaşsyzlyk, döwletlilik meselesini gozgamagyň manysy barmyka?» diýen sowalyň atylmagy mümkin. Meniň ünsi 1924-nji ýyla çekesim gelýär. Türkmen rewolýusion komitetiniň şol ýylyň güýzünde halka ýüzlenmesinde «Biz Soýuzyň hatarynda garaşsyz döwlet gurduk» diýlip, yglan edilýär. Üns bereliň. Ýüzlenmede «özbaşdak» sözi däl-de, eýsem manysy has güýçli «garaşsyzlyk» sözi ýazylypdyr. Soýuzyň hataryndaky 70 ýylda ol garaşsyzlygyň hakykata gury sözden başga hiç zat bolmandygyny özüňiz gowy bilýärsiňiz. Şoňa görä-de, konfederasiýa däl-de, eýsem bitewi döwlet statusynda oturan soýuzyň hataryndakak, häzirki suwerenitetimiziň ykbalyny hem ýaňky «garaşsyz» sözüniň ykbaly ýaly ýataýmagy ahmal. «Hudaýa ynansaň ynan welin eşejigiňi berkje duşa» diýipdirler. Ine, onsoň, garaşsyzlyk meselesi ýene-de ör-boýuna galýar duruberýär. Eýsem, Türkmenistan näme? Muňa geografiýa babatda ozaly bilen resmi maglumatlarda görkezilýän 488,1 müň km2 meýdan diýilip düşünilýär. Aslynda welin, onuň meýdany has uly bolmaly. Ýöne häzirki 488,1 müň km2 meýdan hem az ýer däl. Munça ýer Planetamyzyň ähli gury ýeriniň (149,1 mln km2) takmynan üç ýüzden bir bölegine barabardyr. Ilatymyz hem az däl一3,6 million adam. Geçen 70 ýylda eger biz bir zatda ösen bolsak, çaga ölûminiň ýokary bolmagyna garamazdan ilat sanymyzyň artmagynda ösdük. Başda TSSR döredilende G. Atabaýew rewolýusiýadan soň azalan ilat sanymyzy zordan bir milliondan geçiripdi. Häzir bolsa, tüneksiz kösenýänimiz köp diýmeseň, tüweleme 4 milliony alkymlap barýarys. Baş sanymyzyň artmagynyň sebäbi pagta ýygmaga dogýan täzeje zähmet resurlary hökmünde ilki-ilkiler artyşymyz biçak mübäreklenýärdi, aýallarymyzyň döşlerine orden üstüne - orden dakýardylar. Ýöne 80-nji ýyllarda bu artyşdan birden howatyrlanyp ugraldy; türkmenler soňra dolandyrylmasy kyn boljak uly halka, uly gûýje öwrülip barýardylar. XI asyrda uly goşun bilen raýatyndaky türkmenleriň ýurduna «Görme-görşe» geleb Mahmyt gaznawy olaryň biçak köpeleninden howatyrlanyp, birden bir zat gopaýanda ýarag tutup bilmezleri ýaly erkek göbeklileriniň ählisiniň başam barmaklaryny kesdirmekçi bolýar. Siwilizlenen XX asyrda bolsa howatyrçylyk esasynda täze ýerleri özleşdirmek bahanasy bilen türkmenleri itiň ölen ýerine 一 Amura göçürmek kampaniýasy ýaýbaňlandy, respublikanyň 16 ýerinde maşgalany planlaşdyryş gulluklar döredildi. Göwresinden çagasy kesilip alynsa, aýal adam öwrülip doguryp bilmeýär. Ine, onsoň wraçlaryň şu operasiýany köp etmekleri üçin pul baýragyny bermek düzgüne girizildi. Barybir, indi bularyň netijeliligi az Türkmenler uly halk hökmünde eýýäm özlerine ýeterlik köpelip bildiler. Onsoňam, Türkmenistanyň özündäki 2,5 million töweregi türkmenden başga-da daşary ýurtlarda 6 一 7 milliona golaý türkmen ýaşaýar. Geljekde olaryň hem müňlerçesiniň göçüp gelip, republikanyň ilat sanyny artdyrmaklary ahmal. www.ertir.com/kitaphana 24 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew Ikinji jahan urşundan soň kolonializmiň salynyň çagşap ugrandygyny okyjy bilýändir. Hawa, şonsyzlyk toýuny toýlamaklary netijesinde jahanda döwletleriň içinde kartada, globusda meýdanlary nokat ýaljak görünýän, ilat sanlary hem 30一40 müňden geçmeýän maýdaja, özümizden egsik saýjak halklarymyzyň hem hiç zatdan gorkman, heder etmän, gaýtam baýdaklaryny buýsançly parladyp mizemän oturyşlaryna seredip özümiziň şu ymgyr giden meýdanly, ilatly halymyza «özbaşdak ýaşap bilmeris» diýip ejizlemekligimize aglajagyňy-da bileňok, güljegiňi-de. Ynha, Ýewropada ilaty 1 müň adam bolan Watikany agzamanymyzda-da, ilaty müň adam, meýdant 200 km2 bolan Lihtenşteýn, ilaty 50 müň adam, meýdany 500 km2 bolan Andorra, ilaty 360 müň adam, meýdany 2600 km2 bolan Lýuksemburg, ilaty 300 müň adam, meýdany 300 müň2 bolan Malta ýaly döwletler bar. Biz, türkmenler, dogrusy Monako ýaly 1,9 kw2 meýdanly 30 müň ilatly ýerde kolhoz guramaga ýürek etmezdik, Monako halky bolsa, tüweleme, döwlet gurnup otyr. Onsoň Ýewropadaky Türkmenistanyňkydan ilaty az, meÿdany kiçi Islandiýa (103 müň kw2, 240 müň adam), Irlandiýa (70,3 müň km2, 3,5 mil. adam), San-Marino (60 km2, 20 müň adam) ýaly döwletleriň gürrüňini edip oturmagyň hajaty hem ýok. Afrika materiginde Türkmenistanyňkydan meýdany köp, ilaty az Gambiýa (11,3 müň km2, 660 müň adam), Jibuti (22, müň km2, 460 müň adam), Gwineýa-Bisua (36,1 mûň km2 910 müň adam) ýaly ençeme döwletler bar. Daşa gidip oturman, öz ýaşaýan materigimiz Aziýany alyp göreliň. Onda ilat taýdanam, meýdan taýdanam möçberleriniň kiçidigine garamazdan ýaşap oturan Bahreýn (600 km2, 410 müň adam), Bruneý (5800 km2, 240 müň adam), Butan (47 müň km2, 1450 adam), Katar (181 müň km2, 330 müň adam), Kipr (9,3 müň km2, 670 müň adam), Liwan (14,4 müň km2, 2710 adam), Maldiwi (300 km2, 190müň adam), Birleşen Arap Emirlikleri (83,6 müň km2, 1380 müň adam), Oman (212,4 müň km2, 1240 müň adam), Singapur (600 km2, 2590 müň adam), Kuweýt (17,8 müň km2 1790 müň adam) ýaly döwletler bar. Kiçi döwlet diýip, meselem, Kuweýt ýaly ýurt basylyp alynjak bolnaýanda-da häzir oňa dünýäde ýol berlenok. Demirgazyk we Merkezi Amerikadaky kiçijik halklar Antigua Barbuda (400 km2, 80 müň adam) Bagam adalary (13,9 müň km2, 240 müň adam), Barbados (400 km2, 250 müň adam), Beliz (23 müň km2, 170 müň adam), Grenada (300 km2, 110 müň adam), Dominika (800 müň km2, 170 müň adam), Kosta-Rika (50,7 müň km2, 2670 müň adam) Nikaragua (130 müň km2 3380 müň adam), Panama (77,1 müň km2, 2230 müň adam), Sent-Wiksent (400 km2, 102 müň adam), Sent-Kite (300 km2, 50 müň adam), Sent Lýusiýa 600 km2, 130 müň adam), Ýamaýka (11,5 müň km2, 2370 müň adam) ýaly döwletleri gurup bilipdirler. Rast, materiklerdäki kiçijik döwletleri sanaýan bolsak Günorta Amerika bilen Awstraliýany hem suw damdyraýmazlar ýaly agzap geçeliň. Günorta Amerikada meýdab we ilat babatda Türkmenistan bilen deňleşip bilmejek Gaýana (215 müň km2, 970 müň www.ertir.com/kitaphana 25 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew adam), Surinam (163, 3 müň km2, 380 müň adam), Urugwaý (178 müň km2, 2980 müň adam), Awstraliýada we Okeaniýada bolsa Watuatu (14, 6 müň km2, 380 müň adam), Samoa (2,8 müň km2, 161 müň adam) Kiribati (700 km2, 60 müň adam), Nauru (20 km2, 8 müň adam), Täze Zelandiýa (269 müň km2, 3250 müň adam), Papua (462 müň km2, 3400 müň adam), Süleýman adalary (29 müň km2, 2500 müň adam), Tango (700 km2, 110 müň adam), Tuwalu (20 km2, 8 müň adam), Fiji (1,80 müň km2, 700 müň adam) ýaly döwletler bar. Gepiň gysgasy 488,1 müň km2 meýdany hem-de 3650 müň ilaty bolan Türkmenistan garaşsyz döwleti berkarar etse, dünýädäki 215 töweregi döwletiň arasynda meýdany boýunça 45-nji orny, ilaty boýunça 145-nji orny eýelärdi. Şu ýerde «esasy zat meýdanda we ilatyň sanynda däl, gep halkyň döwlet gurmaga taýyn däldiginde. Garaşsyz döwleti götermäge injigimiz çatmaz. Bizde ýerliçillik, tire-taýpaçylyk, kadr ýetmezçiligi bar ahyry» diýilmegi mümkin. Hawa, häzir biziň köpümiz döwlet gursak, taýpaçyllyk keselimiz şol bada tutaşaga-da, döwleti dargadar öýdýäris. Meniň pikirimçe, bu beýle bolmaz. Gaýtam şonda döwlet däl-de, taýpaçyllyk, ýerliçillik keselleri ýok bolar. Näme diýeniňde, beýik işler, beýik maksatlar halky dargadanok-da gaýtam birleşdirýär, halka jebisleşmäge, bir saçagyň başyna üýşmegine egsilmez erk, intellektual güýç berýär. Ýokarky keseller nämeden döräpdi? Birinjiden, baýlyk ýykylansoň, başymyz bolmady. Ikinjiden, goňşy döwletler agzymyzy alardyp höküm sürjek bolupdyrlar. Üçünjiden, feodal gahatçylygy, ykdysady üzňeligi we oňuşmazlygy döretdi. Ynha, XX asyrda-da ozal taýpa toparlaryna böldürilen halky üstesine baý diýdi, garyp diýdi, kulak diýdi, orta daýhan diýdi, garaz, synpy toparlara hem bölüp, agzyny has alartdyryp, höküm sürüp ugradylar. «Ruslar bolmasa oňuşmarys, oňmarys» diýen pikiri beýnä guýmak üçin tire-taýpa wawwasy bolşundan bäş beter ulaldyp propagandirlendi. Stalinizm ilaty ol aýlykdan bu aýlyga, döwüm çörege daňdy. Edebiýata, sungata, ylma synpylyk diýdi, partiýalaýynlyk diýdi, sosial realizm diýdi, gepiň gysgasy, gandal baryny urup, şahsyýetiň ösmegine, zehinini doly açmagyna ýol bermedi. Biz bolsak, türkmençiligimizi etdik, günäni ýerden däl-de, «ýer gaty bolsa, öküz-öküzden görerlerini» etdik. Toparlanyşdyk, harçaňlaşdyk. Indi bu dertleriň emi näme? Döwlet gursak, bu kesellerden saplanarys. Türkmen halky dünýä Oguz han, Togrul soltan, Alp-Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Jelaletdin, Nedir şa... ýaly hökümleri ýer sarsdyran nazarkerde patyşalary, şalary berdi. Nesimi, Magtymguly ýaly beýik söz ussatlaryny berdi. Olar döwrüň öňe çykarýan beýik maksatlaryna gulluk edipdiler, onsoň döwür hem öz gezeginde olara ganat beripdi. Gulluk edeliň, bizem, beýik işe, döwlet gurmak işine, gabatly bolanymyzy duýman galarys. Seljuklar döwri Omar Haýýam, Nyzamy, Nyzamyl Mülk ýaly beýik şahsyýetleri berdi. Garaşsyz döwlet gursak häzirki pagta ýygyp ýören halkdan göýä diýersiň, ýeriň astyndan çykýan ýaly, şeýle bir guýma gursak, çulum www.ertir.com/kitaphana 26 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew kadrlar çykar, nirede ýerleşdirjegiňi bilmersiň. Her niçik, 70 ýylyň sistemasyndan Türkmenistan iki elini burnuna sokup, gusgury çykmady. Biz türkmenler, hojalygy, döwlet edaralaryny, gepiň gysgasy, döwlet maşynyny gowşak hem bolsa ýöretmegi öwrendik. S. Nyýazow respublikany özboluşly dolandyrmagy başarýan prezident hökmünde tanalýar. Ümsümjeräk bolsada, «meni urany hudaý ursun» diýip duran bolsa-da, özbaşymyzy parlamentimiz bar. Bu maşyny tirkegden aýryp, özbaşdak ýol bilen sürmäge öz türkmen sürüjilerimiz ýeterlik. Onsoňam, hany aramyzdaky slawýan hem kowumdaş halklardan bolan kadrlar. Bizde milletçilik ýok, öň basyp alan ýa-da okkupirlän diýip käbir halklary ýanamak meýli ýok. Geçeni geçdi bil diýipdirler. XIX asyrda näme bolan bolsa, oňa şol döwrüň gözi bilen garalsa ýagşy. Köne döwür bütin dünýäde basyp alyşlar asyrydy. Hatda döwletimiz ýokga hem alaman diýdik, çapawul diýdik, dagdan ilerik gün görkezmändik. Sankt-Peterburgda 1914-nji ýylda çykan «Rossiýa» 19 tomluk kitapda berilýän maglumata görä, türkmenleriň diňe XIX asyryň özünde dagyň aňyrsyndan boýnuna tanap salyp getiren gul-gyrnaklarynyň sany bir milliondanam aşypdyr. Hawa, ol döwür şeýledi. Indi bolsa XX asyr, bosagada-da XXI. Biz çägindäki ähli halklaryň deň-hukuklylygyny ykrar etjek, raýatlaryna hojaýynçylyk däl-de, sakçylyk etjek garaşsyz Türkmen döwletini gursak türkmen däl halklar hem-ä hojalyk döwlet işlerine ulaşarlar hem-de slawýan türki döwletler (Russiýa, Ukraýina, Özbegistan, Gazagystan...) bilen has ysnyşykly ykdysady, söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga şert dörederler. Ýeri gelende aýtsak, ykdysady gatnaşyklary saklamaga bize görä goňşy döwletleriň özleri has döwtalap bor. Çünki olara çig mal zerur. Biz bolsak, çig malymyz barka iň bir iňirdewik aýallarymyzyň hem göwnüne ýarap, sesini kesdirip biljek harytlary, özi hem göwnüne ýarap, sesini kesdirip biljek harytlary, özi hem iň saýlamalaryny dünýäniň bazar gözläp ýören islendik döwletinden taparys. Biz tapmarys, harytly haltalaryny arklaryna alyp, olaryň özleri bizi gözläp taparlar. Formal hem bolsa, Jarnama esasynda alnan sähelçe erkinlik bilen goňşy döwletleriň gör näçesine äpişge däl, eýsem gapy, ýok, derweze açylardy. Gepiň gysgasy, biz koloniýal gandaly gyryp taşlap, bütin dünýä gatyşyp gitjek, esasan hususy eýeçilige, ýeriň daýhanlara berilmegine daýanjak we konkurensiýa arkaly ewolýusion ösjek türkmen ykdysadyýetini döredip bilerdik. Dünýä konkurensiýasyna döz gelmegiň, çig mallary amatly satmagyň, ýuwaş-ýuwaşdan olary satmakdan gaýtadan işlemegiň mehanizmlerini öwrenerdik. Ykdysadyýetiň esasy daýanjak zady çig mal bolsa, hudaýa şükür, bizde heniz az däl. Eger hudaý dil paýlaşygynda haltasyny Dagystanyň üstünde gowzadan bolsa, çig mal paýlaşygynda çuwalyny Türkmenistanyň depesinde egsen bolmaly. Klimat babatda, o diýen bagty gelen bolmasa-da, çig mal babatda alladan nadyl bolar ýaly däl. Meselem, gazdan, nebitden, pagtdan başga bizde häzir ýylda dünýäde bir tonnasynyň bahasy 120 dollar bolan kükürdiň 600 müň tonnasy, tonnasy 32 dollar bolan nahar duzunyň 650 müň tonnasy, www.ertir.com/kitaphana 27 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew sulfatyň 260 müň tonnasy (tonnasy 130 dollar), tehniki iodyň 568 tonnasy (tonnasy 17,7 müň dollar), iodoforminiň 50 tonnasy (tonnasy 59 müň dollar), iodly kaliniň 390 tonnasy (tonnasy 20 müň dollar), ýüňüň 15 müň tonnasy (tonnasy 6 müň dollar), halynyň 1100 müň kwadrat metri (1 m2一200一250 dollar) bentonidiň 100 müň tonnasy (tonnasy 33 dollar), selestiniň 20 müň tonnasy (tonnasy 56 dollar) we beýleki ençeme önümler öndürilýär. Ýene bir zat, Türkmenistanda altynyň uly zapasy bolmaly diýlip çaklanylýar we eýýäm 100 ýyl bäri aýakaldygyna gözlenilýär. Oňat ýeri, digirleri tapylsa-da hazynanyň tapdyrtman gelýäniniň sebäbi «garaşsyz döwlet guranlarynda nesip ederin» diýip, garaşyp ýatanlygyndandyr. MILLI GOŞUN DÖRETMELI Geliň, indi Tûrkmenistan garaşsyzlyk alypdyr, azatlyk baýdagyny parladyp dikipdir diýeliň. Eýsem, şonda, arkamyzda soýuzyň tanklary, ýadro ýaraglary direnip durmaýan halatynda bizi şol bada düýt-müýt edip, basyp almazlarmy? Häzirki wagtda Türkmenistanyň haýsy ýola eýerjegi, nä tipli döwlet gurjagy barada diňe Eýranyň, Türkiýanyň däl, eýsem goňşy arap döwletleriniň, gündogarda Pakistanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň hat-da ýeriň arka ýüzündäki ABŞnyň hem öz bähbitleri nukdaýnazarlaryndan gyzyklanýandygy gizlin zat däl. Ýöne XX asyrda şolaryň «basyp alarys» diýen jeňparaz, morta hyýala atlanjakdyklaryna men-ä ynanamok. Aslynda «basyp alarlar» diýen zörletme Sistemanyň çykaran ideologik nysagy ahyry. Bolşewik metropoliýasy 70 ýyllap elimize «panislamizm, panturkizm» diýen daşlary tutduryp, tutuş goňşy günortany daşladyp, kesekledip geldi. Sebäbi ol bizi çykan, dörän ýerimiz bolan gündogar medeniýetinden çetleşdirmek, olar bilen badaşan kökleri çapyp aýrmak, soňundan bolsa türkmenleri hem umumy bolmaly sowet milletine garyp ýitirmek üçin «Barbarossa» planyny amala aşyrjak bolup gelýärdi. Goňşy döwletler basyp alyp bilýän bolsalar, bizi geçen asyrlarda alardylar, bizi bolsa soňky eýýamda Patyşa Russiýasyndan başga basyp alan bolmady. Eýsem, kim basyp alar? Eýranmy? Niýetini şoňa düwen bolsa «Apbasaly» sekiz ýyllyk uruşdan soň häzir gününe it aglaýan Yragy basyp alardy. Emma ol «Kyýamat güni goňşudan» 一 diýenlerini etdi. Indi kim bar, basyp aljak? «Panturkizm» äýnegini dakynyp seredýän Türkiýämizmi? Aslynda, häzirki türk halky diýilýän millet XII asyrda şu ýerden 一 höwürtgeden giden, Kiçi Aziýany 一 Rumustany basyp alan türkmenleriň zürýatlary ahyry. Olar şol subtropik-jennet howaly mekanlarda 1918-nji ýyla çenli VI asyrlap dünýä ýaň salyp gelen Osman imperiýasyny berkarar etdiler. «Döwlet gurjak bolsaň türkmeni çagyr» diýen sözüň dogrudygyny ýene bir gezek dünýä görkezdiler. Emma, geň ýeri, ata watanda galan türkmenler bolsa özleri üçin www.ertir.com/kitaphana 28 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew döwleti däl-de, hatapgalany gurmagy rowa gördiler hem-de ahyry başlaryna kolonializmyň külpetini inderdiler. Ýok, gardaşlar, bize ata-babalary hökmünde seredýän Türkiýeliler üstümize çozmazlar. Olar Türkmensähra döwletine edişleri ýaly, bize delalat berseler bererler, başymyza bir iş düşse, arka durmaga gelerler, saçakly gelerler, emma Patyşa Russiýasynyňky ýaly ýygyn baglap, ýow bolup gelmezler. Her hal, «Hudaýa ynansaňam ynan welin, eşejigiňi berkje duşa diýipdirler. Biziňem türkmen döwletini, halkynyň asudalygyny gorar ýaly öz milli goşunymyz, Ýaragly güýçlerimiz bolar ahyryn. Özi hem hele-hüle-de däl, onuň iň kämil goşunlardan boljakdygyna men çuňňur ynanýaryn. Näme diýeniňde, türkmen diýeniň zandy harby halk bolan. Dünýäde her halk bir ugurdan adygýar. Hindi aýdym-sazda, arap dindarlykda, nemes akylda, özbek janypkeşlikde... tanalýar. Türkmenler bolsa geçen asyrda Orta Aziýa gelen ýewropaly alym Wamberiniň ýazmagyna görä, «içiňden geçip barýar bürgüt garaýyşlary, merdemsi, döwüşgen syratlary bilen tanalýar». Alym pikirini çugdamlap, şeýle ýazýar: «Men gyrgyzlaryň, garagalpaklaryň we özbekleriň arasynda rüstem syratly ençeme ýaş ýigitlere duşdum. Emma welin tebigy berlen rüstemligi, tebigy batyrlygy diňe türkmenlerde gördüm. Türkmenler Orta Aziýanyň iň bir desti belent, iň bir aznawur halkydyr. Olardan gaýraky Hywa, Buhara, Kokant şäherlerinde lepbeýlik we näziklik patyşalygy başlanýar». Wamberiniń gelen netijesini patyşa Russiýasynyň Türkmenistany Kaspiden (Hazar) Gökdepä çenli basyp almak üçin takmynan 30 mln manat, Orta Aziýanyň tutuş galan bölegini eýelemek üçin bolsa bary-ýogy 10 mln. manat harçlandygy hem tassyklaýar. Birinji jahan urşunda Nikolaý ikinji türkmenlere telpek salgydyny salýar. Sebäp diýeniňde, gaba telpeklini görende iň bir söweşjeň halklardan bolan nemesler hem möjek gören goýna döner ekenler. Köne döwürlerde, Orta Asyrlarda bolsa türkmen goşunlarynyň jyza parladyp eden ýörüşleriniň öňünde Aziýanyň ägirt uly bölegi dyza çökýär. Soltan Alp-Arslanyň aýtmagyna görä «ol belent depä çykyp garanda ymgyr giden agyr goşundan ýaňa aýagynyň astynda ýer elenip durýan eken». Hawa, beýik haçly ýörişler öz öňlerinde demir gala bolup duran şeýle türkmen goşunlary duransoň, şöhratsyz tamamlanypdy. Tutuş musulman dünýäsi minneti türkmen goşunlaryndan çekip, haçly ýörişleriň etjek weýrançylyklaryndan halas bolýar. Hany indi Orta Asyrlarda tutuş Ýewropany elendiren ol türkmen goşunlary? Asyrlar olardan derek goýmady. Şu asyryň 30-njy ýyllarynda göz üçin döredilen formal goşuny bolsa wagty gelende ýok etdiler. Gadymy Hywa döwleti türkmenleriň bilelikde guran döwletidi. Şol döwletde özbekler esasan ýurduň hojalygy bilen meşgullansalar, türkmenler söweşjeň halk hökmünde döwletiň goşunyny düzüp, ýurdy goraýardylar. Buhara emirliginde hem türkmenlere düşýän paý döwleti goramak borjudy. Indi nähili? Esgerlige diýip alnanlarynyň hem hemmesi diýen ýaly gurluşyk batalonlaryna düşüp mugtyna jaý salyp berýärler. Iki ýyl gulluk edip, awtomaty eline almadyklary hem az däl. www.ertir.com/kitaphana 29 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew Seljuklar döwrüniň, Jelaletdin zamanynyň ýaraglaryny aýtmanymyzda-da hat-da uky döwri diýilýän geçen asyrda-da Japarguly handan olja alnan ýeke topumyz bar eken. Indi ol-a baýaky, hatda dürli bahanalar bilen ýygnalyp gelmelerden soň aw tüpeňlerem ýek-tük türkmende galdy. Eger sowuk ýarag hökmünde atlandyrmaly bolýan bolsa, onuň öýünde aýalynyň unaş kesýän gezligi galdy. 1921一33-nji ýyllardaky azat ediş hereketlerinden soň türkmeniň öwürlip ata çykmagyndan heder edilip, onuň dünýä belli garçgaý atlarynyň kastyna çykyldy, teblehanalar ýumruldy. Kempir gyraty ogurlansoň, Agaýunusyň «Görogly, atyň bolmasa sen kimsiň?» diýenini ýada salalyň. Atyndan, düýrme gylyjyndan aýrylyp türkmen hem hiç kim bolup galdy. Bir mahallar jyza parladyp baran türkmen begleriniň we begzadalarynyň nazarlaryny roýlarynda egläp bilseler, pars zybanlary, arap näzeninleri, ala gözli bulgur arwatlary özlerini bagtly saýar eken, olara meý süzüp berseler armanlary ýok eken. Şol är nepesi bilen dörän demir donly, bedew atly türkmenler indi boýunlaryndan bedibagt partuklary asan, pagta meýdanlarynda omadaklaşyp, haltyldaşyp ýören mysapyrlara öwrüldiler. Nämemiş, Ýewropa aýallarynyň zerurlyklary üçin pamyklyk pagta öndürmelimiş. Plan dolmalymyş. Her hal, lapykeç pagta bolmalyň. Biz gaty hudaý gargan halk däldiris一ozal şöhratly goşunlarymyz bolupdyr dälmi, ner döllerinden ýene-de ner dörär. Türkmen aýallary ozaly bilen dünýä belli halylary dokap bilýänligi bilen däl-de, eýsem meşhur serkerdeleri, garadan gaýtmaz batyrlary dogrup berýändigi bilen tanalýardy. Olar ýene bize generallary, marşallary dogrup berer. Biziň ýene uly gorag goşunlarymyz bolar. Goşunyň döredilmeginiň zerurdygy baradaky netije prezidentlik baradaky kanundan hem gelip çykýar. Onda Prezidentiň şol bir wagtyň özünde ýokary baş komanduýuşidigi hem nygtalýar. Diýmek, respublikada prezident baş komaduýuşilik hem etmeli. «Biziň territoriýamyz gaty uly, özbaşdak bolsak onuň serhetlerini gormaga-da adam ýetmez» diýip ýörenleri bilýän. Jogap berýän. Eýsem Türkmenistanyňka garanyňda meýdany 3 esseden gowrak uly, emma ilaty 2 esse az Mongoliýa (1566,5 müň km2, 1940 müň adam) serhetlerini gorap bilýärkä, biz gorap bilmerismi? Mongoliýanyň takmynan 15 müň km. uzynlykdaky serhedi bar bolsa, biziň uzynlygy 4,5 müň. km. çemesi serhedimiz bar. Diýmek, serhediň her kilometrine 4一5 adamdan gerek diýenimizde-de, (geljekde uly serhet goragynyň zerur bolmazlygy hem mümkin) bize takmynan 20一25 müň serhetçi gerek. Şunça güýji tapyp bilerismi? Elbetde, artygy bilen. Häzir bizde ýylda 60 müň çemesi oglan dünýä inýär. Diýmek, ýaşlary ýetip, olara bir ýyllyk gulluga alnanda takmynan 55 müň adamlyk goşunymyz bolar. Gulluk möhleti häzirki sistemadaky ýaly 2 ýyllyk edilse, goşunda takmynan 110 müň adam jemlener. Şunça goşunyň harajatyny çekmäge ykdysadyýetimiziň gurby çatarmy? Gürrüňsiz. Goşun üçin häzir ABŞ-da milli girdejiniň 6 prosenti SSSR-de bolsa dünýäde ýokary görkeziji bolan 25 prosent milli girdeji sarp edilýär. Biz hatda goşuna www.ertir.com/kitaphana 30 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew milli gordejiniň 25 däl, 30 prosentini berenimizde-de, galan 70 prosentiň hasabyna häzirkimizden ençeme esse gowy ýaşaýrys. Iki agyz söz döwletiň formasy hakynda. Aslynda döwlet nämeden gelip çykypdyr? Marksizm bize döwlet ekspluatotor synpyň ekspluatirleýän synpyň üstünden agalyk etmegi üçin döredilen gural diýip düşündirýär. Kommunistleriň pikirine görä entek synplar barka, döwletem bolar. Synplaryň ýok bolup gitmegi bilen döwlet hem ýok bolup gider. Ýöne, Sokrat, Gobbs, Spinoza, Lokk, Russo ýaly döwlet, döwlet gurluşy boýunça akyldarlaryň taglymatyna görä, döwlet ilkibaşda tebigy ýagdaýda ýaşaýan, adamlaryň öz howpsuzlygyny, hususy eýeçiligini, şahsy hukuklaryny goramak üçin özara gelen ylalaşyklaryndan emele gelýär. Eger biz geljekgi garaşsyz döwletiň hukuk döwleti bolmagyny isleýän bolsak, häzirki zaman siwilizasiýasyna il bolup gatyşmakçy bolsak, onda döwletiň adamlaryň baglaşýan şertnamasy esasynda gelip çykýandygyny düşündirýän taglymata eýermelidiris. Eýermesek, «hukuk döwleti», «halkara abraý» diýip näçe gygyrsak-da gury bogaz ýyrtanymyz galar. Diňe şundan soň döwletiň demokratiýa (häkimiýetiň halkyň elinde bolmagy), oligarhiýa (häkimýetiň adamlaryň belli bir toparynda jemlenmegi), monarhiýa (häkimýetiň bir adamda jemlenmegi), konstitusiýon monarhiýa (monarhyň hukuklarynyň parlament tarapyndan çäklendirmegi) we ş.m. formalarynyň içinden özümize ýaramlysyny saýlap bileris. Türkmen halky demokratik halk. Demokratiklik onuň ýaşaýyş obrazlarynda çuňňur kök urup ýatyr. Şonuň üçin demokratik gurluş biziň tebigatymyza laýyk geljek. Ýöne maşynyň nurbatsyz bolmaýşy ýaly şol demokratiýanyň hem nurbatlysy gerek. Gep türkmeniň ýüregini göterjek şol nurbatlaryň gereginden artyk gataldylmazlygyndan we gowşadylmazlygynda. Ine, şulardan soň jemgyýetiň magaryf, medeniýet, howpsuzlygy goraýyş... ýaly sferalarynda işi, hatda öz türkmen pulumyzy zikgeläp çykarmak ýaly işi hem ýola goýmak gaty kyn bolmasa gerek. Çünki, garaşsyz döwlet gurmak üçin häzir türkmende uly mümkinçilikler bar. Diňe bir zat az, «Döwlet guşy başyma gonsun» diýen ýeterlik beýik milleti niýeti we şol niýete gol ýapýan beýik milli yhlasy az. Şoňa görä-de türkmene «Ukyda ýatan halk» diýen kemsidiji at berlip gelinýär. KONFEDERASIÝA Soýuza girmelimi, girmeli däl? Referendum golaýladygyça bir zat barha aýan bolýar. Garaşsyz döwlet bolsak biz totalitar soýuzdaky durmuşymyzdan ençeme esse gowy ýaşajak. Munuň şeýledigine dünýä bazarynyň gözi bilen Türkmenistanyň sosialykdysady mümkinçilikleri boýunça yönekeýje hasap geçireniňde-de, şu asyrda garaşsyzlyk alan ýurtlaryň biriniň hem öňki durmuşyndan erbet ýaşamaýanlygy-da, Singapur, Kuweýt, Günorta Koreýa ýaly öňki yza galak ýurtlaryň bolsa ýaşaýyş www.ertir.com/kitaphana 31 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew derejeleri boýunça dünýäde iň öňdäki orunlara çykanlygyda görkezýär. Eýsem täzelenen soýuzda köne soýuzdaky bilen deňeşdireniňde näçe esse gowy ýaşaýarkak? Ine, bular welin, belli däl. Şonuň üçin hem köne hem täzelenjek soýuz barada iki agyz aýdasyň gelýär. Lenin «aýratyn alnan ýurtda sosializmiň ýeňmeginiň mümkindigini» açypdy. Kommunustleriň Serdary bilen eňekleşmek meýlim ýok, ýöne şu jümläniň ortasynda «hem-de aýratyn tebigy baýlyklary we aragy bar bolan ýurtda» diýen jümläni goşan bolsa, megerem jüpüne düşerdi. Çünki biz 70 ýylyň içinde ýakasynda M. Gorbaçýowyň hem Belorussiýada aýdyşy ýaly, esasan, tebigy baýlyklaryň we arak satmagyň hasabyna ýaşadyk. 70 ýylyň içinde hem birmahalky nebit nagmaly Azerbeýjany şirin nagmasyndan kesdik diýen ýaly, ümmülmez Sibiriň ummasyz baýlygyny taňkyratmaň bäri ýanyna getirdik, oňa görä çaklaň Türkmenistanyňam ýerastynyň deň ýarysyny boşatdyk. Rast, köne soýuz ýeri emip ýaşan bolsa, täzelenen soýuz emip ýaşajakga? «Zähmeti intensifikasiýalaşdyrmagyň, bazar ykdysadyýetine geçmegiň hasabyna» diýýäňizmi? Ol diýilýänini etmek dilde aňsat birem Iwan duraçok hakdaky ertekilerde. Dilde aýdylýanlar bolaýýan bolsa biz bu wagta Hruşewiň wada beren kommunizminde sykylyk atyp ýörmelidik. 85-den soňky wadalaram biten bolsa, bu wagta çenli jaýsyzlarymyzyň deň ýarsy jaýly bolmalydy. Diýmek, öňe real göz bilen garasak, bäri-bärde aňsat intensifikasiýaň hem geregi hem bolmaz, öňümi leýs edip duran bazar ykdysadyýetiňem. Diýmek, ýene-de tebigy baýlyklaryň hasabyna ýaşamaly bolýarys. Şeýlelikde, Sibiriň baýlygy gutaraňkyrlan bolsa, ojagaz galanam uzakda, almasy kyn ýerde ýerleşýän bolsa, dişinde et galan soýuz esasy ünsi golaý ýerde diýip Türkmenistana bermezmi? Diýmek, häzir 88 mlrd. m3 möçberde çykarylýan gazyň derejesi «internasional borç» diýip 150 mlrd, kub metre eltilmezmi? Göz dikip oturan ýekeje esasy dikrarymyzy ýene 5一10 ýyldan taňkyratmazlarmy? Onsoň biz kime gerek borus. Hiç kime? Ynha, muňa üýtgedip gurmak döwrüniň elinje fakty. SSSR-i ykdysady we sosial taýdan ösdürmegiň 1986一 90-njy ýyllar we 2000-nji ýyla çenli döwür üçin esasy ugurlarynda «Orta Aziýada nebit we gaz boýunça geolog razwedka işleriniň alnyp barlyşyny çaltlandyrmaly» diýlen wezipe goýulýar. Üstesine-de ol gazyň 1000 kub metrini hümmetsiz 34 manatdan äkitseler nädip bor? 34 manada häzir bazarda bir dollar berenoklar. Gazyň 1000 kub metriniň öňki bahasy 6 manada bolsa 70-nji ýyllarda, 80-nji ýyllaryň başynda bir dollar berýärdiler. Diýmek, gazyň bahasy bizi aldaýyşlary ýaly ýokarlandyrmandyr-da, eýsem aşaklapdyr. Pagtanyň bahasyny 1 manatdan 3 manada çenli, ýagny 3 esse galdyrdylar diýip heşelle kakýarys. Emma islendik tikin fabrigine baragada olara ozal metri 2 manatdan 60 köpükden gelýän manatyň indi 9 manat 60 köpükden, ýagny 4 essä golaý gymmat bahadan gelýändigini biljek bolamzok. Täze soýuzda beýle it biçen söwdalaryň bolmajagyna kim kepil geçip biler. Hiç kim. www.ertir.com/kitaphana 32 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew Baryp 60-njy ýyllarda S. Hruşew Türkmenistana gelende: «Jojugam mekejini kyrk günläp emýär. Siz türkmenler bolsa Soýuzy kyrk ýyldan köp wagtlap emip gelýärsiňiz» diýipdi hem-de yssylyk koeffisiýentini aýrypdy. 1988-nji ýylda Türkmenistana gelen Birýukowada şu äheňde gürläpdi. Häzir soýuzda bize «3 mlrd. manatlyk öňümi alýaňyz, 2,5 mlrd. manatlyk berýärler. Meniň häzirki dünýä bahalary esasynda eden ýönekeýräk takmyny hasabyna görä bolsa, biz her ýylda 2 mlrd. dollar töweregi haryt alýarys, 10 mlrd. dollardan gowrak harydy bolsa berýäris. Şu 10 mlrd. dollaryň 9 mlrd. dollaryny bary-ýogy 30一40 müň gazçynyň, nebitçiniň çykarýan önüminiň hasabyna berýäris. Diýmek, tebigy baýlyklary ýok respublikalar öz çykarýan aýakgaplary, maýkalary... bilen nädenlerinde-de şu 9 mlrd. dollaryň yzyndan ýetip bilmezler. Has takygy, olar 2一3 mlrd. dollardan kän öňümi soýuza berýän däl bolmaly. Bu ýerden şeýle netije çykýar. Bary-ýogy 3,6 million ilaty bolan Türkmenistanyň soýuz gapjygyna ýylda berýän harydy (10 mlrd. dollardan gowrak) Ermenistan, Gruziýa, Moldawiýa, Gyrgyzystan ýaly respublikalaryň bilelikde berýän harytlaryndan köpdür. Ine-de, paradoks. Biz soýuzdan her ýyl 8 mlrd. dollarlyk öňümi az alanymyz beýle-de dursun, hatda 15 respublikanyň islendiginden harydy kem alyp geldik. Meselem 1987-nji ýylyň ýeňil awtomobil paýlaşygynda ilatynyň sany 3455 müň adam bolan Türkmenistan ýeňil maşynlaryň 11,1 müňüsini alypdyr. Ýagny, her 311 adamsyna 1 maşyndan düşüpdir. Emma şol ýyl 3459 müň ilaty bolan Ermenistanyň alan ýeňil maşynlarynyň sany 28,8 müňe barabar, ýagny her 120 adamsyna 1 maşyndan düşüpdir. Gepiň gysgasy, Türkmenistan Ermenistana garanyňda ýeňil maşyny köp almakda Türkmenistandan kän ozdurypdyrlar. Özi hem şu kemsitmeli paýlanyş onýyllyklaryň dowamynda her ýyl gaýtalanyp gelýär. Eýsem, täzelenen soýuzymyzda hakymyzy müňlerçe gidermenleriň arasyndan mysal alnan hatda şujagaz ýaly «haky iýmeler» bolmazmyka? «Bolmaz diýip, hiç kim kesgin aýdyp bilmez. Menem bolmajagyna ynanamok. Iň esasy hem, täzelenen soýuzda häzir gazandyk diýýän özygtyýarlygymyzdan, özbaşdaklygymyzdan hem uzagyndan derek galmaz, ýene köne gün başymyza inermikä öýdýän. Näme üçin? Sebäbi täze soýuz hem ýene köne soýuzyň modelinde一bitewi döwlet statusly soýuz hökmünde guraljak bolunýar. Bir gazanda iki goçuň kellesi gaýnamaz. Eger soýuz ýene döwlet statusly bolsa, onda respublikalaryň aldyk diýýän özbaşdak döwlet statusy diňe kagyz yüzündäki bir zat bolup galar. Demokrat Gorbaçýewiň ýerine demokrat däl ýolbaşçy gelen halatynda ol elindäki goşunyna, howpsuzlyk komitetlerine daýanyp, ojagaz kagyz ýüzündäki statusjygyňy hem islän güni köneki hojalyk we syýasy sistemany dikeldip biler. Ine, şonuň üçin hem «Soýuzda ýaşajak» diýip, beýle böwregimiz büküp duran bolsa, biz döwlet statusy bolan soýuza däl-de, eýsem döwlet statusy bolmadyk konfedeşigine girmeli. Konfederasiýanyň şertlerinde elimizde öz goşunymyz, ýeke täk kanunymyz bar bolan döwlet bolup otyrkak, hiç kim ne hojalyk, ne syýasy taýdan www.ertir.com/kitaphana 33 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew deňdi deňhukuksyzlyk syýasaty ýörediläýjek bolunsa, biz hiç minnet çekip oturman, konfederasiýadan çykyp bileris. Eger konfederasiýa hem göwünjeň bolnup durulmasa, onda ikirjiňlenmän, Gruziýa, Pribaltika respublikalary ýaly doly garaşsyzlyga batly gadam urup gitmeli. Munuň özi türkmen halkynyň irde-giçde ýerine ýetirmeli missiýasyna一garaşsyz Döwlet gurmak missiýasyna hem doly gabat gelýär. Türkmen halky, il-ulusym. Ine, men sesim her näçe kiçijik hem bolsa, şular barada «ümsüm oturmazlygy» müwessa bildim. Belki, «Jahan giňdir, çendan bilende bardyr».! 1991-nji ýylyň fewraly一marty. www.ertir.com/kitaphana 34 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew TÜRKMEN ÖÝ-PIKIRLERI (ses berilşik) Meniň pikirimçe makala 15一20 gün dagy gijiräk çap edildi. Bähbit bola... Täçgeldi öz halkyna irde-giçde aýtamly zadyny aýdaýdy öýdýän... (Agajan Amanow一Murgap raýony) *** Žurnalist Gutlyýew «Soýuz hem garaşsyzlyk makalasynda一«Meniň sesim her näçe kiçijik bolsa-da» diýip ýazsa-da, men oňa sesiniň örän belentdigini, bütin türkmen iline ýaň salýandygyny, özübiňem atan okuny nyşana dogry urýandygyny uly höwes bilen buşlaýary (A. Begjikow一Sakarçäge raýony) *** Men köp adamlar bilen gürrüňdeş bolýaryn. Gutlyýewiň ýazýan makalalary olaryň içki dünýäsinde «rewolýusiýanyň» döremegine ýardam edýär. Içki dünýäde «rewolýusiýa» amala aşsa, durmuşda hem hökman özgerişlik bolar (Bazar Berdimyradow一Sakarçäge raýony) *** «Soýuz hem garaşsyzlyk» diýen makalany okap, örän gaharym geldi. Bu makalany çap etmelem däl ekeniňiz. Onda bir topar warsaky, bolmajak zatlar ýazylypdyr. Gutlyýewiň öz elinden-ä hiç zat geljek däl. Söz bilen bolsa dünýäni aljak. Ol türkmen halkyny ýene-de garyplyga, gedaýlyga, tozgunlyga çagyrýar. Men 1917nji ýyla çenli türkmen halkynyň nähili agyr durmuşda ýaşandygynyň janly şaýady. Baýlaryň, ýerli hanlaryň halkymyzy nähili horlanlygy ýadymdan hiç çykanok. Biziň halkymyz Lenin partiýasynyň ýolbaşçylygynda sowatly, medeniýetli, senagatly bolup ýaşap başlady. Ozal öýümizde çyra, peç, pol-potolok, aýna ýaly zatlar ýokdy. Häzirki wagtda obalarymyz şähere öwrüldi. Öýlerimizde, köçelerimizde Iliç çyralary ýalpyldap dur. Durmuşy bilmezden kagyzyň ýüzünde halkymyza ters ýol görkezýän adamy hiç kim gowy görmese gerek. Biz agzybirligimizi bozjak bolýan adama ýol berip bilmeris (S. Rahymow一Hojambaz raýony) *** www.ertir.com/kitaphana 35 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew Hakykatdan hem, stalinçylyk eden-etdilige çydaman adamlaryň ata çykmagy, oba-oba bolup goňşy döwletlere gitmegi diňe «halk» gozgalaňydyr». Emma nebsimiz agyrsada, bu herekete «basmaçylyk» diýen tagma basyldy. Belki, taryhçy alymlar öz pikirlerini aýdarlar. Makalada Budýonnynyň buýrugy boýunça garagumdaky käbir obalaryň aeroplandan oka tutulandygy hakynda agzalýar. Men bilýän bir zadymy aýtmakçy. Şol ganly ýyllaryň birine Owganystanda oba bolup göçüp barýan türkmenleriň başyny Tagatabazaryň golaýyndaky Ýeroýlanduz diýen ýerde gabaýarlar hem-de aeroplandan pulemýot okuna tutup gyrýarlar. Şol ýerlerde çopanlar, awçylar ençeme ýyllaryň dowamynda uly adamlaryň, çaga-çugalaryň süňklerine, aýallaryň şaý-seplerine gabat gelipdirler. (Anna Artykgulyýew一Mary şäheri) *** Meni iňlisli mesele günüme goýmady. Men T. Gutlyýewiň iňlis koloniýasy bolmak baradaky hyýal ýüwürtmelerini goldamaýaryn. Dünýä belli hindi ýazyjysy Rabindranat Tagoryň «Egede Hindi okeanynyň suwlary syýa bolan bolsady, şonda-da iňlisleriň hindi taryhynda eden jenaýatçylyklaryny ýazmaga azlyk ederdi» diýen sözlerini unutmazlygymyz gerek. Emma iňlis we rus dilleri barada aýdanda men T. Gutlyýewiň pikirini goldaýan. Iňlis dili millet dilinden dünýä diline öwrülen dil. Iňlis dilini bilseň, dünýäniň islendik ýurdunda diýen ýaly gepleşip, söwda edip, günüňi görüp bolýar. Näme, hemme türkmene hem rus, hem iňlis, hem arap, hem pars dilini dilini öwredip olary lingwist alym ýa mugallym etjekmi? Galyberse-de, iki-üç dil öwrenäýmek aňsat işmi? Meniň pikirimçe, iňlis diline geçilse, türkmen diňe utar. Bu ýerde iňlis diliniň köp babatlarda türkmen elipbisine kybapdaş gelýändigi, öwrenmegiň rus diline garanyňda ýeňildigi barada aýdyp oturmaýyn. Iňlis dili Soýuzyň milli respublikalarynda ýaşaýan 100-den gowrak milletdir halkyýetleri öz ýurtlarynda ruslar bilen deňleşdirip bilerdi. Rus dilinde öz pikirini oňat beýan edip bilmeýän türkmene, özbege ýa-da gazaga haýsydyr bir ýetmezçilikli, nogsanly adam hökmünde depesinden «rehimdarlyk» bilen ýyrşaryp serederismi. Hut Çärjew şäherinde şeýle psihologiýa bilen ömrüni geçirip barýan onlarça rus intelligensiýasyny ýakyndan tanaýan. (Rozyguly Jumagulyýew一filosofiýa ylymlarynyň kandidaty) *** Men 25 ýaşymda. Men öz çagalarymyň erkin Türkmenistanda ýaşamaklaryny www.ertir.com/kitaphana 36 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew isleýärin. Eger gerek bolsa men Türkmeniň dikelmegi üçin janymy bermäge hem taýýar. Men türkmeniň öz milli baýdagy bilen, dünýädäki garaşsyz ýurtlaryň içinde öz ornuny eýelemegini arzuw edýärin. Haçana çenli biz özümizi egsik tutup, özümizi oňarman, eňkimizi agdaryp ýörmeli? Näme üçin biz özümizi dolandyryp bilmeli däl. Haçana çenli biz özbaşdak döwlet bolsak açlykda, horlanarys diýip gorkuzyp gezmeli. Aç ölsegem erkinlikde, garaşsyzlykda ölsek o dünýä aramansyz giderdik. Türkmen halkym, boýnuňy galdyr, daş-töweregiňe ser sal, kim näme işleýär? (Gylyçmyrat Hallyýew一Gökdepe raýony) *** Oba ýaşulylary bolup şu ýylyň 14-nji aprel güni, ýagny «Remezan» baýramy bellenilýän güni uly geňeş geçirdik. Şol geňeşde bar bolan 47 adamyň 45-si garaşsyzlygy, şu aşakdakylary ikelläp goldady. 2 adam saklandy. Garşy bolan ýok. Indi söz Täçgeldi Gutlyýew barada. Biz onuň «Ýaş komda» çykan makalalarynyň hemmesini-de uly gyzyklanma bilen okaýarys. Okap ýetişmediklere-de gürrüň berýäris. Şeýle bir hakykata bap gelýän, durmuşyň içinden eriş-argaç bolup geçýän makalalary ýazyp, biziň gözümizi açany üçin Täçgeldä-de, onuň sözüni ile ýetirýän «Ýaşkoma-da» uly minnetdarlygymyzy aýdyp, ýagşy dilegler edýäris, ak pata berýäris. Alla ýaryň bolsun, Täçgeldi! (Awçy obasynyň ýaşulularynyň geňeşde aýdanlaryny kagyza geçiren Baba Jumak ogly一Saýat raýonynyň awçy obasy) *** T. Gutlyýewiň «it biçen söwdalara» «bes» diýmeli» diýenine doly goşulýaryn. Maşyn barada. Ilat sany deňeçerräk bolmagyna garamazdan Ermenistan Türkmenistandan ýylda 17 müňden gowrak maşyny köp alypdyr. Şu işde jogapkär adamlardan berk hasabat soramaly? (Amanmyrat Ataýew一Murgap raýony) *** Gutlyýewiň biziň baýlyklarymyzyň arzysynyň ýoklugy barada aýdýan zatlaryny ikelläp goldasyň gelýär. Arzyly zadymyzy ile berip, arzysyz edýäris. Şulardan görnüşi ýaly, özümiziň bahamyzyň aşak düşmeginde özümiziň ýazygymyz az däl. Käwagt öz baýlygymyzyň ujundan bölünip berlen ujypsyzja zada-da ölmez ödi saňa-da goýaly» www.ertir.com/kitaphana 37 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew diýip aýdýan adama garalyşy ýaly garamalyň ahbetin. (Amanberdi Rejepow一Taryh ylymlarynyň kandidaty) *** Haýp, makala referendumdan 10一15 gün öň çap edilmeli eken. Milletiň agramly böleginiň otnositel bisowatlygy, köpümizde gulçulyk psihologiýasynyň barlygy gizlin zat däl. «Biz özbaşdak bolsak günümizi görüp bilmeris» diýýänlere T. Gutlyýewi diňläp, birazajyk pikirleniň diýesim gelýär. (Orazgeldi Akyýew一mugallym, Halaç raýony) *** Täçgeldi Gutlyýewiň bu işinde wawwaly meseleleriň üstünde çuňňur durlup, türkmen halkynyň koloniýal bolup, Patyşa Russiýasynyň girdabyna düşmegi, totolitar režim döwründäki nogsanlyklar, Türkmenistanyň çig mallarynyň gözgyny ýagdaýda talanyşy, ykdysady meseleleri giňden öwrenilipdir. Diňe bir öwrenmek bilen hem çäklenmän, awtor ondan gerekli netijeler çykaryp, degişli teklip etmegi hem başarypdyr. Galyberse-de, işde stalinçylyk we durgunlyk döwründe türkmen halkynyň wekilleri repressiýa düşmekligi we başga bir böleginiň bolsa öz diýaryndan jyda düşüp, köp horluklara sezewar boluşlary, birin-birin beýan edilýär. Işde käbir jedelli ýerleri bar, elbetde, ol awtoryň öz işi. (K. Muhammetberdiýew一taryh ylymlarynyň doktory, professor Ýa. Orazgylyjow一taryh ylymlarynyň doktory. O. Ekäýew一taryh ylymlarynyň kandidaty) *** Gökdepe galasynda garylan neresse çagalara, naçarlara, goç ogullara, dana gojalara, rewolýusiýadan soň baý-kulak, işan-molla diýip, 37一38-de «halk duşmany» diýlip nähak töhmet bilen atylanlara, Sibirde doňdurylanlara, ata Watany mejbury taşlap gözi ýaşly ýat illere düşenlere, unudylan taryhymyza we ebedi mirasymyza, ýumrulan metjitlere, awa eýlenip zeý aldyrylan mähriban topraga, zowalsyz talanan ýer asty, ýer üsti baýlyklarymyza we ýene-ýenelere ýürek aglaýar. (A.Hojamämmedow, B Amanlykow, B Annaýew, Ýo. Ýowbagşyýew, J. Hommadow. Gökdepe raýonyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymlary) www.ertir.com/kitaphana 38 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew TÜRKMENLERIŇ TIRSEGINE GALMAGY Bu kitap 2015-nji ýylda e-kitap görnüşinde Türkmenistanyň Galkynyş hem Bagtyýarlyk eýýamynda täzeden çap edildi. Bu kitapda Täçgeldi Gutlyýew özüniň giň düşünjeliligi bilen türkmen halkyny, tutuş Türkmenistany Sowet Soýuzdan aýrylmaga bolan çagyryşyny beýan edipdir. Bulardan başga-da Türkmen halkynyň geçmişi mirasyny, şan-şöhratly eýýamlaryny, guran döwletlerini, medeniýetlerini we onuň synyşy täzeden tirseklerine galmaga edilen synanyşyklary hakynda, ýurdumyzyň baýlyklaryny damar gany deýin soran Sowet soýuzyň jenaýatçylyklary hakynda giňden aýdyp geçilýär. www.ertir.com/kitaphana 39 SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew MAZMUNY Ikinji gezek bökmelimi? Kolonializmiň terjimehaly Arabasy jygyldaýan Soýuz Gulaty saýasy Imperiýa we Hatapgala Ilkinji milli komitet Jüneýt hanyň döwleti Türkmensähra respublikasy Türkmen binasy Milli goşun döretmeli Konfederasiýa Türkmen oý-pikirleri (ses berilşik) Türkmenleriň tirsegine galmagy www.ertir.com/kitaphana 40