Meıilnama: I. Giriş II. Göz damjalaryna bildirilıän talaplar III
Transkript
Meıilnama: I. Giriş II. Göz damjalaryna bildirilıän talaplar III
1 Meýilnama: I. Giriş II. Göz damjalaryna bildirilýän talaplar III. Dermanhanada taýýarlanýan göz damjalarynyň derňew usullary. IV. 1) Göz damjalarynyň hil derňewi. 2) Göz damjalarynyň mukdar derňewi. Peýdalanylan edebiýatlar 2 Giriş Hormatly Prezidentimiziň yglan eden täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Durmuşyň ähli babatlarynda bolşy ýaly ylym – bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda hem täze sepgitlere ýetildi.Täze Galknynyş döwri sözüň doly mansysynda ykdysady, ruhymedeni taýdan ýokary göteriliş, sagdyn döwlet, sagdyn jemgyýet, sagdyn raýat, bilimli, dünýä ösüşinden doly habarly sagdyn nesil eýýamydyr. Ilki bilen ýurdumyzyň saglyk ulgamyna ýolbaşçylyk etmek, soňra bolsa tutuş ýurduň Baştutany bolmak bilen Hormatly Prezidentimiz milletiň ruhy we fiziki sagdynlygyny ösdürmegi özüniň baş wezipeleriniň biri edip goýdy. Adamyň saglygy we abadançylygy “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasy ýörelgesine öwrüldi. Şol maksatnamany durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleri herekete girizildi. Saglygy goraýşy we derman senagatyny ösdürmegiň berk binýady tutuldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ösdürmegiň iň bir esasy meseleleriniň biri hem, onuň işgärleriniň näsaglar dogry we edepli özüni alyp barmaklydyr. Munuň netijesinde bejerginiň has effektiw geçjekdigine güwä geçip bolýar. 3 GÖZ DAMJALARYNYŇ DERŇEWI Göz damjalary – gözlerde instalýasiýa etmek üçin niýetlenen derman görnüşidir. Göz damjalary derman maddalarynyň suwly, ýagly erginleri ýa-da olaryň ýuka suspenziýalary bolup bilerler. Göz damjalary indiki talaplara laýyk gelmelidir: sterillik, stabillik, göze görünýän mehaniki garyndylar bolmaly däl, göz suwuklygy bilen izotoniki bolmalydyr. Aýratyn ýagdaýlarda, gipertoniki ýa-da gipotoniki erginler rugsat berilýär, ol barada normatiw tehniki dokumentlerinde doly berilýär. Bu talaplary berjaý etmek maksady bilen göz damjalaryny aseptiki şertlerinde steril eredijilerinde taýýarlaýarlar: arassalanan suw, guramaýan ýag (şetdaly, badam), buffer erginleri (göz damjalaryny durnuklylaşdyrmak üçin). Taýýarlanan göz damjalaryny, olaryň düzümine girýän komponenlerine dokumentlere baglylykda, baglylykda normatiw sterilizleýärler. tehniki Ýylylyk sterilizasiýasyna çydamsyz bolan ingredientleri öňünden zyýansyzlandyrylan ergine aseptiki şertlerinde geçirýärler. Göz damjalarynyň sterilliginiň saklanylmagy üçin nipagin, bor kislotasy, lewomisetin we beýlekiler ýaly antimikrob maddalar (konserwantlar) ulanylyp bilner. 4 Göz damjalaryndaky täsir ediji maddalary gidrolitiki ýa-da okislendiriji dargamaklygynyň öňüni almak üçin olary, fostat, borat buffer erginlerini, natriý metabisulfatyny, natriý tiolsulfatyny we beýleki kömekçi maddalary ulanmak arkaly durnuklaşdyrýarlar. Göz damjalarynyň osmotiki basyşy natriý hloridiniň 0,9% ± 0,2 %-li ergininiň osmotiki basyşy bilen gabat gelmelidir. Göz damjalarynyň erginleriniň derman maddalarynyň utgaşyp bilmeklerini göz öňünde tutmak bilen natriý hloridi, natriý sulfaty, natriý nitraty bilen izotonirleýärler. Izotonirleýji maddanyň mukdaryny derman maddanyň natriý hloridi boýunça ekwiwalenti boýunça hasaplap çykarýarlar. Göz damjalarynyň täsirini prolongirlemek üçin, olaryň düzümine kömekçi madda hökmünde sellýulozanyň önümlerini goşýarlar. Göz damjalaryny taýýarlamak üçin, eredijiler we kömekçi maddalar hökmünde (izotonirleýji serişdeler, konserwantlar, stabilizatorlar, prolongatorlar) diňe lukmançylykda ulanylmaga rugsat berlen maddalary ulanmak bolar. Göz damjalary mehaniki garyndydylaryň synagyndan geçirilmelidir. Ýagny, erginde beýleki hereketli eremeýän birleşmeler bolmaly däldir. Synagy Normatiw dokumentlerde görkezilşi ýaly geçirýärler. tehniki 5 Synagy geçirmek üçin dermanhanada ýörite gün şöhlesini geçirmeýän iş ýeri enjamlaşdyrylan bolmaly we bu ýerde “Erginlerde mehaniki garyndylaryň barlamak üçin enjamy” (UK-2) goýulmalydyr. Dermanhana içki barlagdan daşary, göz damjalaryny kwartalda iki gezek bakteriologiki barlaga hem sezewar edýärler. Dermannama: Riboflawin 0,002 Kaliý iodidi 0,2 Glýukoza (suwsuz hasaplanylanda) 0,2 Trilon B 0,03 Arassalanan suw 10 ml çenli Komponentleriň hil we mukdar derňewleri geçirlende, riboflawiniň bardygynyň netijesinde emele gelýän sary fona üns bermelidir. Derňew usulyýeti Organoleptiki barlag Ýaşylymtyl sary dury suwuklyk, mehaniki garyndylary saklamaly däl. Hakykylygy 6 Riboflawin. Erginiň ýaşylymtyl-sary reňkli bolmagy we ultramelewşe ýagtylygynda ýaşyl flýurossensiýa ýüze çykarmagydyr. Kaliý iodidi. Erginiň damjasyny filtr kagyzyna ýerleşdirýärler, kagyz öňünden gurşun asetaty bilen öllenen bolmaly. Sary tegmil emele gelýär. Erginiň 1 ml-ne 2 damja suwgaldylan hlorowodorod kislotasynyň erginini goşýarlar, demir okis hloridiniň birnäçe damjasyny we 0,5 ml hloroform goşýarlar. Hloroform gatlagy melewşe reňke reňklenýär. Glýukoza. 0,5 ml ergine 1ml Felingiň reaktiwini goşýarlar we gaýnaýança gyzdyrýarlar. Kerpiç-gyzyl reňkli çökündi emele gelýär. Trilon B. Ammiak buffer erginine 0,01 g ýöriteleşdirilen gara hrom kislotasynyň we 0,1 ml sink sulfatynyň indikator garyndysyndan goşýarlar. Gyzyl reňk emele gelýär, 1 damja ergin goşulanda gök reňke geçýär. Mukdar derňewi. Kaliý iodidi. 1 ml ergine 10 ml suw, 5 damja suwgaldylan uksus kislotasynyň ergini, 5 damja natriý eozinatynyň erginini goşýarlar we kümüş nitratynyň ergini bilen (0,1 mol/l) çökündi açyk gülgüne reňklenýänçä titrleýärler. 1 ml kümüş nitratynyň ergini 0,0166 g kaliý iodidine gabat gelýär. 7 Glýukoza. Refraktometriýa usuly. Bu maksat üçin synag edilýän erginiň we suwuň döwülme görkezijilerini kesgitleýärler. Glýukozanyň grammdaky mukdaryny erginiň düzümine girýän beýleki ingredientleriň mukdarlaryndan ugur almak bilen tapýarlar. Trilon B. 10 ml ergine 2 ml ammiak buffer erginini goşýarlar, ýöriteleşdirlen gara hrom kislotasynyň indikator garyndysyndan 0,05 g goşýarlar we sink sulfatynyň ergini bilen melewşe reňk emele gelýänçä titrleýärler. Şonuň bilen parallelikde barlag tejribesini geçirýärler. 1 ml sink sulfatynyň ergini 0,003722 g Trilon B gabat gelýär. Dermannama Riboflawin 0,002 Askorbin turşusy 0,02 Glýukoza (suwsuz hasaplanylanda) 0,2 Natriý hlorid 0,05 Täze taýýarlanan arassal. Suw 10 ml çenli Hil derňewi geçirlende, kümüş nitraty bilen erginiň ähli komponenti hem täsirleşmä girip bilýändigini göz öňünde tutmalydyr (Glýukoza – ammiak gurşawda gyzdyrlanda). Täsirleşmäniň tizligi dürli-dürlidir. Kümüş nitratynyň ergini damjalap goýberlende, birinji bolup natriý hloridi täsirleşýär (ion täsirleşme görnüşi), soňra askorbin kislotasy, soňunda, 8 reaktiwiň artykmaç mukdarynda durmak bilen riboflawin. Şonuň netijesinde hem, berlen dermannamadaky natriý hloridiniň mukdar derňewini ters argentometriýa usuly bilen geçirip bolmaýar, göni argentometriýa usullarynyň içinde diňe Faýansyň usuly arkaly, ýagny haçan-da, erginiň turşadylmagy titrandyň askorbin turşusy bilen täsirleşmegine beren halatynda geçirip bolýar. Glýukozanyň dikeldiji häsiýetleri, askorbin turşusynyň dikeldiji häsiýetleri şonuň üçin-de, bilen deňeşdirlende glýukozany gowşagrakdyr, Felingiň we beýleki okislendirijiler bilen kesgtilemek üçin öňürti askorbin turşysyny okislendirmeli. Askorbin turşusynyň gatnaşmagynda, glýukozany identifisirlemek üçin timol bilen täsirleşmesini peýdalanmak mümkindir. Derňewiň usulyýeti Organoleptiki barlag Ýaşylymtyl sary dury suwuklyk, mehaniki garyndylary saklamaly däl. Hakykylygy. Riboflawin. 1-nji dermannamada görkezilen. Natriý hloridi we askorbin turşusy. Erginiň 2-3 damjasyna suwgaldylan azot kislotasynyň we kümüş nitratynyň erginlerinden 2-3 damjadan goşýarlar. Ammiagyň ergininde ereýän ak tworog şekilli çökündi emele gelýär (natriý hloridi). 9 Kümüş nitratynyň artykmaç mukdarynyň goşulmagy netijesinde çökündi garalyp başlaýar (Askorbin turşusy). Askorbin turşusy. 1-2 damja ergine kaliý ferrosianidiň ergininden we demir okis hloridiniň ergininden 1-2 damja goşýarlar. Gök reňk emele gelýär. Glýukoza. 2-3 damja ergine 0,01 g timol, 5-6 damja konsentrirlenen kükürt kislotasynyň ergininden goşýarlar. Gyzyl-melewşe reňk emele gelýär. Mukdar derňewi Askorbin turşusy. Derňew edilýän göz damja erginine 5 ml suw, 5 damja fenolftalein goşýarlar we iýiji natriýniň ergini bilen (0,02mol/l) pyrtykal-gyzyl reňklenýänçä titrleýärler. 1 ml iýiji natriýniň ergini 0,00352 g askorbin turşusyna gabat gelýär. Natriý hloridi. 1 ml ergine 1-2 damja bromfenol gögüniň ergininden, 5 damja suwgaldylan uksus kislotasynyň ergininden goşýarlar we kümüş nitratynyň ergini (0,1 mol/l) bilen melewşe reňkli çökündi emele gelýänçä titrleýärler. 1ml kümüş nitratynyň (0,1 mol/l) 0,005844 g natriý hloridine gabat gelýär. Glýukoza. 1-nji dermannamada görkezilen. 10 Dermannama: Natriý gidrokarbonat 0,05 Natriý tetraborat 0,05 Natriý hloridi * 0,04 Arassalanan suw 10 ml çenli Erginiň aşgar hakykylygna reaksiýa gurşawy synaglar bardyr, geçirilende, şonuň erginiň üçin turşamagy netijesinde pH-y lakmus boýunça barlamalydyr. Derňew usuly Organoleptiki barlag: Reňksiz dury suwuklyk, yssyz, mehaniki garyndylardan azat. Hakykylygy Natriý gidrokarbonat. Erginiň 5 damjasyna 1 ml gowşadylan kükürt kislotasyny goşýarlar; kömür angidridiniň puzyrlary emele gelýär. Natriý tetraboraty. Kurkum kagyzyna 2 damja turşadylan ergini çalýarlar, 1-2 damja spirt bilen ölleýärler we guradýarlar. Kagyz gülgüne reňke geçýär, ammiagyň buglary bilen işlenilenenden soňra, kagyz garalýar, soňra bolsa, ýaşyl reňke geçýär. 11 0,2 ml ergini farfor jamjagazynda guraýança bugardýarlar, 2-3 damja konsentrirlenen kükürt kislotasyny goşýarlar, 23 ml spirt goşýarlar we ýakýarlar. Garyndy ýaşyl reňkli ýalyn bilen ýanýar. Natriý hloridi. Azot kislotasy bilen turşadylan 1ml ergine, kümüş nitratynyň ergininiň 2-3 damjasyny goşýarlar. Ak tworog şekilli çökündi emele gelýär. Ol ammiagyň ergininde ereýär. Mukdar derňewi Natriý hloridi. Penisillin çüýşesine 2 ml derňew edilýän erginden guýýarlar, 1-2 damja kaliý hromatynyň erginini goşýarlar we kümüş nitraty (0,1mol/l) bilen sary reňk emele gelýänçä titrleýärler. 1 ml kümüş nitratynyň ergini 0,005844 g natriý hloridine ekwiwalentdir. Natriý gidrokarbonaty we natriý tetraboraty. 2 ml ergine 4ml suw goşýarlar, 1 metil mämişisini goşýarlar we hlorly wodorod turşusy bilen gülgüne reňk emele gelýänçä titrleýärler. Titrlenen ergini plitkada gaýnaýança gyzdyrýarlar we seresaplylyk bilen, kömür turşy gazy çykýança 2-3 minut demleýärler, sowadýarlar, 5 ml fenolftalein boýunça neýtrallaşdyrylan gliserini goşýarlarm 2-3 damja fenolftalein 12 erginini goşýarlwe iýiji natriýniň ergini gülgüne reňk emele gelýänçä titrleýärler. Titrlemäniň soňunda ýene-de 1 ml gliserin goşýarlar; eger reňk ýitýän bolsa, titrlemä dowam edýärler. 1 ml iýiji natriýiniň ergini 0,0095 gnatriý tetraboratyna gabat gelýär. Natriý gidrokarbonatynyň mukdaryny, natriý tetraboratynyň asidometriki titrlemedäki we bor kislotasy bilen alkalimetriki titrleme geçirilenden soňraky ekwiwalentlilik faktorlaryny göz öňünde tutmak bilen geçirýärler. 1 ml hlorwodorod kislotasynyň ergini 0,0084 g natriý gidrokarbonatyna gabat gelýär. Dermannama. Düzümi: Riboflawin 0,002 g. Kaliý iodidiniň 3%-li ergini - 10 ml. Hakykylygy. Riboflawin. Erginiň reňki ýaşylymtyl-sary ultramelewşe şöhlelenmede ýaşyl ýagtylanma berýär. Kaliý iodidi. bolup, 13 1. Erginiň 2-3 damjasyna 2-3 damja gowşadylan duz kislotasyny goşýarlar, 3-5 damja hloramin, 1 ml hloroform goşýarlar we çaýkaýarlar. Hloroform gatlagy melewşe reňke reňklenýär. 2. Erginiň 4-5 damjasyna 1-2 damja swines asetatyny damdyrýarlar. Sary çökündi emele gelýär. Mukdar derňewi: 1. Riboflawin. Erginiň 0,5 ml-sine 9,5 ml suw goşýarlar we 445 nm-de, diwar galyňlygy 1sm bolan kýuwetada alnan erginiň opitiki dykyzlygyny ölçeýärler. Deňeşdirm ergini: suw. Parallel ýagdaýda 2,5 ml 0,004%li riboflawiniň standart ergininiň we 7,5 ml suwuň garyndysynyň erginiň optiki dykyzlygyny kesgitleýärler. Riboflawiniň grammdaky mukdaryny şu formula boýunça hasaplaýarlar: D1 • 0,0001 • 10 X = --------------------D2 • 0,5 14 Dermannama Düzümi: Sink sulfatynyň ergini 0,25% - 10 ml. Кислоты борной 0,2 Hakykylygy. Sink sulfaty. 1. Erginiň 2-3 damjasyna 2-3 damja kaliý ferrosianidiniň ergininden damdyrýarlar. Ak studenist çökündi emele gelýär, ol gowşadylan duz kislotasynda eremeýär. 2. Erginiň 1-2 damjasyna 1-2 damjas bariý hloridiniň ergininden 1-2 damja damdyrýarlar. Mineral kislotalarda eremeýän ak çökündi emele gelýär. Bor kislotasy. Mukdar derňewi: 0,5 ml 1%-li we 6%-li ýa-da 1ml 2%-li we 3%-li ergine 2-3 ml hloroform goşýarlar we 0,02 mol/l ýa-da 0,1 mol/l natriý gidroksidiniň ergini bilen, çaýkamak arkaly gülgüne reňk emele gelýänçä titrleýärler (indikator - fenolftalein). 1 ml 0,02 mol/l natriý gidroksidiniň ergini 0,004894 g, 0,1 mol/l ergini bolsa, 0,02447 g pilokarpin gidrohloridine gabat gelýär. 15 Pilokarpin gidrohloridi we natriý hloridi. 0,5 ml 1%-li ýa-da 1 ml 2%-li we 3%-li ergine 1-2 damja bromfenol kislotasyny gögüniň ergininden damjalap, damdyrýarlar, ýaşylymtyl-sary reňke uksus çenli titrleýärler we kümüş nitratynyň 0,1 mol/l ergini melewşe reňke çenli titrleýärler. Titrlemä harç edilen, 0,1 mol/l kümüş nitratynyň erginini millilitrde, şu formula boýunça hasaplaýarlar: А Х1% = B ---- ; Х2%, 3% = Б – А 5 1 ml 0,1 mol/l kümüş nitratynyň ergini 0,005844 g natriý hloridine gabat gelýär. 16 Peýdalanylan edebiýatlar: 1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary. – Aşgabat, 2007. 2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy. – Aşgabat, 2008. 3. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – melhemler mekany. – Aşgabat, 2011. 4. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri. – Aşgabat, tom 1, 2009; tom 2, 2010; tom 3, 2012. 5. Фармацевтическая химия. Под ред. А.П. Арзамасцева. – М.: «Гэотар-медиа», 2008. 6. Melhemçilik işi we derman üpjünçiligi hakynda Türkmenistanyň kanuny, 05.07.2002 . 7. Беликов В.Г. Фармацевтическая химия: ч.1. Общая фарма цевтическая химия. – М.: Высшая школа. 1993; ч.2. Частная фармацевтическая химия. – Пятигорск, 1996. 8. Арзамасцев А.П., Печенников В.М., Родионова Г.М. Анализ лекарственных смесей. – М.: Компания Спутник +, 2000. 9. Государственная фармакопея СССР. 11-е изд. – М.: Медицина, вып.I – 1987., вып.II. – 1989. 10. А.И.Сливкин, Н.П. Садчикова. Контроль качества экстемпоральных лекарственных форм. Издательство Воронежского государственного университета, 2003.