Seniň gözleriňden ganyp bilemok
Transkript
Seniň gözleriňden ganyp bilemok
1 O. BÄŞIMOWA ŞAHYRYŇ GYZY MEN 2 O. Bäşimowa. Şahyryň gyzy men. Goşgular ýygyndysy. Aşgabat-2012 ý. Şahyr Oguljennet Bäşimowanyň duýgulary akgynly özboluşly poeziýasy bar. Indi birnäçe ýyl bäri ol gündelik metbugat arkaly okyjylarymyza ýetirilip gelinýär. Onuň poeziýasy duýguçyllygy, diliniň ýeňil hem akgynly okalýanlygy, çeperçilik derejesiniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Bu kitapça şahyryň dürli temalardan ýazan eserlerini bir ýere ýygnamaga edilen ilkinji synanyşykdyr. Okyjylar köpçüliginiň arasynda diňe bir şygyrlary bilen tanalman, dürli temadaky publisistik makalalary we çeper terjimeleri bilen tanalýan şahyryň by çaklaňja ýygyndysyna onuň käbir makalalarydyr dürli dillerden eden terjimeleri hem girizildi. Kitaby mahriban käbämiň,kyblamyň we dünýeden ir giden eziz doganym Döwranyň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn 3 Mende bir Watan bar biler bolsaňyz... Türkmen Diýarynyň her gününe nazar aýlap, pursatlaryna ser salan mahalym Hormatly Prezidentimiziň edýän aladalarynyň aýrylmaz bölegi meniň göz öňümde janlanýar. Onuň sungat hem medeniýet işgärlerine goýýan sarpasy... Olar üçin edilýän ummasyz aladalary... Hemişe soýuz döwründe sungat işgärleri üçin şonça aladalar edilýär diýseler ynanmazdyk.Ýörite ýazyjylardyr şahyrlar üçin döredijilik öýleri bolup, ol ýerde döredijilik etmäge mümkinçilik bolardy diýseler, bizin üçin birhili erteki ýalydy. Dogrusy, talyp ýyllarymda ol ýere birje gezek gidibem görüpdim. Ol döwürler halypalaryň şygyrlaryny gapdallarynda oturyp diňlemek bizin ýaly ýaş talyplar üçin elýetmez bagtdy. Ýadyma düşýar. Talyp gyzlaryň içinde goşgy ýazýanlary bardy. Bir gün olaryň biri meni hem alyp, Arçabile tarap ýola düşdi. Men: “A gyz, nirä barýas?” diyip soranymda, “Häzir görersiň, bu saňa garaşylmadyk sowgat bolar” diýip ýylgyrdy. Ýolboýy men özüme garaşýan “garaşylmadyk sowgat” barada pikire çümüp, hemem töweregi synlap barýardym. Be-e... bu baglary diýsene. Dogrusy, ol ýerleri men kiçijikkämem kän görüpdim. Kakam pahyr bizi ol ýerlere gezmäge äkiderdi. Şonda men bu gür baglaryň gözelligine haýranlar galardym. İne, men bu ýere talyp bolalym bari ilkinji gezek özbaşdak gelýärdim, şahyr joram bilen. Hawa, biz tirkeşip girdik:”Salam!” Men bu äýnekli görmegeý aýalyň diňe gazetlerde suratyny görýärdim. ...Ol salamymyzy aldy. ”Salam!” “Tüweleme, geliň gyzlar!” Joram ol äýnekli görmegeý aýal bilen meni tanyşdyrmaga başlady: “Nazik Annatyýewna, bu Oguljennet. Meniň kursdaşym, goşgy ýazýar. Menem keýerjekläp durun. Birdenem ”goşgy ýazýar” diýen söz täzeden gulagymda ýaňlandy-da, ýygryldym. Halypalaryň ýanynda durmak kyn-a. Ýuwaşlyk bilen, tasdan pyşyrdap diýen ýaly: ”Jennet diýseňizem bor-la” diýdim. Ýüzi agras görünse-de, äýnekli owadan aýal bizi garaşyşymdan gowy garşylady. Ol: ”Gel, gel Jennet gyz, geç! Tüweleme, geläýdiňizmi? Şeýdip käte gelip duruň. Şäherin güwwüldisi ýok welin, içiň hem gysaýýar käte” diýdi. Joram: ”Nazik Annatyýewna, Oguljennet edebiýatyň ölemen aşygy, oňa goşgy okap berseniz-ä gowy bolardy” diýip, derrew matlabymyzy aýan etdi. Meniň guşum uçdy. Halypanyň eserlerini öz dilinden diňlemek ýaly hezil zat barmy näme?! Bu pursatlary men şol wagtam, häzirem hiç bir özge hezillige çalşyp biljek däldim. Näzik Annatyýewna: “Gyzlar, ilki bir çaý içeli” diýip, çaý goýmak bilen boldy. Men: “Şu ýerde ýekeje özi ýaşaýarmy? Öýümi?” diýdim. Joram: “Ýok, ol şäherde ýaşaýar, ýöne bu ýeri onuň döredijilik öýi. Ol bu ýerde diňe ýazýar, döredijilik bilen meşgullanýar” diýdi. Men şonda şeýle bir geň galdym, şeýle bir geň galdym. Asyl, şahyryň, ýazyjynyň döredijilik öýüniň bolýandygyny birinji gezek eşitsem näme?! Şodur-da, şodur menin aňymda: “Ol şäherde ýaşaýar, bu ýeri onuň döredijilik öýi” diýen söz beýnimde ýaňlandy durdy, ýanlandy durdy. Onýança-da Nazik Annatyýewna eli uly çäýnekli içeri girdi. Soň üç bolup goşgy okaşdyk, halypa bilen. Men-ä utanýardym, “ goşgy oka” diýilse.Garaz, men şähere dolandym. Şodur-da-şodur beynimde “Döredijilik öýi” diýen düşünje doňup galdy.“Döredijilk öýi-de” ýadymdaky söz kibi bizden judajuda daşlaşypdy... ...Men bolsa, kagyzdyr galamyň aşagyndan çykyp bilmän, Gurbannazar şahyr aýtmyşlaýyn “älemgoşara bir gaş kakmak üçin”, gör, näçe ejirler çekdim. Magtymgulynyň “Gaçgynym köplükdir, gözlegim hylwat” diýşi ýaly, döredijilik işinde ähli döredijileriň bolşy ýaly, ýekelik küýsedim. Bu maňa gaty gymmat düşdi. Ýöne nätjek, tebigatyňda bar zatlary barybir aýryp bolmaýar.“Döredijilik öýi” diýen düşünje meniň hakydamdan ýekeje pursat hem çykyp gidibermeýärdi. Hamana, döredijilik ussahanaň bar bolsa, şol ýerde saňa şygyrlar garaşyp duran ýalydy. Bu meniň durmuşda iň köp islan zadymdy. Arman… islegler hemişe başa barmaýarlar ahyry ?! İne, şeýle arzuwlar, ýatdan çykan temalar bilen men diňe işlap ýördüm. Birdenem Gündogaryň şamçyragy, akyldarlaryň patyşasy Jelaleddin Rumynyň öz halypasy Şems Töwrüzi baradaky ýazan ýazgysyny ýatladyp, bir Gün dogdy.”Şems Töwriz şaherinden çykyp, bize bakan gaýdanynda, aýam, ýyldyzlaram ona sejde edip, ellerini gowşuryp duryberdiler”. Dogrusy, Hormatly Prezidentimiz hakynda-da men dine şuny diýibiljek. Ol bize, döredijilik işgärlerine tarap bakanda, ähli döredijilik dünýämiz oňa tagzym kylýardy. Meniň indi dine döredijilik otagyny däl, döredijilik işgärleri üçin tutuş döredijilik şaherini gurup berýän ýurt ýolbaşçysyna bolan minnetdarlygymyň çägi ýok.Hormatly Prezidentimiz bize kalbymyzda ömürlik doňup galan arzuwlarymyzy täzeden direltdi.Döredijiligiň gülleýän ýurdunda agzalalygyň bolmagy mümkin däl. Bu ýurt jenneti mekan. Bu ýurtda her kimiň öz bagtyny tapmaga, döredijiligini ösdürmäge mümkinçiligi bar. 4 Bu Watanda ýaşap neneň bagtly bolmajak?! Bu Watan erenleriň Watany, bu Watan kynçylyk görenlerin Watany. Bu Watan bagtyýarlyk mekany. Bu Watanda many-mazmun açylýar. Bu Watanda ynsanlar birek-birege güler ýüz, ýagty hem aýdyň duýgy bilen bakýar. Hut şol sebäpli hem bu Watanyň gadyryny bilmegimiz gerek. „Ejeň öÝi aÝdymdyr“ (Käbäm ejem Sona Ata gyzynyň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn) Ejem hakda näçe ýazdygymça,mähriban aýallaryň keşbi göz önüme gelýär.İň gowy görýän zenanlaryňy ejeňe meňzetmek, olara seredip, ejeňi gören ýaly duýgyny başdan geçirmek, elbetde, ynsan tebigatyna mahsusdyr. Eneň öýi bolsa, seni bu dünýä getiren mukaddes ýerdir. Seni bu dünýä bilen öwrenişdiren, seni bu dünýäniň söýgüsi bilen bir eden, iň ajaýyp zatlary, halallygy, wepalylygy, arassalygy, mahribanlygy, salamy öwreden ýerdir ol. İlkinji bosaga, ilkinji daýanç nokadydyr. İlkinji melewşe,hemem sary renkli älemgoşary, jümjümäni, güneşi, buludy saýhallamaga itergi beren çelgidir. Eneň öýi ykbalyňdyr, aýdymyňdyr, eneň öýi seniň höwesleriň hossarydyr, takadyn, ganatyn, kanagatyňdyr. Şol öýde ýaşamak, şol öýe bagly, şol öýe hossar bolmak bolsa seniň baky borjuňdyr. Aýdyma öwrülen öýüň üçeginde gugurdaşýan gumrular, söwüdiň aşagyndan akýan ene ýabyň sesi, bu zatlarda seniň çaga aňyň eglenendir. Bu zatlarda seniň ganyň bardyr, seniň ganyňda bu zatlar bardyr. Ýagşylyk, ýaranlyk, ýadyrgamazlyk, bu terbiýeleriň ählisi eneň öýünden başlanandyr. Şonuň üçinem sen oňa düyşüne girende, düyşde baş egmani, huşda baryp gaýtmany, habar tutmany hiç ýadyndan çykarmaly dälsiň. Seniň galpak toýuň hem şol ýerde edilendir, senin akja dişleriň dürterip, ynsan teninden çykanda-da nogul-nabat şol öýde seçilendir. Ýadyňdadyr. Üstüňe hogul seçenlerinde, seni hem owadan halynyň üstünde oturdandyrlar. Şonda halydan böküp düşüp,tigirlenip gidýän nogullaryň şygyrdysy seniň gulagyňa ýakymly eşidilip, “jykyr- jykyr“ gülensiň. Doganlaryň hem saňa guwanyp, hezil edip gülerler. Sen ýene olaryň gülküsine gülersiň, şeýdibem seniň ömrüň aýlanar. Ulalarsyn, bilim alarsyň, obada aýdylyşy ýaly „adam bolarsyň.” Durmuş toýuňam şol öýde tutarlar. Gyz bolsaň, taýyňy öýe getirip, toý tutup, ak pata berip goýbärler, oglan bolsaň, taýyňy gelnalyjylap, duluna getirip berip, toý tutarlar. Özbaşyňa “höwürtge” edip bererler. Sen perzentsiň, ene-ata ony özüne borç ediner. Senem olar seniň üçin hakykatdan hem etmelidir öýdersiň.Ah,şeýle ýönekeý pikirler bilen hem biz hemişe ene-ata agram salýarys.Ömür aýlanar, onsaň özüň ene-ata bolarsyň. Şonda sen hem öz borjuň hakda oýlanyp başlarsyň. Oýlanmasaň hem oýlandyrarlar. Çünki seniň göwün hyýalyň-a ogulda-gyzda bolar, olaryň göwün-hyýaly welin, daglarda-düzde bolar. Şeydibem, sen garry öýüň hysyrdylaryndan daşlaşyp, öz höwürtgäň aladalary bilen boluberersiň. Taýyňa guwanyp, taýyň bilen ylalaşyp ýaşamagam, juda-juda düşbüligi, juda inçeligi talap eder. Seniň görküň gün-günden başga sepgitlere geçer. Maňlaýdaky gasynlar käbäň bilen kyblaňy ýada salar durar. Obadaşlaryň seni gaýry ýurtda görseler hem “Sen pylanyň oglumy ýa gyzymy?“ diýip, derrew tanarlar. Oňa-da sen öz ýanyňdan monça bolarsyň. Näme, şeýle bolmalydyr-da. Sen-ä eklenjiň ugrundasyň, ogul-gyzyň hem seniň barlygyňda ýaýnaýandyr. Yöne ejeň öýi welin, ýadyňa düşsün dursun. Düýşüňe girsin dursun. Men muny her bir ynsan balasyna dileg edýärin. Sebabi seni dünýä getirenler oýüň bir burçunda gelniniň demläp beren çaýyny içip, agtyklary bilen hümürdeşip oturandyrlar. İne, şu görnüş welin, seniň ömrüňe keşde bolup çekiler. Barsaň, bokurdagyň dolup tolgunarsyň. Şolaryň kem güni ýokduram welin, sen ýetýän dälsiň, habar tutup dursaň kem görmezler. İne, adamzat, sen olaryň ähli keşigini egniňde çekmäge borçlusyň. Çünki olar-da şeýle edendirler. Olar bilen az salym çaý içip, iç döküşersiň welin, ýüregiň giňär gider. Dertleriň ýok bolar. Daş çykarsyň, seniň çagalykda geýen bejergili 5 köýnejigiňi geýip, jigiň oýnap ýörendir. Ony göterip, bagryňa basarsyň, ýokaryk galdyryp, bökdürersiň welin, jykyr-jykyr edip güler. Monça bolarsyň. Ol seni tanar. Ol oýnap ýören çagajyklarynyň arasyndan seni görüp sogrulyp: “Pylan kakam gelipdir ýa pylan ejem gelipdir!“ diýip, sesiniň ýetdiginden gygyryp, ylgap gaýdar. Sen onuň hossarysyň. Bileje oýnap ýörenje çagajyklar hem onuň bagtyýar şatlygyna haýran galyp seredişerler. Ol muňa buýsanar. Seniň bolsa hut öz çagalygyn göz öňüňde janlanar. Sen oňa hossar bolup, obaňdan daşlaşanyňa, şeýlede yssyja ýerjagazyň Ýeriň ýüzünde seniň üçin ýeke-täkdigine düşünersiň. Ejeň öyi aýdymdyr. “Eziz dogan, dolangyn!” diýip, ýollar saňa çawuş çakar. Dolangyn, dolangyn, dolangyn, dogan! Seniň kalbyňda yzaň köpelse, obaňy, öýüňizi göresiň gelendir. Seniň nazarlaň sowasa, öýüňizi küysedigiňdir. Seniň ýürekde ganyň gysylsa, damarlaryň obaňy—ejeň öyüni küýseýändir. Dolangyn, eziz dogan, dolangyn, derdiň dep bolar şonda. Adam dıýenıň täsin. Ony nähılı edıp terbiýeleseň, nämänı zandyna guýsan, ol şonuň ýaly-da bolýar. Dünýä belli suratkeşiň eserınde kiçijik, köneje, haraba çalymdaş obanyň suratyny çekip, dünýä belli bolandygyndan sız habarly bolsaňyz gerek?! Ene bilen ata diýenıň dünýäniň iki mukaddesligir. Şu iki mukaddesligi saklamak, olar dünýäden ötensoňlar aýat-töwir etmek, elbetde, ynsanyň borjudyr. Şu borjy sen kim bolsaňam, ýerine ýetırmelisiň! Muny türkmen “perzentlik borjy” diýip atlanyrýar. Ynsan öýüniň mukaddes bolşy ýaly, perzendıň ene-ata hakyndaky duýgularynyň ýatlamalary-da mukaddesdir. Ynsan ömrüniň haýsy sepgidi bolsa bolubersin, öz ömründäki süyji ýatlamalaryny hemışe eziz saklaýar. Ol şonuň üçinem öz bagtly pursatlaryny, ýatlamalaryny ýaşadýar. Ejeň öyi aýdymdyr, elbetde. Sen ony ynsan balasy bolup, mukaddeslik hökmünde saklamaga borçlusyň. Bu senıň ynsanlyk ýazgydyn in çunlarynyň, iň esasylarynyň biridir. Mähribanlar hakda ýatlama ýazmak, mähribanlaryň aladasyny etmek, mähribanlara rakyp bolmak birinji şertdir. Käbelerem, kyblalaram ynjamasyn, ylaýym! Ömrümiň ylhamy Megerem, akyldar şu setirlerini biziňki ýaly ahwala düşeninde ýazandyr: „Biziň oýalygymyz dünýä şem bolar“ Tebigatyň gözelliginden ylham alyp gaýdýan ynsan ýüreği bogunma-bogun, damarma-damar, janma-jan ylahy duýgynyň yşkydyr.Beýle ýürek şahyrlara mahsusdyr. Tebigat guýmagursak şahyrynyň ýüregine bir närsäni, ylhamy guýanda, şol duýgynyň, şol bagtyň özeni edil enäniň ýüreginden çaga mahir geçişi ýaly,ýaradanyň nur-yşkynyň şahyryň ýüregine geçişidir diýip düşünýärin.Şonun üçinem şahyryň ylhama bagyşlap ýazan: Gelende hezillik, yz yany bilen, Goşgy, bagt getirmiş öz ýany bilen—diýen setirleri dünýäňe dolýar. Men öz sözlerimi şahyryň setirlerinden alaýyn: Ýaşasyn adamlaň hem tebigatyň, Arasynda güňlap duran sazlaşyk—diýen setirleri-de bu ýerde artykmaçlyk etmez. Dogrudanam,adamyň hem tebigatyň arasyndaky beýik sazlaşygyň ruhy dünýäňe berýän ahwalaty düşnüksiz hem şirindir.Tebigat! Onuň öz dünýäsi bar. Seniňem öz dünýäň. Ol seniň dünýäňi dolandyrýan güyç merkezidir. Aşyklaram bir-birege sataşanda, gözel tebigatyň üsti bilen sataşýandyr.Dessanlarda-da dünýa edebiýatynda-da tebigatyň ägirt güýjünden bölünip gaýdýan ýar mähri diňe tebigatyň inçe ýollaryndan aşýandyr. Ynsan beýnisi tebigatyň bir bölejik „ýassyjagy“. Ol käte-käteler baýry ýada salýar. Ol gije-gündiz hereketde. Ol şol “baýryň” üstünde pasyllar, aýlar, günler, ýyldyzlar, wagt, hereket, dirilik, uky we ş. m. bolup aýlanyp dur. Ýaşaýyş dowam edýär. Bu—baky pelsepe. Yöne şu pelsepäniň içinde adamzada degişli bir hakykat bar. Olam yşyk bermek. Dünýäni ýagtylandyrmak, nurlandyrmak. 6 Adam bir zadyny ýitirýär. Tebigat adamdan bir topar zatlary alýar. Emma tebigat başga-başga zatlar bilen ähli alan zatlarynyň öwezini dolýar. Tebigat boşluga çydamaýar. Onuň öz hasaby bar. Ýadyňdamy?! Ýadyňdadyr, elbetde. „Şo-ol owadan dere. Sen hem men, ikimiziň düýäni unudyp yşga düşenimiz. Göwnüme bolmasa sen meniň gelerime köp ýyllap garaşan ýaly, ikimiz ilkinji gezek duşanymyzda bir-birek bilen öňdenem tanyş ýaly duýgyny başdan geçirdik ahbetin! Bu, belki, menzeş adamlaryň ählisinde bolup geçýän tebigy ýagdaýdyr. Meniň ýüregim kamillige atygsaýar. Onuň ýasalyşy şeýle. Hawa, biz ýaz ýapynjaly ýap-ýaşyl derede yşka düşdük. Biz bilen bile otlaram, daşjagazlaram, kakiliklerem, asmanam, zeminem, ahli zatlar yşka düşdi. Biz bir pursat ýalňyz galdyk. Daş-töwerek baharyň ysy garylan gülden ýasalan gämini ýada salýardy. Göýä diýersiň, bu gämi sanlyja minutlardan zeminiň üstünden göterilip, asmana uçup gidäýjek ýalydy. Ahyry dil ýardyň: “Şu güli tanaýarmyň!“ “Yok.“ Göm-gökje güle seretdiň-de:“Tekesakgal!“ diýip, täsin ýylgyrdyň. Şonda saçlaryňy sypasym geldi. Ellerim bilen saçlaryňy sypamasam hem, gözlerim bilen sypaladym. Şeýdibem, goşa gumry ýaly tirkeşip öýe gaýtdyk. Jigiň çaý-nahar taýýarlaýança, sen meniň suratymy çekmäge başladyň. Asyl sen gezmäge baralym bäri, meniň oturan otagymdan çykmadyň ahbetin! Uzak gün maňa seredip otyrdyň. Surat şowly çykdy. Gaşlarymy azajyk çytygrak çekipsiň. Gözlerime gussa garyp çekipsiň, Ýogsa, ol günlerde gam-hasrat azdy. Suratymda keşbime nur sepipsiň, Biziň duşuşygymyz owadan ýazdy. Söygi sözlerini nagyşlap ýazyp, Reňklerden setirler bagyşlap ýazyp, Ýaňagymda al şapagy ýakypsyň, Sen dünýäme girip, dünýä çekipsiň. Suratyň aşagyna adymy ýazyp, öz adyňy halkalap goýberipsiň. Hawa, adyma adyň halkalanyp galdy... Sen ikimizi özüňe birleşdirýän yşkymyzy biziň öz kalbymyzda gizlemegimizi, şeýdibem, biziň birleşmegimizi bize ýazgyt edipsin! Meniň bu sözlerim söygüniň ruhundan lezzet alýan ajap bir aýdymyň sedasydyr. Meniň bu sözlerimde damarlarda ýaşaýan yssy mahriň öýjükleri bar ahbetin! Älem ruhlaryna birleşip gidýän yşky ýollaryň güllerini çöplap, aşyklyk barada setirler ýazdym. Söygülimi küýsedim! Ol küyseg meniň bilen onuň arasyndaky küyseg bolaýmasyn?! Ol küysegiň duşuşygynyň lezzeti bir ömürde alnan ähli lezzetleriň gözeli bolar. Dünýäniň sataşmadyk aşyklary! Siziň ähliňiziň kalbyňyzdaky aýdymlar birdir. Ol aýdymlaryň dili hem, sazlary hem, sözleri hem birdir. Hatda ol aýdymlardaky heňler hem birdir. Hut şol aydymyň dem alynýan ýerlerindenem dünýäniň ähli sataşmadyk aşyklarynyň demini tapyp bolýandyr... Biz sataşdyk. Ykballara siňmedik, Ýogsa ýanyp duran baky ataşdyk, İkimizem özgeleri diňledik, Şoň üçinem az wagtlyk sataşdyk. Bu hat belki sen hakynda-da däldir. Yöne bu hatda ikimiziň kalbymyza ýyldyrym çakdyran baharlaryň waspy bar. Bu hatda öpülmedik leblerde doňup galan yssylyk bar. Bu hatda ýuwaşjadan ýöräp, aýly gijaniň asmanyna şugla saçyan, iki sany bir-biregin mährini dartyp duran ýürekleriň sesi bar! Birden ara garyşladyň, Bir gözelden hatlar bardy. 7 Name üçin garaşmadyn?! Sana aýtjak zatlam bardy. Oý-hyýallaryň kerweni kimin otly gijeligiň içini böwsüp, tomsuň aý-aýdyn gijesinde hamana, iki tarapyndan ganat bolup serpilen ýaly, daglary bölýän demir ýol bilen Aşgabada tarap gaýdyp gelýärdi. Dünýä uklady..., ümüş-tamyşlyk. Gapdalymdakylaryň ählisi süyji ukuda. Eger-eger oýa adam ýok ýaly. Diňe men daňdanyň çigrejik howasyndan dem alyp, aýnadan daşaryk seredýän. Birdenem süyt ýaly aý-aýdyňlygyň alnyndan süýnüp gaýdan ak-üýtgeşik zada gözüm düşdi. Azajyk gorky bilen aýna seretdim. Hi-ih, sen!.. Men içimi çekenimi duýman galypdyryn. Be-e..., bu seniň ruhuňmyka! Hawa, men oňa düşündim. Seniň ruhuň maňa dözmedik bolara çemeli, hakyt ol otly bilen bile gaýdyberipdir. Bilýäňmi näme, şahyryň kalbyna şygyr örän näzik duýgular bilen girýär. Ol örän ynjyk hem gözel. Sen bolsa, meniň kalbyma akýan setirleri duýmaýarsyň. Aramyzda bir aýna bar. Aýna tomus gijesininň salkyn howasyna az-kem sowapdyr. Menem, senem aralykda duran aýnany sypalaýarys. Meniň bir mahalky ejem görgüliniň:”BU DÜNÝÄDEN ADAM GÖÇ EÝLEÝAR, SÖZLERI BOLSA YURT TUTUP GALÝAR”diýen sözleri ýadymda. “Söýgüli bahanadyr, söýlen Alladyr”. Dananyň aýdan sözlerini gijeligiň içinde pyşyrdaýaryn.Garaňky gijede köpçüligiň içinde sataşan nazarymyz hakda men goşgy ýazdym: Biz sataşdyk, Ýagyş ýagyp başlady, Gaýalar ýuwuldy, güller görklendi. Biz sataşdyk, leýlisaçlaň telleri, Akyp ýatan dag suwuna örklendi. Biz sataşdyk, Derelerde käkilik Has dury saýrady, has köp saýrady. Biz sataşdyk, bu owadan pursata, Günem biraz doňup galdy gaýrada. Biz söygiň gujagyna gaýyp düşäýen, Ýakyp barýan bir alawdyk, ataşdyk. Bahar ýeli gülälegi guçanda, Biz olary gaýtaladyk, sataşdyk. Biz sataşdyk, Dünýäň sallançagynda, O sallançak öran batly üwreldi. Bir mahalky öykelän päk duýgymyz, Täzeden dem alyp, Ýene direldi. Kuýaş bilen dag gerşiniň ýylmanak, Yüzündäki surat ýaly gatyşdyk. Biz gijeler bir-bireksiz ah çekip, Şonuň üçin bu säherde sataşdyk. Biz sataşdyk, Ýodalaram birleşdi, Baýyrlaram goşalandy monjuk deý. Dünýa, näme üçin aşyk sataşsa, Önküdenem kejeňek sen, dänjik sen?! 8 Biz sataşdyk, Çünki, biz bir ataşdyk, Çabrap, çawlap, ýer yüzünde tutaşdyk, Hernä duýgularymyz ýalan däl eken, Şon üçinem sataşdyk biz, Sataşdyk! Dünyaniň şirin lezzetlerinin ählisini bir gapdala süyşürip bilyan aşyklyk, ýar mahri diýeniň öran täsin. Ol seniň dünýäňde bolup geçýän ähli agdar-düňder zatlary bir gyra süýşürip, saňa täze ýol açyp berýär. Ynha, ertir Gün dogar. Ol Gün seniň üçin toýly, meniň üçin bolsa, bütinleý ýalňyz galan ykbaly oýarar. Otlynyň daş-töweregine aýlanýan ýaly daglar, hamana, meniň üstümden gülýäne meňzeýär. Meniň gulagyma öten agşamky “Küşdepdide” aýdylýan gazalyň sesi gelip duran ýaly. Aýdyň ahbetin, doganlar! Men nädip öz ýarymyň toýunda küşt depeýin?! Ah, toý obany göçüraýjekgöçüräýjek bolýar-a! Edil şu pursat göwnüme toýuň göçgünine asmandan bölek-bölek bolup, Aýam ýere gaçaýjak ýaly. Hawa, aramyzda otlynyň galyň aýnasy bar. Sen ol aýnany sypaladyň, yöne meniň saçlarymy bir gezegem sypalamadyň. Yöne meniň ýaňagymy bir gezegem sypalamadyň. Ejap bilen ynsabyň arasynda köp zat bar ahbetin. Ahyry penjirä nazarymy dikip oturşyma daňyň düýbüniň çyzylýanyny duýdym. Allatagala adamzady gijelikden ýene gündizlige çykarýar. A meniň welin, kalbymdaky gijelikde entek “daňyň düýbi çyzylanok”. Tomsuň yaz bilen sepleşýän ýerinde tutulýan toýuň şowhuny barha gyzyşýar. Toý eýeleriniň diýseň ýüzi açyk. Daş-töwerek, ähli zat sazlaşýar. Hawa, bu toýda göwnüme bolmasa, dine iki sany yürek gussa çekýär. Bu zatlaryň ýalandygy hakda hiç kim hiç zat diýip bilmez. Çünki, ony başdan men geçirdim ahbetin! Meň duýgularymy beýan edýän hatlarymy seniň hali-şindi gaýtalap okaýanlygyny men bilýän ahbetin! Men ony ruhy nazarlaryň bir-biregi gözleýän bakyşlarynda görýärin. Biz entegem bir-biregiň nazarynda ýaşap ýörüs. Toý gazanlarynyň sowaşan közlerine seredip oturyşyma, şol közler sowadykça, daňyň hem düýbüniň çyzyldygysayy, seniň menden daşlaşjakdygyňa meň yüregim gyýlyp, közi synlap otyrdym. Häzir wagty azajyk saklap bolýan bolsady. Onda meniň ýalňyzlygymam azajyk eglenerdi. Birdenem ýokarda dalbaryň beýikliginde duran sekide ýatan ýerimden, ho-ol aňyrda kiçijik ýorunja peliň gyrajygynda oturan ap-ak eşikli, uzyn boýly bir adama gözüm kaklyşdy. ”Göz ýaşlarym meni garjaşdyrýan bolaýmasyn?! Bu ymgyr gijede kim otlugyň gyrasynda otursyn?!” diýip, gözlerimi süpürdim. Kellämi ýassykdan galdyrmanam synladym: Aý aýdyň gijede ýaňky ak eşikli erkek kişiniň hamsygyp, aglaýandygyny görmek kyn däldi.Bu asyl sen ýaly-la… Hawa, bu sen… Diymek, senem aýralygyň girdabyna düşüp barýanyň üçin, bagryňy paralaýaň. …Aramyzda sahel menzil bar. Bir, iki, on-on bäş ädim. Megerem, sen meniň oýadygymy bilýäň?! Sen-ä meniň ýanyma gelip bilmersiň dünýäm! Menem seniň ýanyňa baryp bilmerin.Ýöne häzir iki ýürek, sözleşip otyr, olar bir-biregiň ýüküni çekýär, gussasyny paýlaşýar, derdine şärik bolýar. Aramyzda öran az menzil bar,ýöne biziň ol menzili bozmaga ikimiziňem ynsabymyz çatanok. İne, yürekler nähili sözleşýär, men şonda söyginiň gudratyna ýene bir gezek haýranlar galypdym. Men ýene-de ikinji gatda gyzlar bilen hatara ýatan ýerimizden aýdyn gijede Aý bilen söhbetdeş bolýan. -Sünnäläp-sünnäläp keşde çekýär Aý, Ýyldyzlar ýüp ýasap zyňýar uzaga, Uzak gije yklymlary sökyar Ay, Eziz ýaryn salyp bilmän duzaga. Şol wagt birden maňa dutar çalyp bereniň ýadyma düşdi. Dutaryň şirin owazyndan soň, men saňa söýgi hakda goşgy okap bedrim. Sen şonda “Köprak ýaz!” diýip, çynyň bilen, edil şägirdine halypasynyň tabşyryşy ýaly aýdypdyň. Bu meniň gözleýänje zadymdy... -Sen maňa “ýaz!” diýýäň, sen saz çalaňda, Biziň ýüreklermiz dünýä ýaň salar. Saz çalyp, söz ýazyp, ynan, sen şuna, Ahli aýralygy- gamy ýeňse bor. 9 İkimizi şo-ol owadan baharda duşuran şatlyk dälmi eýsem?!Ýöne biziň ýüreklermizi gussa-gam, şatlygyň elinden derrew alypdy. Bu zatlaryň takdyram, hereketem asmandan gelýändir. Ýöne yüreklerimize ýalňyzlyk getiren gam, ýene bir öran ajap zadyň üstüni açdy, şatlyk getirdi. Ol seniň okap oturan eseriň döremegine itergi berdi. Näme üçindir, şahyrlar özleriniň gussaly pikirlerini gaýtalamagy gowy görýärler. Men bolsa, gözelligiň yşkynda, şahandazlyk göçgüninde ýene seniň köňlüňe tarap barýaryn. …Toýuň şowhuny dünýäni göçüräjek bolýar. Biz synpdaş gyzlarymyz hem jigilerimiz bilen bir gyrada durus.Täze gelin geldi. Gözelligi kemsiz, toý-dabara öran gyzykdy. Meniň göwnümem agşamkydan az-kem köşeşen ýaly. Belki, ahli zatlara boýun bolup barýanymdandyr. Ýa söýginiň berýän mertligimi, bilmedim, garaz, toý dowam edýärdi. Küşt depilip, altyn gabak atylyp, guşak çözdürildi. Özümi gözleýän gözlerden kän gezek gizlendim. Giden märekaň içinden bir zadyny ýitiren ýaly bolup duran ol keşp, meniň ömrümiň ahyryna çenli hiç ýadymdan çykmaz. Gije bir çene bardy. Bizi hormatlap ýene önki ýerimizden ýatmak üçin ýer taýýarladylar. Ýadawlykdanmy, takdyra ten bermekdenmi, men usurgap, ýatyp galypdyryn. Gijäniň bir wagty ýüregimiň ähli diwarlaryna edil gyzgyn suw sepilen ýaly bolup oýandym. Birdenem başga ýerde ýatanym ýadyma düşdi. Gijelik. Aý bir bölejik buluduň aňyrsynda menden utanýan ýaly bir çykyar, bir gizlenyar. Ýyldyzlar bolsa, hiç zat aňmaýan adamlar ýaly, maňa gyjalat berip: “Aýyň daşyna dönüpdolanmaýana aşyk diyilmez” diýşip pyşyrdaşýan, gybat kakýan ýalydy. Şeyle bir çyrlaklaryň sesi gataldy welin, bu meniň gussamyň tassyklanmasymyka?! ”Söýen ýaryň indi seniň üçin ýok” diýildigimikä?! Belki-de, bu, aýralyga goýulýan nokatdyr?! --Meniň söygim hiç wagt tükenmez. Men bolsam,aýralykdan senden aýra düşýänim üçin däl-de, saňa bolan yşkymyň menden daşlaşjakdygy üçin gam çekdim. Emma halypa ony maňa ýeke sözlemde düşündirdi ahbetin..! Menin söýgim bolsa, hakykatdanam, Allatagala bolan söygä öwrülip, meniň bilen şu güne çenli ýaşaýar.Geljekde-de ýaşar.Ol söygi diňe toý tutan ýigide dal, dogry düşün! Men oňa bir zat üçin minnetdar, ol meniň yüregimde öçmejek söýgi duýgusyny döretdi, ol söýgi kime bolsa-da onuň aňyrsy Alla sapylandyr. Şonuň üçinem ýüregimde beýik söyginiň, sönmez söyginiň döremegine bahana bolan ýigidi-oňa bagyşlan duýgularymy men hazirem şol uly söygimiň içine garyp, göterip ýörün. Ertesi adatdaky ýaly Gün dogdy. Men ýene seni ýatlaýan. Ýalnyzlyk näme üçin meni gysypgowurýarka? Daşyňy gallap duran adamlaryň ahlisinden daşlaşyp, ýalňyzlyk dünýäsine aralaşýaryn. Ol ýerde-de men ýalnyz däl ekenim. Ol ýerde gaýta sen meni derrew tapýarsyň. Bu owadan daňlar nämä pyşyrdaýar?! Meni ýazgarma könlüň söýgi açary. Ony söýgüsiz açyp bolmaýar. Söygüli ýeke-täk, diýmek, söygä diňe söýgüde sataşyp bolar. Gözelligiň açary hem söýgi. Söýgini gözelliksiz göz önüne getirmek mümkin däl. Söýgi juda näzik. Onuň asly gözellikden. Gözelliksiz ýeke söygi gördüňmi?! Ýa söýginiň ýerligi gözellikdenmikä? Söýginiň asly gözellikdenmikä, dillensene, e-ýý..., yşk uran dünýä! *** Bu zatlaryn ahlisi şeyle boldy. Sen kiçijik, ot-çöpi juda az, ýöne dag etegini ýaplanyp, ýatan şaherjigin merkezinde ýaşaýandygyňy aýdanlarynda, men seniň didaryňy görmäge howlukdym. Heý, şeyle kijijik şaherde öz göwnüň söýenini görüp bolmazmy?! Eysem, ençe ýyllap zar bolan didaryňy görmek günämi, näme?! Söygi,yşk günalerden, däp-dessur-kanunlardan beýikde ahbetin! Onuň azatlygynyň çagi ýok ahyryn! Ol iň sonunda öran ýokary galýan asmany—Arşy duýgularyň yzyna düşýär-de gidip barýar, gidip barýar. Söygi bilen azatlyk ikisi bir zat ahbetin, ony aýdyp geçdiler, senden öňküler. Diýmek, söýüp, azatlyga ýetmek ýakymly zat. Söýgi azatlykdyr, azatlyk söýgüdir. Söygi bolsa ýene azatlykdyr. Şonuň üçinem söý. ...Men her ýyl deňiz kenaryna olgum bilen dynç almaga gidýärin. Şonda seni ýatlaýan. Seniň balykçydygyň ýadyma düşýär. Ýyllar seni saçlaryna ak sepelän,epeý pyýada öwrüp goýupdyr. Yüregimiň çuňlugyndan käte-käte syzyp duran duýgym, ilkinji söýgimiň armany ýaly. Söygim yürekdäki näzik çeşme, ol meniň ýüregimden syzylyp çykyp, ruhuma aýdym bolup siňýär. -Söýgi hakda ýazyp ýörün henizem, Söýginiň agramy ýürege belli Söýgi melekleriň ýaşaýan yeri, 10 Söýgi ýüreklere beýik teselli. Meniň ýüregimiň aýdymlary öz şirinligini yitirmez.”Ynsanlar ähli yhlas edenlerine ýeterler” diýen söz bar. Ana, sen şol yhlas edenlerime ýetirjek ylham güýjüm. Ylham bolsa, ynsany Alla bilen duşurýan güýçdür. Düýş —Gel, otur! —Dostum, mähriban dostum! Ikimiz gör näçe ýyllar bir-biregiň didaryny görmedik. Sen ajy ýylgyrdyň. Eliňdäki çöp bilen ojaryň közüniň aşagyny galdyrdyň. Şonda şol ýerden meň yüregimiň howry galyp giden ýaly agyr ýalyn çykdy. Eýsem, aýralyk adamy bir-birege has ýakynlaşdyrýarmy näme? —Bilmedim. Ýöne şu geçen ýyllarda men seniň gözleriňi, bakyşlaryňy, gözleriň şuglasy syçraýan gabaklaryň inçejik çyzyklaryny küysedim. —Duýgular nämekä? —Olar yüregimiň ganatymyka diýýärin. Eý, meniň ýaşlygymyň owazy, owadan günlerimin dosty. Men saňa kän zatlar aýdasym gelýär. Belki, bu aýdylmadyk sözleriň perişdeleri meniň saňa aýtjak sözlerimi pyşyrdap aýdandyr. Sen ol sözleri bilýän ýaly meniň ruhy dünýäme täzeden gaýdyp gelýärsiň. Pyşyrdylar ähli derwezeleriň açary.Söýgimiziň hatyrasyna meni bir gezek görmage gel. Ähli gamly wakalaryňam in bolman birje ýerinde yşk bar ahbetin. Meni bu hatlaryň ummanyna taşlama.Olaryň biri maňa özümi halas etmäge gämi bolsa, beýlekisi äpet deňziň gomy. Ol meni şeýlebir bulap zynýar. Maňa aýňalmak kyn. Hawa, bu hatlar wysala gowşanlar üçin däldi. Wysala gowşanlar dine bir wysala sataşyp, söýga uçramaýarlar. Olar hak aşyklar dünýäň giňligi ýaly, giň ýüreklidirler. Olaryň söýgüsem örän giňdir. Eý, wysala gowuşmadyklar! Siz bolsa, meniň yzyma düşüň!Şonda siz asman perişdeleriniň yzyna düşüp ýören kebelekler ýaly, öz söýgi duýgyňyzdan ýasalan eýjejik ruha sataşarsyňyz. Duýgy bilen eýlenen ganatlaryň keşdesi bolsa, siziň hatlaryňyzdyr. Wysala gowuşmadyklar! Siz hatlarymyň ganatyna münüň, şonda olar sizi asmanda öz gowuşmadyk wysalyňyza gowuşdyrar. Ol hatlar perişdeli yürekleriň ganatydyr. Ol hatlar ahli haly perişan,wysala gowuşmadyk aşyklaryň ahlisiniň yüküni çeker. Ey, meniň ilkinji söýgim! Perişde kysmy owadan, gözel duýgym! Sen meniň kamatym bolup, söygüliňe sataş. Ol bu ataşa haýran galsyn! Goý, ol zenan ýüregine atylan oduň alawynyň dowamlylygyna meň yüregim bilen düşünsin. Bir günem ikimiz duşuşdyk. Baharyň ortaky aýy. Şo-ol dere. Gije. Sen ot ýakyp ak geýimde otyrsyň. Men gijäniň tümlüginden saňa tarap süýşüp gelýän. Sen diňşirgenýäň. Gorkunç tümlügiň dykyzlygynyň ýeten hetdine haýran galyp oturan adam, ýeke-ýalňyz. Gözleriňi barmaklarym bilen tutyp,sen olaryň howply däldigini bildiň öýdýän, ýuwaşlyk bilen sypaladyň. Birdenem entek hiç wagt eliň galtaşmasa-da, yüregiňde baky şekil bolup galan barmaklarymy tanan ýaly bolup, içiňi çekdiň. …Bu men… Men oduň garşysynda oturdym. Sen seredýäň. Men şahyryň setirlerini ýatlaýan. Gije ot başynda ýüregiň gyssa, Ojaryň hal atan közüne seret Ertir, Birden meni göresin gelse, Sen özüňe seret 11 Özüňe seret. Sen maňa biparh garaýyş bilen seredýäň. Belki, şol sowuklyk bizi aýra salandyr, bilmedim. Adamyň yüregini dolulygyna bir Alla görýär ahyry. Men bu sözleri birmahallar yüregime möhür edip salyp goýupdym. Ýadymda, sen maňa söýgi sözüni aýtmadyň. ”Ysnyşan kalplaryň düşünişmegi diňe söze bagly däl ahyry”. Bu sözler bilen men öz-özümi köşeşdirdim. Gel, sözleşeli. Bu gije perişdeleriň gijesi. Meniň gözüme oduň başynda halkalaýyn aýlanyp, döwre guraýan kebelekler perişdejikler ýaly bolup görünýär. Olar belki, özüniň dakynylmagyna kän wagt garaşandyr… Sen gijeler bilen sözleşip, gijeler bilen bile ýaşaýana çalym edýäň. Bu men… Seň söýgiň ahyry, aýtsana maňa bir zatlar. —Söygi… söygi… Sen şeý diýip, ikimiziň arkamyzdan tükeniksizlige ýaýrap gidýän garaňky dünýä nazar aýladyň. Soňam kebelekleriň tegelek hereketi bilen mawymtyl gara asmana tarap uzap gidýän uzyn-uzyn baglaryň depesindäki gyýkmajyk Aýyň keşbine guwançly seretdiň. Aý keseligine ýatyrdy. Ol boş sallançaga çalym edýärdi. Men seniň parahatlygyňa çydam etmän, “sözlesene”diýdim. Men seniň parahat, äwmezek keşbiňi hemişe biparhlyga meňzedýärdim. Sözlemediň. Bu garaňky gijede meniň nireden nädip düşenimem soramadyň. Hamana, men ýanyňda hemişe bar ýaly. Saňa mydama jyklap garaşyp duran ýaly. Biziň gizlin, ot ýaly söýgimiz gijeligiň içindäki, ysgynsyzja ýagtylykmyka? Biziň söýgümiziň wysala gowuşmadyklara heýkel, gowşanlara gülkünç ahwal bolmagam ahtimal ahyryn. —Men saňa goşgy ýazdym. —Okap ber-dä. Sen meni gora dostum, teýi gara pällerden, Gora ýagyşdan soňky päkize howa ýaly, Meniň taýa geleňde, menem gitsem sen taýa, Saňa ylham bererin, dem salnan doga ýaly. Seni ýatlap, ejizläp, uklap galsam birçaklar, Öýkeleme ezizim, penjireden daş garap, Bagty rowan tebigat, aýyranda ikimiz, Aýdaryn men aýdymy, aýdaryn men başgarak. Garaýagyz gijäniň asmanynda paýym bar, Güýz gelende ýerdäki otlar solar giç öýlän, Bulut syrylanynda biler bolsaň göklerde, Bagtymyzyň ýagmyry ak gardyr ol güýjelýän. Hazir gussa çekýärin, seni ýatlap alysda, Ýanymda bolan günleň gadyry hakda ökünýän. Penjirämiň önünde, küýzeden assa-assa, Mawy hünjiler ýaly, mawy güller dökülýär… —Bagyşla meni. Men seniň çäksiz söýgiňe mynasyp däldirin, belki. Men oda seredýän. Ot alawlaýar. Ol şatlanýan ýaly alawlaýar. Sebäbi meniň gahrymanym dil ýarýar. Menem akyldaryň sözlerini ýatlaýan: ”Yürekleridir akyllary diňe dilden sypan seslerdir agyzdan çykan jümleler ýakynlaşdyrýarmyka?Eýsem, dodaklaryň we ses perdeleriniň yrgyldylarynyň döreden zadyndan beýik hem päk zat ýokmy? Ýürekler sözleşip, ýalkym saçýan kalplar ümsümlikde 12 pyşyrdaşýarlar. Özümizi özümizden ayýrýan zat ümsümlik. Şonda biz melekler bilen sözleşip, sonsuz ruhuň ginişligine göterilýäris”. Ýürekler. Olar bu zeminiň üstünde gör näçe sany?! Hersiniň dünýägaraýşy, pelsepesi, duýgusy, söýgüsi, baýlygy bar. Seň yüregiň… Ol meň üçin syry açylmadyk ummany ýada salýar. …Men oduň başynda süňňi çalarak gyzan daşyň üstünde oturan ýerimden galdym. Men gidýän… Sen sarsman otyrsyň. Oduň çabrap ýanýan ýalny saňa hoşlaşmak üçin salgaýan eller bolup görünýän bolmaly! ”Hoş!…” Sen maňa nädip gidýäň, garaňkylykdan eýmeneňokmy, dur gorkaýma!” diýmegiň ýerine şu sözi aýdýaň. Men bolsa akyldaryň sözi bilen seň gözleriňde doňan söýgümiziň gulagyna pyşyrdaýaryn: “Biziň duşuşan pursatlarymyz asyrlardanam belentdir. Kalplary ýagtyldýan yşyk tümlükden rüstemdir.” Hawa, men şu sözleri aydyp yzyma öwrüldim. Men sana tarap gelýärkäm, hä-äli yzym garaňkylyk, öňümde ýagtylyk bardy. Maňa gorkunç tarap arka tarapymdy. Häzir meniň arka tarapymdan seniň alawladýan oduň ýagty saçýar.Men tümlige tarap barýan .Öňümde yşyk ýok. Diňe bir zat ýadyma düşýär. Eger-de daň atyp barýan bolsa, onda hökman jahana yagtylyk çaýylar. Men muňa Allanyň emri bilen şeýle boljagyna ynanýaryn. Seň döreden ýagtylygyň-a yzda, geçmişde galýar. Men bolsa, garaňkylykdan bütin älem-jahan ýagtylygyna—daňa bakan barýaryn. Hawa, men başga tarapa, şahyrlaryň ruhlarynyň ýaşaýan asmanyna tarap barýaryn. Men ähli ýagtylyklaram, garaňkylyklaram taşlap, bir hakykatyň ganatyna münüp, şol hakykata—“şahyrlaryň ruhunyň ýaşaýan asmanyna” tarap barýaryn. Aşakda bir ýerlerde wysala gowuşmadyklaryň deresinde meniň gahrymanym ot ýakyp, deräniň ep-esli bölegini ýagtyldýar. Söýgi nämekä? Ey, wysala gowuşmadyklar! Siz ony şo-ol derwüşden soraň! Men bolsa, söýgini tükeniksizlik, bakylyk diýip göz öňüne getirýärin. Çünki dünýädäki ýeke-täk erkinligem söýgüdir. Men diňe söýgi dünýäsine tarap uçup barýan. Söýgi ähli kanun-kadalardan, däp-dessurlardan, möhüm işlerden, aladalardan belentdir. Ol zatlar söyginin çykan belentliklerine çykyp bilmezler. Men uçup barýan. Ot barha daşlaşýar. Men söygüniň belentliklerine galýan, ot kiçelýär. Men şahyryň sözlerini pyşyrdaýaryn: Gije ot başynda yüregin gyssa, Ojaryň hal atan közüne seret, Ertir birden meni göresiň gelse, Sen özüňe seret, özüňe seret. Şu sözler bilen men entegem saňa haýpym gelip, söyginiň beletliklerine çykyp barýan. İndi meni hat ganatyna mündirenok-da, iki sany perişdejik çekip, ýokary göterýär. Göwnüme bolmasa meni belentliklere getiren hakykat ýazylgy hatym, howada gaýyp-gaýyp, seniň ýakyp oturan oduňa düşäýjek ýaly. Yetip barýarka sen ony kakyp aldyň. Meň yüregim ynjaldy. Saňa ýazylan hatlar gör nahili köp. Eliňdäki olaryň birisi. Belki, sen ony okarsyň. Men seniň sowuk nazaryňdaky yssy mahri söýýän. Bu şeyle-dä… Wysala gowuşmadyklar! Siz bu haty onuň bilen bile ot başynda okaň! Men welin entegem söyginin ýetiren belentliklerinde pel-pellap ýörün. …Sana hat bar. Oglumyň sesi meni süýji düýşüň içinden aldy. Men syr bildirmedik bolup,”kimden olgum!”diyip, soradym. Seni toýa çagyrýarlar, kursdaşyň. Haty garbap aldym. Seň jigiň durmuşa çykýar, begendim. Birä, wysallaryň gowyşýandygyna, seň jigiň söýen ýary bilen toý tutýanlygyna,birem, seni görjekligime… Hazirlikçe welin hoş gal. Meniň durmuş aladalarym bar. Yatlamalar, belki, düyşlerde arzuwlaryň hakyky bolşy bilen meňzeşdir. Hoş gal, toýda duşuşarys. 13 SaŇa hatlarym Eger seni özüm bile alyp gidibilsedim, kebelegim... Seni alys meýdanlara äkiderdim, ýöne bolýarmy näme? Men seni goýup gidýän, çünki men seniň uçan sähralaryňy, seniň demiňe degen şemallaryňy, ysyň çöken belent daglaryňy, ganatlaryň ruhy siňen gülleriň ýapragyny bu ýerlerde goýup gidýän. Sen gamlanma, ikimiziň barybir demlerimiz aýrylmaz ahwallar bilen bireleşdi. Soňra ikimiziň ruhumyz gan düzümleri kimin bir-biregi ýaşatmaga kömek eder. Bu ikimiziň ruhumyzdaky we duýgularymyzdaky birek-birege berýän „näme üçin“ diýen soragmyza jogap tapmaga kömek eder. Maňa görümçi:“Saňa ak ýol garaşýar”diýdi.Men onuň ýanyndan gaýdyşyn içimden: “Ýol içdäki ýoldur! Seniň diýýän ýoluň, meniň içime—kalbyma barýan ýoldur” diýdim.Ýöne ol, saňa gaýdýan ýol ekeni. Men seniň ýylgyryşyň üsti bilen maňa berýän güýjüň äleme gujak açyşyny gördüm. Seniň meniň bilen gürleşeňdäki içki medeniýetiň meniň kalbymdaky zatlaryň ählisiniň ýerine buýsanç berenligi belki seniň üçin hiç zat däldir, men welin ony bilýän, dogrusy men ol duýgynyň gadyryny bilýän. Men seniň tebigylygyňda bag-bakjalaryň, gül-günçanyň saňa ýakynlygyny gördüm. Seniň aşak bakyp maňa düşündirip bilmeýän sözleriňde iki sany dünýäni –älemiň ol hem bu çetini gördüm. Men seniň galagoplylygyňda işewir dünýäni gördüm. Men seniň ýuwdunyp, aýdyp bilmän duran sözleriňi bütün bedeniň sessiz gaýtalap durka, ol beýik ruha eýe bolan sözleriň bir gün aýdyljaklygyny duýdum.YLHAM ÇESMÄM MENIŇ NEÇÜN men seni unudaýyn. Sen maňa „Meni unutmarsyňmy?'' diýip, ýuwdunyp, sorag berýärsiň. Bolmaz beýle zat.Seni unutdygym—bu ýerini, BU SÄHRALARY unutdygym SAÝ.Men bu SÄHRALARY söýdüm. Sen maňa bu ýerleri söýmek üçin köpri bolduň. Ol köprüni kalbymdan ýyksam, nähili,ýaşaýyn men?! Ony ikimiz yşk köprüsi diýip, tanaýarys. Men seniň terbiýäňdäki inçeligi görüp, özümi gussa batyrdym. Seniň ruhuňda bir beýiklik bar. Men seni hasrata rowa görmen.Seň ruhuňdaky maňa ýakynlyk meni özüne çeker durar, çeker durar. Ilkinji hem soňky hoşlaşanymyzda başyňy ýaýkap:“näme üçin beýle bolýar“ diýen soraga jogap tapman, elenýärdiň.Bu belki-de biziň diňe göwreden-göwräniň aýrylýandygy üçin başdan geçirýän ahwallarymyzyň keşbidir. “Bizi hiç bir giňişlik aýryp bilmez” Ikimiziň ruhumyz aýra düşmezden, biz bu aýra düşmelere aýralyk diýip bilmeris. Aýralyk—bu biziň ruhlarymyzyň aýrylyşmasydyr. Görýäňmi? Sen hut häzirem meň bilen gidýärsiň, menem seň bilen galýan. Heý şuňa aýralyk diýip boljakmy? Seniň uludan dem almalaryň –olar yşk dünýäsiniň duralgalaryndaky päsgelçiliklerdir. Meni özüňden aýry saýma. Men seniň her gün hyýalyňda ýaşaryn. Gijelerine elleriňi uzadyp ýat. Men ol elleriň üstüne saçlarymy dökerin-de, seniň maňa düşünmeýän soraglaryň hemmesini penjireden daşaryk bir bogdak ak gül kimin zyňyp goýbererin. Goý, ol gülleri geçip barýan asyklar alsynlar-da, özlerine—biziň jogap tapmadyk soraglarymyza bu dünýäden jogap gözlesinler. Eger baharyň ýelleri gelip saçlaryňy sypasa, ol gözel pysyrdylary hiç unutma. Seniň “Seniň kibi ynsan barmy?” diýip, maňa bakan gözleriňde özümi gördüm. Eger, seni ruhumdan çykarsam, seni unutdygym saý. Emma häzir asudalygyň täsin bakjalybagynda seniň giden ýollaryňa seredip otyryn. Ol ýollardan ynha, menem yzyma dolanýaryn. Ýöne ýüregmiň içine seň kalbyň bölejigini salyp gidýän. Dünýäniň bir nokadynda durmak ynsana ýaraşmaz. Ikimiziň birek-birege pyşyrdylarymyz ýaşyl-ýaşyl kebelek bolup, söz donuna girip, gijelige ýaýrap gidýär. Ikimiz biri-birimize söz bilen düşünip bilemzok. Munuň özi ikimiziň söýgümizi gaýta bezeýärdi.Çünki bizi mähir öz-özüne dartyp alyp barýardy. Sen „Ne beýle gyzgyn?!” diýdiň. Diýmek, sen mähir küýseýär ekeniň-ä, janym. Mähir bilen garyşan pyşyrdylar iki aşygyň bir-birege düşünmesiniň, duýgular esasynda bir-biregi dartýanlygynyň şaýady etdi. “Biz näme üçin pyşyrdaşýarys?” “Bilmedim.“ Gülüşdik. Kim eşitjekmiş, bu gür tokaýda ikimiziň pyşyrdylarymyzy?! Eý meniň ruhumyň aýdymy! Sen neçüýn öz-özüňi maňa goýup gitdiň. Meni-de özsüz etdiň, meni özüň bilen alyp gitdiň.Sana her pursat garaşdym. Seniň salyhatlylygyň meni haýran galdyrdy.Ýöne aýralyklara özüňi berme.Biziň soraglarymyz barybir jogapsyz galar. Çünki biz dünýäniň gurluşynyň öňünde güýçsizdiris.Şonuň üçin özüňi aýralygyň eline berme. Gaýta şirin duýgulary özüňde synap görmäge rugsat beren ahwallara 14 şükür et. Hallaryňdan habar almasam,seni unutdygym saýma,Soraglaryň jogaby meniň suratymdadyr.Suratymy özüňden dasda goýma. Ikimiz yşgyň ýalňyz goýup gidýän dergähinde ýaşaýarys. Onuň seniň bilen bir günem bolsa bile bolandygyma şükür et. Diýmek, sen ynsansyň. Diýmek, sen asmandaky düzülen dessanyň bir oýunçysysyň. Muňa dogry düşün. Dünýä bizi saz guraly ýaly eline alýar, çalýar, goýýar.Aramyzdaky menziller biziň aýralykdan gorkman äden ädimlerimiziň keşbidir, ony hiç unutma. Ol menzillerden biziň deý aşyklar köp geçdiler. Biz Jelaleddiniň dili bilen sözläli, janym. “Ýol açmak—dünýäniň ýörelmedik ýoly diýmek. Ýörelen ýol ýol däldir.Ýörelmedik ýoldan ýöremek ýoldur. Biziň yşgymyzyň ädimleri ýörelmedik ýoldan ýöresin. Men onuň şeýle boljagyna ynanýaryn. Bu ýaşyl tokaýyň üstünden öwsen bahar ýeli meniň saňa düşündirip bilmän, “duýga öwren sözlerimi“ gaýtalasyn dursun. Meniň uzakdaky howlymda has öň dogýan Gün biraz soňra gelip, seniň täsin ýylgyryşly dünýäňi ýyladýar. Seniň özüňi sadaja hem juda düşbi alyp barmagyň meniň mähirden püre-pür gözlerimde galdy. Eger ol pursat bolmadyk bolsady, onda belki, ikimiz bir-birimize duşmazdyk. Neçüýn sebäpler sebäplere sebäp bolýar. Hoş mähribanym. Eger, Alla bizi bu goja zeminiň üstünde ýene duşurmak islese, görüşeris. Sen ýüregiňi, kalbyňy duýgýlara berseň, ýüregiň damarlaryňdaky gan düzümlerinden maňa „duýgy hatlaryny iberseň,” men olary „okaryn“... 15 Watan ýaýlasy Watan—on iki synam, on iki aýdymym, Ejem, kakam, doganlarym ekeni. Watan—bir mahallar taşlap gaýdanym, Taraşlanym, öýüm, törüm ekeni. Watan—ata-babam ruhy ýerleşen, Gojaman haraba, atyzly peller. Watan-asyl ýüregimde ýerleşen, Meni bir görmäge zar bolan iller. Watan—aradaky uzyn menziller, Meň ýoluma bakyp garran ejem jan. Watan—barmasam hem garaşjagymdyr, “Göbek ganyň mende” diýip, ölünçäm. 16 WATAN Ýollar abadandyr,iller abadan, Maksatda,myratda söygi ýatandyr. Körpeleriň yürekleri abadan, Diýmek ilim uly tutum tutandyr. Abadandyr al-asmanda baýdagym, Türkmeniň sahrasy pasyrdaýandyr, Saherler gaýmaklap,elwan baharda, Tebigaty juwan pasyllardandyr. Arkadag ogly bar gadym türkmenin, Ömür joşyar durmuşynda aladaň. Belent başly arkadagy barka il, Taryhy şöhratly,geljek abadan. 17 HORMATLY PREZIDENTIME Gijeleri syýa salyp ýazýarsyň, Birazajyk dem alsana,Arkadag. Daňlar bilen daň bolýarsyň,daň sazsyň, Nuruň saçyp,ýüzlensene ,Arkadag. Edebiň edaly,türkmene nusga, Ýüregiň hudaly,nur bar höwesde, Alyslara gitseň,ýakyna gitseň, Diýarymy gülletsene,Arkadag. Körpeleň başyny sypan elleriň, Türkmeniň dilini söýýän dilleriň, Kesip,her saparda lentaň tellerin, Ak şaheri açyp ber sen,Arkadag. Ýollaryň bar,akdyr,asly nurdandyr, Bakyşlaň bar,bürgüt kibi merdemdir, Türkmeniň ykbaly sana gerdendir, Dünýe bolup,ýylgyrsana,Arkadag. 18 WATAN HAKDA Ak gijeler Watan hakda sözlarin, Çöllerin,düzlerin,lalezarlygyn. Ählisini öz dünýämden gözlarin, Tebil tapan biler oňa zardygyn. Watan diýmek “jagildidir” durşuna, Ýaňy dogan bäbek ýaly päkdir ol. Owadan baharlaň älemgoşary Gözeldir, şirindir, ýeke-täkdir ol. Watan diýmek iner ogluň yüküdir, Eneleriň buýsanjyna arkadyr. Watan diýmek bu gün türkmenler üçin, Türkmenleň ezizi-Arkadagydyr. 19 Saňa menziller Ne kyn, ne bir aňsat, ne bir ýönekeý, O diýen çarkandak dälem ahbetin. Ýöne, men barybir geçýän olary, O menzilleň hupbatlary ýakmasa, Neneň,niçik geçeýin men olary, Iň süýji menziller, Saňa menziller... Garaşýaň, Garaşýan, Tapawudy ýok. Ýok bir wagt ülşi, Ýa boş wakalar. Barylýan ýer, şol bir nokatda durýar, Ýene-de birleşýär göwre, köňüller. Çabraýarka yşgyň howry ýürekde, Iň güýçli menziller, saňa menziller... Käte-käte öýke bilen aýrylyp, Bilýäs, posalaryň aýyrmajagyn. Göwne-de degişýäs, Birek-bireksiz bilýäsem,onça köp oňulmajagyn. Işlisirän bolýas, Wagtymyz ýokmuş, Barmalymyş, öýmüze ýa, okuwa... Barmalymyş, bir ýerlere-dokuza... He-e-eý, dünýe, sen näme bizi aldaýaň?! Barybir oňanok birek-bireksiz, Bu howlukmaç,bu başagaý köňüller, Iň işli menziller, saňa menziller... Ýyl geçer, aý geçer, kim biler asyr... Aglar ýatlamalar, goja seriňde. Soňra tutup, agtyjagyň elinden, Mekdebe geçersiň ýa-da dükana. Gözýaş geler didelerňe duşuşan Ýerleňden geçeňde, ony göreňde. Bu bir durmuş, senden öňem hut şeýle Bolupdyrlar, Geçipdirler, menzilden. Iň öçli menziller, saňa menziller... Bir gün, Ikimize kyn bolar bilýän. Bu menziller geçilesi gelmezler. 20 Ýolumyzda bizi bir mahal bökdän, Ownuk-uşak päsgelçilikler gaçar. Olaň birem gapdalmyza gelmezler. Yşk gider, dünýe deý, biwepa olam. Taşlar bizi. Bizi neneň, ne halda. Agyrdygyn, kyndygyny bilmez-de, Menzillerem başga-başga aşyklar Geçer durar,duşuşarlar dünýede. Öwrüler kalbymda keşbiň heýkele, Hem yssy mähirli, hemem öýkeli. Bulaň baryn, hemmesini bilýän men, Ýöne seň ýanyňa barýan, ýene-de, Keýpine. Heý bizi aýyrjak barmy?! Baharyň başy deý täsin howaly, Söýgümizem,duýgymyzam owadan. Meňzäp dur ol, baky yşgyň owazyn, Çalyp duran ajap ýaňa köňülde. Ýöne bu gün düşünýän men, nädeýin, Bu zatlaryň şeýle boljakdygyna. Ah, şeýle, guwançly, şeýlebir joşly, Hem iki didäni garradyp biljek, Gözýaşly menziller, saňa menziller... 21 O ýer... Seniň maňa, meniň saňa garaşan, Hal-ahwal soraşan, Bir gün öýkeleşen, Bir gün ýaraşan, Yerimiz—o ýer... Duşuşsak duwlady baglañ ýapragy, Öpdüñ, beýhuş boldy, çygly topragym, Şatlandy hem asman çaldy depregi, Toýmuza garaşan ýerimiz— o ýer... Göwünden göwrämi sogrup taşlady, Ýapraklary sowuk „gowrup“ başlady, Biri paşsa, müñ birisi paşmady, Yhlasy puç bolan serimiz—o ýer... Gujakladyñ, sowuk howañ içinde, Ezizledim, daşymdan däl, içimden, Arzuwy iberip, gazlañ göçünden, Asmana ugradan demimiz – o ýer... Wepa, yşk bolmasa baglanmaz ykbal, Biz barmasak, seret, baglar haýykýar. Aýt, gelmeseñ, ýa gelmesem aýyp bor, Ol bize, ol bize garaşar hökman, Biziñ duşuşmaly ýerimiz – o ýer... 22 Tomus günleri Bu günler men daş çykybam ýöremok, Gidibem ýöremok, ýalňyz seýle kän. Indi men düşünýän, kalbyň döremok, Men indi gerek däl, saňa beýle kän. Öýkeläp duramok,ýazmanyň üçin, Aýaklary bala çümen harplary. „Söýýän...“ „Menem söýýän...“ Näçenji gezek Yzgar ýaly ýumşatdy bu kalplary. „Ýol bardyr arada, Bardyr giňişlik, Aglap ýörme gülüm, habar ýok diýip“ Muny maňa çyn ýürekden diýişiň, Dowinçiň eserni ýatlatdy telim. „Kämil ynsanmyşyk biz bu ýerlerde“, Bagtlymyş bizi gözläp tapanlar. Ýöne men seň sadalygyňy çalyşman, Akyldarlaň dünýä belli toparna. Gözleň mawy syýa, Köňle hat ýazar. Syzyp ýörün henizlerem gussaň men. Ýok seň görküňe däl, Duýgularyňa Ýesir düşen uzyn boýly tussag men. Uzyn boýly ýesir moda däl öýdýän, Garaşýan habar ýok, neçüýn şeýlekä? Belki, gysga boýlyň yşgyndasyň sen, Şoň üçin düşünýän, Belki, men indi Saňa gerek bolup durman beýle kän. 23 “Alyslardan alyslarda galan ýar“ Biziň aramyzda menziller ýatyr, Wagt bize saldy agyr talaň ýar. Ýöne aramyza adam düşmesin, Alyslardan alyslarda galan ýar. Men mejalsyz, habarlarňa garaşýan, Men bir tukat görnüş, yşga dalaşgär, Goşgy ýazyp bilýän saňa bagyşlap, Başga zatlar meniň üçin ýalan, ýar. Ýyllar saçlaryma ak reňk çalanda, Syýam goýalanda gara galamda, „Bagyşla“ diýmäge geljek bolaňda, Hiç zat kalba salyp bilmez talaň, ýar. Seresap bol, zenan göwnü näzikdir, Bir gün alyslardan gelmeli bolman, Şol ýerlerde galsaňam bor. Gynanman. Alyslardan kän gelesi gelen, ýar Bolaýmagyň,bolaýmagyň ähtimal. 24 “ Güyz” Bu nenen sarylyk, nähili matal, Ýaprak nirden tapdy, gopup gaçmany. Bulutlaň astynda çaýkanyp ýatan Baglar edil çirkizilen saç yaly. Söydüm seni sary deňziň damjasy, Sende däli yazyň porhanlygy ýok, Saňa içim dökjek diýen gursagym, İndi seret, pyşyrdap hem bilenok. Sust ümsümlik paýlap ýaganda ýagyş, Çyg çekipdir güýzün altyn ýallary. Ah, kükregi ýanyp duran nätanyş, Gujaklap çykypdyr, ýaşyl baglary. 25 Ýodajyk Aý astynda ýatan ýalnyz ýodajyk, Ak gijede süýnüp gidýär, yüp ýaly. Bir gowy zadyny halaýan onuň, Öz üstünden yöretmeýär betpäli. Bilmedim, kimlerin ýodasyka bu, Ýa-da gamgyn kişi şöwür çekýärmi? Gök gyrtyjyň aýagymy öl edip, Gözyaşmyka, gözlerinden dökýäni? Kän pikir açýaryn, bu ýoda hakda, Jedelleşip, ýyldyz bary ýylgyrýar. Birden gussa gaplap alsa kalbymy, Ýodajygyň ýürek tary yrgyldar. Şeýle pikir edip, ädimlerimi Diňe ýodajyga basasym gelýär. Ka gijeler ýodajygy ýüp edip, Özümi şol ýüpden asasym gelýär. 26 Söygi Tamiz gijeleriň seçegin açyp, Hyjuwlardan söhbet açyp bilmedik. Saçlam agarýança gezdim garaşyp, Sen gelmediň. Gözlerim galsa-da ýoluňa bakyp, Sowuk heňli aýdymlary diňledik. “Diňläris” diýipdiň, näzijek aýdym, Näzik aýdym diňlemäge gelmediň. Ýyrtdym gijeleriň galyň perdesin, Gözýaşlarmy ýassyk edip, iňledim. Gelsediň, boljakdyň, derdime şypa, Derdimem bitmedi, senem gelmediň. Saralyp galypdyr, ilkinji hatlar, Sowuk gülle degdi, sözler ölmedi. Ähli pasyllar hem geldi-de, gitdi, Ýöne sen gelmediň. İndi hastarlar hem aýralyklar hem, Otyr öňküsi deý, için hümledip. Görüşdik… Birdenkä… Çuň hormat bilen, Ýöne söýgi gelmedi. 27 Gapyma Gapym, ýönekeýje demirden gapym, Sen bilýansiň, diňe meniň bilmeýän, Hem meniň bu gije yşygmy ýakyp, Kagyz ýaly owram-owram owradan , Ukymyň näme üçin gelmeýänini. Bilýärsiň sen uzak sapardan soňra, İlki gelip, sana salam berýänmi. İlki saňa, ilki saňa, senden soň, Özgeleri gidip, özüm görýänmi. Hany aýt, ezizim, näzik şahyryň Itden gözelini soraýşy ýaly, Menem senden duýgularmy soraýyn, Sen dillen hany. Men uzak ülkede başga gapynyň Açarny kisämde göterip ýörkäm, Seniň açaryň hem ýöne ýatyrka, Gapdalymda hiç bir zada gerek däl. Bir uzyn boýly hem gözleri umman, Manysy ertekiň gahrymany deý, Bir ýigit geldimi, meni yzarlap, Ol juda görmegeý, juda görmegeý. Bir ýigit kakdymy demir süňňiňi, Durup, durup pyşyrdadymy, saňa. Ah demir topraklym, aýdyp bersene, “Gürle” diyip, ýalbardymy ol sana? Demir gapym, aýtsana sen, syrdamdyr, Saçlarynda barmaklarmyň yzy bar. Geleninde adimleri merdemdir, Mahir ýodalary dökülip duran. Yşykdan nur saçýan eziz ýüzi bar. Gerdeni berdaşly üstünden kileň, Sähraň lälezarlygydyr kükeýän, Omuzlary bulutlaryň Watanyn, Sährany göterjek, ýük urup bilseň. Kamys garly ýaýlalaryň aňyrsyn, Söküp, söküp, söküp, söküp gelen ýar. Maňa intizardyr, saňa intizar, Bakyşlary akyp ýatan derýadyr, Şol bakyşlaň merkeziniň içinde, Göz içinde ýyldyz gujak gerýändir. Dury çeşme ýaly kamaty bardyr, Ellerinde maňa ýazan goşgusy. Çemen getirerdi birmahallar-a, Ýa bu gezek elleri hem boşmudy? Sözle gapym, neneň-niçik halda ol, Sözlesen-e ýa-da häzir ýolda ol, Men taýa gelýärmi şemalar bilen, Ýaşyl göwherini bagra basmana. Sözle gapym, bir sen şaýat kysmata, 28 Men garaşaýynmy “Ýaz geler” diýip, “Ýaz gelende, öýe ýar geler” diýip. Meň oba gidesim gelýär Meň oba gidesim gelýär. Güneş çyksa bulutlardan. Aýakýalaň ylgan ýerlem Daş ahyry unudardan. Şähere sapyp bir ýany, Barýar obam has ulalyp, Ondaky kel peller indi, Galdy baglyga duwlanyp. Tawus guşuň ganaty deý, Murgabyň suwy owadan. Gojalaň gürrüňni diňläp, Süýnüp gaýdýar ol obadan. Meň oba gidesim gelýär, Aýlanmaga şol ýerlere. Gözýaşam bilen reňkläp, Öwlüýäniň germewlerin. Jiglermiň murty tabapdyr, Ýigit çykypdyr ýegenim. Obaň ýaşulylary bilen Tirkeşýär indi doganym. Meň oba gidesim gelýär, Ýüregim kert-kemer meniň, Enemleň köçesi meňzeş Ertekisine enemiň. Gije çyrlaklaň sesine, Aýdym ýazasym gelýär meň. Murgabyň mahmal mukamna Bile ýuwaşja hiňlenip. Ejem bilen gelnejemiň, Gümür-ýamyryny diňläp Oturmaga tam kölgede, Meň oba gidesim gelýär. Guzy-goýunlaň sesine, Çäksiz simfoniýa diňläp, Öňküden on esse beter, Meň oba gidesim gelýär. 29 Ýürege ýapyşan gussa, Aýt obam, haçan ýeňlär. Gaýtaladygymça şo-o-ol söz: Meň oba gidesim gelýär. Durmuş haýran galaýmaly, Gaýtalaýan, sözüm diňläň. Şeýlebir küýsegler bilen, Meň oba gidesim gelýär. Obadan gelen ýegenim, Gapdalymda goşgy diňläp, Taşlap, şäherde doganyn, Oň oba gidesi gelýär. 30 Toslamalar... Seni näzik ýelleň ellerindäki , Tamdyralaň tarlaryndan soradym. Seni beýik daglaň güllerindäkiAk reňkiniň garlaryndan soradym. Soradym, bulutlaň hasasy çümen, Alpyň gerişlerniň sesýetiminden. Ak deňiziň kenarynda oturan, Aşyklaň aňladan wesýetimi sen. Seni deňiz içre galdyrlan galaň, Diwarynyň keseginden soradym. „Taryhyň ýüregne aýasyn basan, Ýazyjylaň eserinden soradym. Ýalňyzmy men, näme seni agtarýan, Gezip ýörün, taý tapmadyk düňle deý. Şahyrlaram jübütlikden hantama, Gelşiksiz-a, jübüt ölmek dünýede. Kim aglasyn, gideniňde yzyňda, Eger söwer ýaryň bolmasa, diri? Eý, şahyr, bu-da bir seniň taslamaň, Ahyrsoňy, ahyrsoňy dünýeden, Taslamasy, toslamasy albaýlap, Alyp gidýär, alyp gidýär, şahyry. 31 Gözümde gözýaşyň... Gözümde gözýaşyň, Kalbymda syryň, Bu gijäni paýlaşýaryn seň bilen. Aýralygyň ellerinde alaja, Ol bizi ýüp deýin, örýär, towlaýar. Ýene-de goýberýär, Reňklermiz aýry, Örüldik biz, aýryldyk, Soň ýerine, Soň jüpüne düşmedik Alaja deý zyňyldyk. Biz bir gül ýapragy bilen gunçadyk. Sogrup aýyrdylar birek-birekden. Sökdüler gunçalaň ýapraklaryny, Baldagyndan soraman oň kimdigin. Neneň ony gunça edenligini, Damaryndan nem berip, hem dem berip, Ömrüni ömrüne sapanlygyny, Hiç kim soramady, Ne gunçadan, ne ýaprakdan. Alybam, ýaşaýyşyň jany suwa saldylar. Ýöne baldak bir ýerlerde aglady, Gunça bir ýerlerde az wagt gülläp, Barybir... Barybir ikisi olaň, Aýralykda bolsalaram, bir günde, Bir pursatjykda, soldular. 32 Tebil Sensiz başga zatlar biderek käte, Başly-barat duýgulara jogap ýok. Düşünemok başly-barat dünýäde, Başa telpek, aýaklara jorap ýok. Seni saňa ýetirmezler, käteler, Nusgasy sowulan erik güllände. Eýsem, bu gün aýralygyň gädigi, Bizi ýene aýra salyp bilmändir. Söýen günlem, meniňkidir, ezizim, O günleri paýlaşmaryn, dünýede. Seni küýsäp, aglap ýörün henizem, Kalbym içre diwanadyr, düňledir. 33 Stambul ruhy Janymdan jan syzyldy, Uçmah ryzwan syzyldy. Ölüm perwanasyndan, Ne nem, ne gan syzyldy. Nije ýyldyr, gamsyzam, Ýollarym sowalsyzam. Gidibilseň gidiber, Ellerim galamsyzam. Uzat maňa gollaryň, Niçik hal-ahwallaryň. Düşünmediň–düzmediň, Nirede hyýallaryň. Gelip-geçen dünýe bu, Neneň-niçik heňde bu, Bizi bir ýana goýup, Hyýallary zyňdy bu. Içim-içime gider, Gazlar göçüme gider, Seň gözlerňe baglandym, Olar geçirmediler. Kelebiň ujy gaçdy, Melegiň täji gaçdy, Unudylmajaklardandyk, Pelegiň ýady gaçdy. Suw geler, akar gider, Nemlendir, ýakar gider. Bir gün adam teninden, Towlanar, çykar, gider. 34 Biz hakda... Derýanyň düýbünde Aý doňup galdy, Daň agaryp barýar gamyşlykda-da. Çyrlaklaň yşk hakda simfoniýasy Eşidilýän deý kenardaky hyşadan. Kölüň şol köýnegi, ýeňleri ýaşyl, Diňläp söýgi hakda süýji gepleri. Ony daň atanda armana goýup Uçup gidýär, goşa-goşa kepderi. İkimiz bu kölüň sergin kenaryn, Syrdaş saýyp, pyşyrdaşyp, gülerdik. Garryja garawul syryp kenary, Kän geçerdi, biz ondan gizlenerdik. Ýogsa bize zat diýjegem ýokdy-la, Açmak islemedik söýgiň seplerin. Yşgymyzy gursagynda gaýnadyp, Agşam gaýdyp geldi meýdan kepderi. Ýagyş ýagdy kölüň atlaz köýnegne, Uzady asmanyň suwdan ýüpleri. Kölüň kenarynda kän duýgy galdy, Bu köl söýgimiziň ýazgy depderi. 35 Sen saz çaldyn... Sen saz çaldyň, Men oturyp agladym. Bu saz arşyn perisine degişli. Şol saz bilen gije-gündiz ýaşap men, Ýyllar geçdi, şol saz bilen „görüşdim“. Sen saz çaldyň, ikimize bagyşlap, Ol saz seniň maňa aýdan sözüňdi. Aramyzda aýralyk däl, adam bar, Owaz hem kesildi, heň hem üzüldi. Ol saz yüreklere berdi melhemi Ol meň yüregimde belent keremdi. Ýyllar geçdi, duşuşarys öýdüp men, Ýalňyşdym, tersine kalbym elendi. Sen saz çaldyň, biz ikimiz hakynda, Aýralygyň sazy bagrym dilmedi. Bizi birleşdirýän ýeke-täk asman, Hiç duşuryp, hiç duşuryp bilmedi. Sen saz çaldyň, arş tutusyn paralap, Söküp bolmaz uz-owadan keşde dek, Görmek üçin daş bolsa-da aralyk, Bir-birege söygümizi kesmedik. Sen saz çaldyň... Men oturyp agladym, Ol saz gurşap aldy, töwerekleri. İkimiz ýatladyp ulus-illere Uçduk gitdik jahyllygyň düzünde Goşalanyp barýan kebelekleri. 36 Biz sataşdyk... Biz sataşdyk, ýagyş ýagyp başlady. Gaýalar ýuwuldy, güller görklendi. Biz sataşdyk, leylisaçlaň telleri, Akyp ýatan dag suwuna örklendi. Biz sataşdyk, Derelerde käkilik Has dury saýrady, has mest saýrady. Biz sataşdyk, bu owadan pursata Günem biraz doňup galdy gaýrada. Biz söýgiň gujagna gaýyp düşäýen, Ýakyp barýan bir alawdyk, ataşdyk. Bahar ýeli gülälegi guçanda, Biz olary gaýtaladyk, sataşdyk. Biz sataşdyk, Dünýäň sallançagynda. O sallançak öran batly üwreldi. Birmahalky öykelän päk duýgymyz, Täzeden dem alyp, ýene direldi. Kuýaş bilen dag gerşiniň ýylmanak, Yüzündäki surat ýaly gatyşdyk. Biz gijeler bir-bireksiz ah çekip, Şonuň üçin bu säherde sataşdyk. Biz sataşdyk, ýodalaram birleşdi, Baýyrlaram goşalandy monjuk deý. Dünýe näme üçin aşyk sataşsa, Önküdenem kejeňek sen, dänjik sen. Biz sataşdyk, Çünki biz bir ataşdyk. Çabrap, çawlap ýer yüzünde tutaşdyk. Hernä duýgylarmyz ýalan däl eken, Şon üçinem sataşdyk biz, sataşdyk. 37 Aşyklar deresi... Ellerimden tutýaň, aýlanýar dünýä, Gözlerimden öpýäň, başym aýlanýar. Aşyklar deresi yşgyň tagty ýa, Ol asmana uçýar, ýerden saýlanýar. Biz uçýarys, ýedi asman saýlana, Periler-peýkerler elin salgaýar. Söýgi gamisiniň ýelkenleri-de Arşda akja ýaglyk ýaly galgaýar. Bu ýerde güllerem sapagynda däl, Kebelek deý öz-özleri uçup yör. Agşamyň kuýaşam şapagynda däl, Tirkeş-tirkeş bolup gonup-göçüp ýör. Bu ýerde sähralar ör turup barýar, Gülälekler gelip gonýar döşüňe. Ölçelenok onda eden işleriň, Soralanok onda seniň ýaşyňam. Ellerimden tutup gidip barýarsyň, Ýa dünýe aýlanýar, ýa biz uçýarys. Ho-ol alysda galan goşa bulut deý, Ýagmyr bolup bu barlykdan geçýäris. Ellerimden tutýaň, başym aýlanýar, Gözlerimi ýumýan, daşym aýlanýar. Aşyklarda pursat, pasyl ýokmy ýa? Daşymdan baharym, gyşym aýlanýar. Biz derämiz bilen göge galýarys, Ol ýerlerde mukam pessaý akyp dur. Aşyklar deresi-tanap bilýäris, Ol özüne şol dartyp dur, çekip dur. Biz uçýarys, Yetip barýas Arşa ýa, Belki bizi gökde melek garşylar. Ýa-ha biziň duýgularmyz behişdi, Megerem, söýginiň özi Arşy ýa?! Pikir gutarypdyr, diňe duýgy bar, Aýralyk ýitipdir, diňe söýgi bar. Duşamzok biz dünýäň mekir alyna, Biz uçup barýarys söýgi şalygna. 38 Seni görmedim Men seni görmedim, ýogsa ýyllaryň, Agyr sallançagy ýatyr arada. Ýöne men seň gözlerini ogşadym, Hyýalda kän sözledim, sen barada. Mana sataşmadyk seniň nazaryň, Jady ataşmydy, bar syry aňýan. Men sen taýa ýyllar söküp barsam hem, Seni görmän gaytdym, ýeke salym ýar. Sataşmadyk, bir şaherde bolsagam, Köçelere seniň keşbiň siňipdir. Asyl-asyl bulutlara seredýän, Asmana mahirli yşgyň siňipdir. Ýeller önki heňe ”hinlenip otyr”, Daglar sallançaga salýar heňleri, Şol garry tut için hümledip otyr, Ýatladyp, seň bilen geçen günleri. Men seni görmedim, Ataş sowady. Ýogsa garaşypdym, duşjakdygmyza. Bir gujagyň için köşge öwürip, Duýgy teňňelerin seçjekdigmize. Ýene ýyllar aýralyga äkider, Duşarysmy, duşmarysmy, kim bilýär?! Men bir zady bilyan: Söygiň şalygna Öňýeten aşyklar girip bilmeýär. Söýgi bilen girip bolýar behişde, Topraga, ahwala, yşk derýasyna. Söýgi bilen girip bolýan gapyny, Aýdaýyn söygülim, sen sanasan-a... Belki onuň bilen girip bolýandyr, Aşyklygyň gursagyna bakylyk. Onuň bilen girseň, kitap gatyna, Kyssa, goşga gerek däldir çakylyk. Söýgi bilen girip bolýar ýaşlyga, Ol asyrdan-asyrlara sygýandyr. Ol kuýaşa siňip, girse daglara, Ýene bir gün daş astyndan çogýandyr. Söýgi bilen wagtyň gözünde galyp, Ýyllaň depesinde täç boluň, ýeňiň! Söýgi bilen bir-biregiň ýüregne, Kalbyna, sesine, sözlerine siňiň! 39 Ýyllar Ýyllar, sizi kagyzlara siňdirdim, Sözlere, setire, duýga öwrüp men. Söýginiň keşbini sazyma saldym, Surat çeksem, ”suratkeş” diyip, öwnüp men. Ýyllar sizi goşa-goşa tarlaryň, Aglaýan taryna saldym hat kibi. Maňa kän zat öwredipdi söýgüde, Ahmyrlaryň, aýralyklaň mekdebi. Ýyllar size gözelligi bagş etdim, Aýly gijesine öwrüp obamyň. Jiglermiň murty tabap, at münýär, Ýaşula öwrülip barýar doganym. Ýyllar sizi ejem janyň elinde, Joýa-joýa bolan ýygyrtda görýän. Kölegesi garran, şahasy egbar, Mellekde ýaşaýan söwütde görýän. Ýyllar, Eý, ömrümiň monjuk ýyllary, Hatarlanyň, hatarlanyň ýadaman. Yöne bir haýyşym, ýakymly yzy, Goýup gidiň, goýup gidiň adama. 40 AşyklaryŇ sÄheri Bu säher aşyklaň säherimikä, Gün doganok, daňyň düýbi çyzyk dur. Wagt ho-ol daglaryň sergin gerşinde, Bir pursat dynç almaga ilgezek dur. Gijäniň açary söýgiň elinde, Ol açaryň gizlin ýeri mukamdyr. Çeşmelerde suw monjuklar ot-elek, Menzil-menzil, gaýa-gaýa bökýändir. Wagt goýbermeýär, ýagty kuýaşy, Çünki aşyklara gelipdir, döwran. Bu pursatda söýgi gujagna alyp, Aşyklary üwrär, dünýäni üwrär. Bu pursaty saklaň, heýkele öwrüp, Ýadygärlik ediň, aşyk kowmuna. Bu daňdan dönüpdir, bir pursat göwrä Dolanyp, söýginiň, Hakyň kowmuna. Bu säher aşyklaň säherimikä? Gün doganok dünýäň bagtlaryndan. Hormatyňa dünýä bu gün haýrandyr, Kuýaş ho-ol daglarda garaşyp otyr, Rugsat diläp SÖÝGIŇ JÜBÜTLERINDEN. 41 Galdy Sesiň gelýär hem nepesiň gelip dur, Saňa barýan ýollar uzag-a ýogsa, Her hatyňy müň öpesim gelip dur, Hem diýýän olary göge sowursam. Neçüýn seniň duýgularyň duýguly, Ýa bakyşyň elem-tas däl, ýa gamly. Ýöne seniň şol gözleriň perdesi— Meniň ebedilik ýadymda galdy. Pyşyrdyň – aýdymmy, ýa-da däl aýdym, Sen meni söýdüňmi, ýa-da men söýdüm. Belki-de, belki-de duşarys gaýdyp, Bakyşlarmyz söýgiň dadynda galdy. Owadan oglandyň, Solduň üç günde, Owalkyňdan başga bolduň üç günde. Meni söýüp, mensiz galdyň üç günde, Ýüregmiz söýginiň odunda galdy. 42 Entek ady döremedik goşgy Säher ýollarda galaryn, Döwüň közi deý yşgymy Saňa duýdurman bilmerin. Hem çow reňkli ýaglygymy Galgadyp başga birine. Arzuwy görüp düyşümde, Keýigokara elim soksam, Soňra öl bolan göwnümden Keyigokaranyň suwundan Seniň saçlaryňa döksem, Sypasam..., ysgasam..., öpsem..., Sypasam..., ysgasam..., öpsem... 43 Başgalyk Geçip gider bu ukusyz gijeler, Meni saňa, seni maňa ýatladyp. Seni säher gelniň ugradar işe, Öpüp, gözleriňden (gije ýatmadyk) Meň näzimi çekendir bir goç ýigit, Gussaly gözlerme seredip bir dem. Soraman geçmişim, bagtly etmäge Meň ykbalym boýun alandyr, merdem. Seni ogullaryň garşylar gelseň, Meň oglumam ýollaryma garaşar. Ýene ýetip geler ukusyz gije, Ne-hä sala salar, ne-de soraşar... Ýene ýyldyz paýrar, duýgularyma, Enäni ýatladýan Aýa öwrülip, İkimiz hyýalda ýene uçarys, Asmanda başga bir taýa öwrülip. 44 Ýagyş ýagsa... Ýagyş ýagsa, seni göresim gelýär, Bulduraýar, şildireýär damjalar. Ýagyş ýagsa, öz ysyndan utanyp, Biýaraň içine çümýär zamçalar. Ýagyş ýagsa, ýeriň ysy kükeýär, Bu toprakda mähremlermiň köki bar. Ýagyş ýagsa, şolaň ysy burugsap, Ähli hoşboý yslar gyra çekilýär. Ýagyş ýagsa, aýdym ýagýan ýaly-la, Dowamata dowam berýän heň döräp. Ýagyş ýagsa, ýeke özüm däli däl, Heň döredýän, heňler kändir seňselän. Ýagyş ýagsa, dünýäň ýüzi üýtgeýär, Şahyr dostlam gapdalymda bar ýaly, Ýagyş uzyn tary gadym tamdyraň, Dymyşlyk ýaýradyp, ýagmaz gar ýaly. Ýagyş ýagsa, seni göresim gelýär, Ellerimi ysgan wagtyň gül saýyp, Şol pursata gaýdyp gelesim gelýär, Duýgularym nepislenýär günsaýyn. Ýagyş ýagsa, sen ellerim ysgasaň, Menem Ýeriň ysy edäýse beýhuş. Biýaralaň aşagynda zamçalar, Jyklaşyp ýatsalar utanyp, eý-how... 45 SERDARYM Sen näme üçin juda basym ulaldyň, Boýlap söýgiň boýlap bolmaz girdabyn. Söýgiň huzurynda beýdip durardan, Sen entek ýaş ahyr, meniň Serdarym. Gözleň teşneligni bagyş edipsiň, Sowuk ülkäň bir aňýetmez gözelne. Sözleriňe gülleň reňkin ezipsiň, Arşy älem perdesini üzende. Guşlaň höwürtgеsin taşlaýşy ýaly, Uçup, ýaşap, taşlap ömrüň her taryn, Söýmek üçin aýralyga dözmeli, Seni şol ynjydar, meniň Serdarym. Gussa bilen ynjytmakdan saklasyn, Yşkyň edenleri weýran, dür-känim. Şol gözleriň gözlerimde saklansa, Neneň yşksyz ýaşaýyn men, Serdarym?!... 46 Sen uka gideňde... Sen uka gideňde, älemiň üýni, Ümsümligiň saýasynda bukuldy. Sen uka gideňde baglaň hasraty, Gyraw bolup, symgylt sähra döküldi. Sen uka gideňde, Yşgyň ýelleri, Öwrüldi ullakan, giň sallançaga. Sen uka gideňde zemin ýelleri Şahada garaşdy, kän sallanjyrap... Sen uka gideňde, syrlar azaldy, Derýa reňk gözleriň hanalarynda. Seň uka giderňe garaşýan eken, Meniň gussalarym täzelendiler. Sen uka gideňde, Süýji sözleriň dodakda „özlerin ýitiriberdi.“ Sen uka gideňde, ýylgyryşlaryň Ýaňagyňa “çöküp oturyberdi”. Sen uka gideňde... Dymdy ýüregim, Asudalyk hopukdyrdy bir pursat. Sen uka gideňde, Ýalňyz diregim, Bakylyga garşy ýöneldi gursak... 47 Munuatýura Bu bahar syrymyz paş boldy gijä... Dökän-saçan ýyldyzlaryň içinde, Gözlerime garap, sözleriň süýjäp, Hiç syrylmaz dert galdyrdyň içimde. Söze erk edemde, dodagym ýapdyň, —Bilýän...— diýdiň, düşünipdiň sözlerme, Bu bahar syrymyz gizläp bilmedik, Ýetişmedik ýaglyk daňyp,“gözdaňdy“ Oýnamaga, ýyldyzlaryň gözlerne... Bu bahar syrymyz paş boldy gijä, Leblerimden dökülende bal suwy... Sallanjyrap depeden Aý gelinçä, Hem yşgym aglady çäksiz gam syzyp... Bu bahar syrymyz paş boldy gijä... Ýyldyzlaň gözleri açyk daňa çen. Bu bahar ýene-de syrymyz süýjär, Arşdan gelýän yşgym ýaýrar ýaňa çen... Bu bahar syrymyz paş boldy gijä... Asmandan syrygan perde galgady. Yşgyň howry göwräň daşyna güýjäp, Ygtyýarmyz bu zeminde galmady... 48 Ikimiz üçin Ol gün Gün dogupdy ikimiz üçin Bar zatlar gowudy ikimiz üçin. Serhetler döwükdi, köňül keýikdi, Uçuşlar beýikdi, ikimiz üçin. Ýeller Ýeriň arkasynda duwlandy, Yşgyň ýeli içimizde towlandy, Seň özüň däl, duýgularyň oglandy, A men kän oýlandym, ikimiz üçin. Agladym, agyma goşuldy umman, Gözýaşlarym ýolda galdy ýuwulman. Mende-de, şo-ol senden galan göwün bar, Yşk ýeli uwlady ikimiz üçin. Aýralyk gapysyn açyp başlady, Bala batan, ýagty günler daşdady. Öýkelän yşgymyz bizi taşlady, Ol indi ýakyn däl, ikimiz üçin. 49 Mozaika Megerem, dünýämi açyp giderin, Sensiz dünýäň basga bir ýat künjüne, Seni agtarmaga gaçyp giderin. Giderin men, sen bolsaňam ýanymda, Seni agtarmaga özümde ýasan, „Senimi“ tapmaga basga ýerlerden. Eger öz kalbyňdan maňa ýer berseň, Hem gudrata ynanyp bu dünýede, Başga-başga mekanlarda ýerlesen. Başgalara ýanyňdan ýer bermeseň, Men seniň dünýäňde bardyryn, bilgin, Su pursat men saňa ýardyryn bilgin. Boşluga galgatsam, gamgyn gollarym Çydaman men umman bolup oňüňde, Sen dünýäniň allaryna ynanyp, Hem derdiňi şonuñ bilen ýeñledip, Gidäýjekdiň, Meni taşlap bir ýana, Hem söýmäge öz naşyja hyýalyñ. Eger, saňa söýgi jeza bermese, Hem seni saklaman, boşatsa, söýgim. Eglenme dünýämde parlak ýyldyzym, Git süýnüp. Men kararsyz älem içre galaryn, Belki-de seýledir meniň täleýim. Ýaşamalydyryn soñra sensizem, Men dünýede bir boş göwrä öwrülip, Sensiz, sensiz, sensiz, sensiz galaýyn. Aglap ýürek ezýet cekse bilginiň, Seni bir ýerlerde ideýänimi. Tapyp bu dünýede idealymy, Ony özüm, özüm ücin ýitirip, Şeýdip özüm, şeýdip, hamana ümsüm, „Ýasaryn söýgimiň mozaikasyn“. Seni senden aýyrmaga hetdim ýok, Hasabym ýok, señ ýanyñda galmaga. Saña taý bolmaga meniñ keşbim ýok, Hem ykbalyñ öz ýanyma almaga, Hukugym ýok, Men nädeýin, mähriban, Şahyr diýilýäni bir geñ jemende, Sensiz ýaşajagyma ynjama menden. Göwnüme baglaryn ümsüm hasratyň, Başa çekip öz dünýäme giderin, Özümi saýlaryn owadan dünýäň, Hyýalynda galan duýgularyndan. Maňa, goý, diýsinler betbagt şahyr, Hem yzymdan gep baryny etsinler. Setirlerim kimdigimi aýdar meñ, Ýene müñ asyrdan sözüm öpsünler. 50 Ýaşlygymy ýitirmäge giderin, Seň söýgiňde ýitip-ýitip bir zaman. Sen maňa ýene-de ezýet berersiň, Telefonda dem alyp, hiç gürlemän, Diñlärsiñ, gowräñem darygar şonda, Ýer tapman janyña üýtgär şol keşbiň. Hasrata goşulyp ýarylar şonda, Pyntygyň icinde süýjän şol yşgym. Seniň göwräñ sarsar, gözleriň üýtgär, Boş meýdan görüner garaýyşlañda, Sonda näzijek hem owadan şemal, Saña salam elter gara gyşlardan. Söýyänligim üçin bagyşla meni, „Men seni hasrata görmerin rowa,“ ýolsuz ýodalarda elimi salgap, Aglaryn, Belki-de ýüregim sowar, „Seni ynjytmakdan utansyn ykbal!“ Ene-de gaşyña barasym geler, Leblerñe-lebimi degirip, ysgap, „Aýdaryn: „meñ seni göresim geler“. Ýuwdynarsyñ, şol oñküje bolşuñ deý, Hem dünýeden söz gözlärsiñ, tapmarsyñ. Meñ söýgime jogap bermäñ ýerine, Ene aglarsyñ sen, ýazan hatlañda. Sensizlige hic öwrenşip bilmesem, Hatdan dolar şol köneje tahylym. Ýöne sowap gitmek üçin yşgymy, Saña golaýlatman goýmak ahyry, Meniň maksadym. Seň bagtly bolmagyñ bu giñ dünýede, Sen betbagtlygydyñ, uly şahyryñ. Maksadym, göwnüñe gül eksin ýaryñ, Hem seni aýasyn, men deýin söýüp. Señ keşbiñde öz dünýämi görýänim, Hem señ gapdalyñda bolýanym ücin, Onuñ saña garaýşyny syzaryn. Göwnümi döwmäge ýetmedik güýjüň Bilen, onuň yhlasyny doweniň. Mana ezýet berer, düşün, söýgülim, Sensiz bu hasratyň yzasy agyr. Agyr, agyr, agyr eken söýgülim. Erkiñ bilen taşla gaşlary ýaýyň, Sensizlige kyn bolsa-da, çydaryn, Çydaryn, gözleriñ görmezlige-de. Ýöne men bir zada çydaman öýdýän, Meni taşlamaga dözmejegiñe. Men ýalñyz däl ahyr, şygrym bar meniň, Senim bar, göwrämde baky ýaşajak. Yşgymy aýajak höwrüm bar menin. Eý, meniñ görmegeý, keýipsiz, naşyjam Çyda. Kysmat ýowuz, bu ýollar inçe, 51 Çyda. Söýgi hasrat bilen doglandyr. Men seni ulaltdym öz söýgim bilen, Sen bir mahal, men söýmänkäm oglandyñ. Söýgi adam bilen adamyñ parhyn, Saýlaýan bir ýoldur, hasratly ýoldur. Sen öz ykbalyñda, öz göwün dünýäñ, Owadan duýgudan, yşkdan doldur. Şonda... Dine şonda duşünersiň sen, Ykbalyñda bir şahyryn sözlerne, Gop-goýu, owadan syýa bolanňa. Hem bir pursat onuň ýalňyz ykbalna, Sarsmaz binýat bilen gala bolanňa. Söý! ‘‘Yşk owal, Ahli zat soňdyr!‘‘ Meniň şu sözlermi beýniňde doňdur. Men basga bir ada göçüp giderin, Söýüp ýaşamany öwredip saňa. Seniň ykbalyňdan öçüp giderin. „Giderin men, ýöräp ýerden-asmandan, Giderin men nirädigi hökman däl”. 52 NÄTANYŞ ZENAN “ ATLy SUrATdAKy ZENAN BILEN HYÝALY DUŞUŞYK (Suratkeşin dilinden ýazylan) Galýaň, indi gep-gürrün ýok, şübhe ýok, Tanyşlyk agşamna biziňkä düşlän. Eý, peri sypatly, öte çümhörek, Kirpigi serpilen nätanyş myhman? Sowuk üýrer goýar, penjirä bakma, Garamyk nazarňa örtme hasraty, Düşün,meň öýümde diňe sen hakda, Yüz ýyl ozal gyzgyn jedel başlady. Häzirem gidip dur, her gije, her aý, Çözüp biljek sen bolmaly, bir özüň. A sen galareýaň merkezin bezäp, Şo-ol dymyp otyrsyň, ah, saňa hezil. “Barybir tanalman” diýýäň, belki-de, Bagana eşikli, bagana hyýal. Mümkin, taýsyz galan ellik seňkidir, Biziňkide taýy ýok bolan aýal. Tanaman çekendir hudožnigiň-de, Tanaýan, seslener, pikiriň ede. Seniň lebiň goşa gyzyl ýapragy, Pikir edýän welin, şekeriňkidir. Ýogsa-da saçlaryň gijäň buludy, Aýmy keşbin, bulutlary ýekelän?! Ýa sen ähli tanyşlaryň umydy... Ýa sen ähli tanyşlaňdan öýkelän. Ah, natanyş zenan, nätanyş zenan, Galýaň indi gep-gürrüň ýok, şübhe ýok. Kaddyň bir görmäge dünýäni tölän, Dostlarymy ynjaldaýyn köňlüm dek. Goý, göwnüň ýetmesin garyp tünegme, Biz saňa ýararys, ýok şuňa şübhäm. Barybir men nätanyş seň ýüregňe, Hiç tanyş bolmajak, nätanyş myhman. 53 SÖÝGI PERISINIŇ HATY Sen meniň şazadam, ruhumyň güýji, Giň deräniň peleňine deňedim. Aýdyňlyga sary, maksadyň bary, Şoň üçinem aýdymlarňy diňledim. Sesiň gursagyma ýag bolup siňdi, Kerem doly kalbyň kuýaş nura deň. Dag bürgüdi kysmy kamatyň bilen, Algyr bolup, alyslara ugradyň. Maňa ylham berdi garaýyşlaryň, Kowdy köňüldäki gara gyşlary. Mert meňziňe çekilgi dur suraty, Kynçylykda başyň çaraýyşlaryň. Maňa ganat berdi, seniň sözleriň, Ol ganatlar gyrylmadyk perlidir. Aýlawlarda aty çykan şazadam, Gyrmyz donuň guşaklary zerlidir. Kamatyň bar, nurly sözüň aşygy, Pederleriň ýollarydyr ýollaryň. Näzli ýar öňünde çytman gaşyňy, Gerdiň oňa gerçek-ganat gollaryň. Dag bürgüdi, gaýalardan güýç alan, Dereleň güllerin ysgap ulaldyň. Dogumňa bäs gelmän, jülgeler söküp, Ýagyşly ýaýlada ylgap ulaldyň. Maýsalaň gulpagy eliňi küýsär, Ter sähraň gujagy demiňi küýsär, Ulaldyň, çaýlaryň diňläp sesini, Käkilik gaýtalan heňiňi küýsär. Sen meniň şazadam, ruhumyň güýji, Sözleň güwwüldisin diňläp ulaldyň. Atalaň arzuwy, eneleň genji, Olaryň özüne meňzäp ulaldyň. Maňa ganat berdi, seniň mertebäň, Ýagyşly baharlar guýduň ýürege. Çala gussa batsa, mähriň gaýgyrman, „Ganatyň bar ahyr“ diýdiň ýürege. Eý, meniň şazadam, ruhumyň güýji, Gerçek gerçekligi senden öwrensin. İn beýik güýç ahyr, söýginiň güýji, Gözeller söýmegi menden öwrensin! 54 ÝÜREGI DIŇLÄŇ Ýüregi dinläň. Ýürek—ýeňişleriň watanymyka?! Ýeňse, gujurlanýar, ýeňse gülleýär. Söýgi dünýäň özi ýaly bitewı, Soň üçinem aýdymlarny diňledim. Söýgi dünýäň özi ýaly bitewi, Söküp bormy söýgiň gaýan gaýmasyn. Meger, bölünýän zat ýüregiň özi, Bölüp bolmaz söýgiň şatlyk-gaýgysyn. Söýgi ýeke-täkdir Ýerin ýüzünde, Söýgi—jany özgäň janynda goýmak. Ýöne esasy zat ömür dowamda, Ýürek bilen söymek, şoň bilen köýmek. İlkinji söýginiň Watanydyr ol, Onda ähli zada orun tapylar. Käte diňlaň ahyr ýüreklerňizi, Onuň diwarlary—açyk gapylar. Ony aýaň mydam geldi-geçerden, Onuň sesin diňlaň, ýaşamak üçin. Kamillige barýan ýolundan saklap, Güýmemäň, gözleri ýaşlamak üçin. Dinläň, kyn bolsa-da ýürekleriňizi, Söýsün, ýeňsin, päk niýetin oňlaň siz. Ýöne azaşmasyn duýgularyňyz, Şoň üçinem ýüregňizi diňläň siz. 55 DAG AHWALY Ol gün ýagyş ýagdy, aglady asman Baharyň alamat berýäni ahmal. Gyş bilen duşuşyk paşmadyk borly, Döredi daglarda üytgeşik ahwal. Ümür akyp gelýär, dag depesinden, Hyýalyny dökýän ýaly gök ýaýla. Çopan goşy, süri, tüsse ählisi, Ýukajyk dumanyň içinde galýar. Otlaryň ysyna aýlanýar başym, Pikirlerim dag gerşine meňzeýär. Bahar oýanýarmy, töwerek-daşym, Guşlaň, çaýlaň sesi bilen dyňzaýar. Ak arzuw deňzine çümýän mysaly, Göýa gerilipdir, umyt ýelkeni. Şeýlebir geň dagyň tebigy ruhy, Barsa, haýranlara goýar her kimi. Käkilikler saýrap, owazlar ýaýrap, Dünýä başga dünýä öwrülip gidýär. Birdenem, ümürden ap-ak deňzin, Tolkunyndan ýürek üwrelip gidýär. 56 ŞAHYRA HAT Ýüregimiň gizlin ýerlerinde seniň ruhuňdan syzyp, alan çeşmäm akyp dur. Belki, sen meni unudansyň, belki-de, ýok. Ýöne seniň kalbyňdaky gozgalaňlarda özüme juda-juda ýakyn gelýän hasratlary duýdum. Göwrämiň içini dolduran hasratlarym meni ýalňyzlyga tarap kowup goýberdi.“Yşk soň ýalňyz goýar“ diýýärmiň? Dogry. Ol ikimizi aýralygyň ýalňyzlygyna taşlar-da, başga älemlere äkider. Biz başga älemlerdäki malekulajyklar deýin gaýar ýöreris, mähribanjygym. Seni hasrata rowa görmedim.Ýöne barybir aýralyk öz diýenini etdi.Aýralygyň dogmasy—gam welin meni nirede bolsam-da aňdy. Ol meni nirede bolsam hem tapýar. Bu dünýede her kim öz menziline tarap ýola rowan bolmaga çalyşýar. Bu rowanlyklarda biziň maksatlarymyz ýatyr. Ol maksatlar biziň ganymyzyň we ruhumyzyň bölekleýin ýok bolmagyna „kömek edýär“ .Adam içden pytraýar. Biziň maksatlarymyz bizi bu ýalançy dünýä lukma edip berýär. Wepalylyk barada diýýärmiň. Wepalylyk biz barada diňe şeýle bolup biler: Ol biziň öz döredijiligimize bolan wepalylygymyzdyr. Haýsy zat bize ýazdyrýan bolsa, diňe şol zat bize wepaly bolup biler, biz hem oňa wagtlaýyn wepalydyrys. Eý, meniň hasratlarymyň buýra saçlyja, owadanja ýolgörkezijisi! Sen meni nirä alyp barýaň? Men ol düýşden oýanmasym gelýär. Men ol düýşe lukma bolmak isleýän. Beýik buýsanç bilen ruhy doly şahyry ol owadanja wepa bir demiň içinde kiçijik hem juda ysgynsyz bir zada öwürýär. Ynan – seniň gözledigiň merjenler meniň göwräm demi, eýse, sen olary dör, penjele, öz gysymlaryň bilen al. Şonda sen bu beýik düşünje — barlyk içre ýitip gidersiň. Asla ýitip gitmäni öwrensene. Ýit, ahyry. Gaýta „Men bar“ diýip, döşüňe urma, şahyr. Gaýta manylar içre ýit. Ana, şonda adamlaryň, okyjylaryň özleri seni taparlar. Inçeligi öwren. Ýitmegi öwren, manylar içre ýitmegi öwren. Şeýdibem, beýgelersiň, ýazan eserleriň saňa şöhrat getirer. Seniň adyňy ebedileşdirler. 57 BAHARA HAT Sen näme üçin geldiň? Aýtsana, belki, sen meň ýüregimdäki düwünleri çözmek üçin gelensiň. Belki-de, sen meni ezmek üçin gelensiň. Bolýar. Näme üçin gelenem bolsaň, gel! Çünki sen maňa bu duýgulary berdiň. Sensiz gijeleriň başy goýulmaz Ak ýassyga, Ah, ýassyga, Ýassyga... Göwrämi galama öwrüp aşygym, Meni yşga batryp, dessan ýazsana! Sowulsa sowulsyn, gyzgyn baharlar, Demiň sowulmasyn, ol maňa ýeter. Bu dünýede sen başarýaň ol işi, Nepesiňi nepesime çatsana. Syl gözýaşym, Sollar görmesin diýip, Gama batyşyň deý, Gülkä batsana. Men hakynda Her baharlar gelende, Ýagyş damjalary Öwrüler şonda, -ýazdygym hat saňa. Her bahar gelende Ýagyş damjasy, Ýagar durar, ýagar durar asmandan Bolup menden gelen Bölek hat saňa... 58 SAZANDA Sowlup sähraň gyzgyny, güýz sykylyk çalanda. Garaşaryn gelerňe, eý, görmegeý sazanda. Hyýal guşuň ganaty, belentlere galanda, Gözýaşlar suwlar ýoly, saz hyýally sazanda. Gördüm gudaratyn gördüm, sözüň, gözüň, söýginiň. Kerdim, açyldy indi gulaklary serweriň. Asmany gün erňekläp, alyslara galanda, Ilkinji ýada saljak, söýgülim sen, sazanda. Ýüzüň nuruň öýjügi, bakyşlaňda özüm bar. Meň didäme dideleň çolaşyplar galandyr. Bir gün bu ýoly ýeňjek, bir ganatly ýoluň bar, Menem alyp gidersiň, eý, görmegeý sazanda. 59 Surat Bu bahar syrymyz paş boldy gijä... Dökän-saçan ýyldyzlaryň içinde, Gözlerime garap, sözleriň süýjäp, Hiç syrylmaz dert galdyrdyň içimde. Söze erk edemde, dodagym ýapdyň, “Bilýän...” diýdiň, düşünipdiň sözlerme, Bu bahar syrymyz gizläp bilmedik, Ýetişmedik ýaglyk daňyp,“gözdaňdy“ Oýnamaga, ýyldyzlaryň gözlerne... Bu bahar syrymyz paş boldy gijä, Leblerimden dökülende bal suwy... Sallanjyrap depeden Aý gelinçä, Hem yşgym aglady çäksiz gam syzyp... Bu bahar syrymyz paş boldy gijä, Ýyldyzlaň gözleri açyk daňa çen. Bu bahar ýene-de syrymyz süýjär, Arşdan gelýän yşgym ýaýrar ýaňa çen... Bu bahar syrymyz paş boldy gijä... Asmandan syrygan perde galgady. Yşgyň howry göwräň daşyna güýjäp, Ygtyýarmyz bu zeminde galmady... 60 AHMYR Bu gije-de Öňki gijeler ýaly Ýalňyzlygyň düşegine ýelmeşip, Seniň gözleriňe daňyp hyýaly, Bir pursat ýene-de ýadyma düşdüň... Aramyzda müň gijeleň ahy bar, Ýassyklarmyz ýyrtyk dişleň derdinden. Penjireleň gözlerine gar syrap, Ýapar öňküdenem çytyk derdim meň... Ýene-de gar artar Garry sübsegär, Ýyly düşeginden gaýdyp, sermene. Bilýäňmi, ýene-de ýassygmy görüp, Oglum ýene için çeker ir bilen... 61 YŞGYŇ SERHEDI Men seniň taýyňmy, syrym bar saňa, Özgelere açylmadyk, barmadyk. Dutaryň kirşine entek girmedik, Şygryň sözlerinde ýaýmadyk, ganat. Hem bagşyň sesinde gaýnap görmedik, Kebelek deý sähralarda seýl edip, Arşy duýgularyň perdesin gyrjak, Hem göwnümde durjak: taýymmy ýa-da Taýym bolmasañ-da, synym bar, saňa. Begresin çykaran baglaň astynda, Ikimiziň pyşyrdymyz garyşdy, Demimiz sazlaşdy, Gözleň arasy Ýa-ha bir seredi, ýa bir garyşdy. Şeýle ýakyn durup bormy adama, Eý toba! Sen adammy ýa ahwalmy ? Sesim tutuş öwrüldi seň adyňa, Ýöne öwürmäýin saňa ykbalmy?! Durmuş başga zat ahbetin, ezizim, Durmuş bizi sil deý sylap goýmaýar. Dur, Agzyňdan çykmasyn hiç söz, hyýal. Men häzir öwrüldim, ölüp bilmeýän, Bakylyga çalşylan bir adama. „Git,öýüňe, janym, aýyp bor“ diýip, Aýralygyň köprüsinde aldama. Gaýta meni bu kenarda güýme-de, Sal, pyşyrdylaryň baryn ýadyma. Men seň demiň içre ýüzüp ýörün ýa, Ya-da sen meň gözüm içre ýüzýärsiň. Güýzüň tallarynda batly bat ala, Şemal ýazgarmaly boljak günäsin, Iki göwräň! Nädeýin men, şeýle-dä. Şelpesi naşyja yşgyň agajy, Göwrämizi dolap alyp, neýle-dä? Şeýle datly eken yşgyň tagamy, Seni gözýaş içre ugradyp bilmen, Entek-entek göz-gaşlarmyz bakýarka, Bir-birege, teşne hemem mähriban. Yşgyň güýji ikimizi taşlaýsa, Ana, şonda, şonda görsüň tomaşa. Häzir welin, Häzir welin arada, Ýa-ha bir garyş bar, ýa bir sere bar. Ikimiziň aramyzda gylyçly, Hem gaýyş ädikli, haýbatly bir şa Eýläk beýläk, eýläk-beýläk ýöreýär. 62 Men seň bilen hoşlaşamok entekler, Demiň bilen meň demime duwlanýaň. Bagyşla, şygrymyň teşne owazy, Hemem demim dartyp, barýar howaňy, Bu lebler lebiňe degip bilenok, Sesiň meň sesime garylsa-da, ýar, Söýgi bolsa, Söýgi bolsa, şol arada gatnaýan, Haýbatly şa ölüp, ýarylsa-da bar... 63 SORAGLAR Ýuregimde ýer galmady, Günden galan zer galmady. SENI SÖÝEN HYÝALYMDA, RUHUM MENIŇ DERÝAMYDY ?! Döwüp gitdi döwürleri, Ýeriň añry böwürleri, Yşga salyp bu serleri, Kararlarym her ýanady?! Karar uçdy, ýat illere, Gyzlar gara gaş illere, Ahli syrym paş illere Indi gaýdyp, barmam nedir?! Seni söýüp, ahwal boldum, Seni söýüp, ykbal boldum, Käşgä bolmasadyň, bolduñ, Sen şahyryñ her halydyñ... Ýitirsem, yitip gidersiñ, Götersem, uçarsyñ göge. Seniñ söýgiň ganatynda, Bardym ysk şalygna, töre. 64 BU GIJELER Bu gijeler ýarsyz galdy, Çyragsyz, dogasyz galdy, Neçün ýar meni ynjytdy? Onuñ köñli arsyz galdy. Sökdüm nagyşly çölüni Ataşa ýakyp, tenini, Sähraň sahraýy gelini , Dünýede kararsyz galdy. Garaş diýdim, seslerime. Aýyň erän kesmegine, Suwly ýabuñ kenarynda, Gijäniñ kereşmesine. Bu gijeler ýarsyz galdy, Çyragsyz, kararsyz galdy. Neçün ýar meni ynjytdy? Oň köňli aramsyz galdy... 65 ÝŞGYŇ EÝESI Seniñ yşgyñ şatlyk berdi kalbyma, Käte bir tukatlyk saldy kalbyma. Käte ýürek täsin sese oýandy, Meñzäp ýat ülkede ýatan tamdyra. Sensiz çalynmady ýuregmiñ tary, Başga tarlar perdesinden çyksa-da, Seniñ gapdalyñda boldy hyýaly, Sygyp bilmän bu sadaja gursaga. Söýgim bu daglardan akdy-da gitdi, Sygman hanasyna, haýkyrdy sesi. Bedeniñ bedenmi ýakdy-da gitdi, Kül boldum, eý, Arşy yşgyñ eýesi. Seniñ sesiñ meñ sesimiñ dowamy, Seniñ yşyñ täzeleýär howamy. Neçüýn duşsak, başlarymyz gowgaly, Kimsä meñzemeýän keşbiñ eýesi. 66 ŞAHYRYŇ GYZY MEN... Asmanyň aýdymny diňläp ulaldym, Ajap söz eşitsem giňap ulaldym. Ulaldym men, ýagşy dünýäň içinde Ejemiň öwüdin diňläp ulaldym. Ýyllar sepen ak saçlarmyň tarynda Söýgimiň çigni bar, muňa-da şükür. Doganlarym bu zeminiň üstünde Sähel görmeseler, ýoluma çykar. Şahyryň gyzy men, asly sünnäli, Ejemiň şygrynda adym bar meniň. Eziz ýara aýdylmadyk sözlerde, Erte-birigün aýtjak zadym bar, meniň. 67 ÝATLAMA... Açyk penjiräň astynda gyşdan galan ot küdesi, Owadan ýagşyň ysyna, ýatyr mädäňi kükedip. Mawy hünjä meňzeş üzüm, dalbara dakylan bezeg, Şahyry ýene ynjydyň, dem bersin ol gözel heňe. Yralaň oň köklerini, berkesin ol pes päl bilen, Alyberiň oň ornuny, hile hem al, ykbal bilen. Onuň orny arşdadyr, siziň aňýetmez ýeriňiz, Onuň durmuşda ornuny köp bolup siz saklaň bile. Ol sizden has uzaklara, hesretiň deňzine tarap, Ýüzer gider, küreklär-de, ýönekeý galam—gaýgynda. Ýöne ädim ädäýseňiz şahyryň köňlüne tarap, Oýlanyň, ornuňyz barmy onuň owadan kalbynda. Şeme syrdaş gijesinde seniň näçe günäň baryn, Sanar onuň gözýaşlary, näçe hasrata çydanyn. Saklaň, onuň ykbalyna gyýa göz bilen bakmana, Hakyň barmy, şonda jogap berip bilersiň ykbala. Şahyr ýüregi hasratda, diýmek syrdaş ýok, ýekedir. Onuň penjiresi açyk, diýmek, ýüregi gysýandyr. Owadan ýagşyň ysyna täsin demini kükedip, Şahyr ýüregi söz gözläp, müň bir dürli öwüsýändir. Goýuň ony öz gününe, goşgy ýazsyn ömri hakda, Başgamyzdan miras galmaz, onuň ýaşan döwri hakda. Şahyr öz sözleri bilen zemini hüwdüde üwrär, Goýuň ony öz gününe, şahyryň göwnüne degmäň. 68 Belki Derdiň barmy, aýt, ezizim, diňläýin, Neçüýn dem alýarsyň, ahmyr gussaly. On sekiz ýaşdaky duşuşyk bilen Ýaşap ýörün henizlerem kyssaly. ...O gije asman hem ýere gaçana Ýyldyzlar giň gökde pişme seçene, Çalym edip, hiç gutaryp bilmedi. Duşuşdyk,ýyllaryň saçyn agardyp, Çagalarmyz jahyl çykyp gidipdir. Neçüýn durus, aýralygy agladyp, Gijäň gözelligi hetdine ýetip, Ýürek kapasasyn ýykyp gidipdir. Ikimiz ýene-de duşduk ikimiz, Bu agylar näme, ýa-da ökünçmi? Sen näme hamsygýaň ýitiren söýgüm, Maňa arman bilen bakyp, ökünçli. Köňül serhetlerni söküp gidipdir, Aýy aýralygyň suraty diýip, Alla gökde ýeke çekip gidipdir. Ýadyňdamy, bir-birekden ganmadyk, Mährimizi hiç diňdirip bilmedik?! Ýyllar kämillige böküp gidipdir, Ýadyňdamy, şol owadan günlerimiz, Bir-birege bakan gözler garrapmy?! Ýylgyryp, ýuwaşja gürrüň bererdiň, Pyşyrda ýuwdunyp, bir zat, bir zatlar. Saçlaryňy sypaladym, şol gije, Maňa aşyk bolan gözleň garrapdyr. Horlanypsyň, görmegeýdiň, görklüdiň, Şol günler azatdyň, söýgä erklidiň. Nirä alyp gitdiň, meniň söýgümi, Hatlaram ýazmadyň, jaňam etmediň?! Eziz maňa bu owadan yhlasym, Hem seniň bu gije ýalbaryşlaryň. Halkaly Aý getiripdir gijäni, Gözläp, ruhumdaky gara gyşlary. Belki, ýyllar geçmese-de, geçmezdi, Beýle süýji hakykata öwrülip, Belki, beýle söýgi ýaşap bilmezdi, Bir ojakdan ören bolsak, ömürlik... 69 EJEME Ertekiler ýat bolupdyr, ejemem, Enemem, bir mahal aýdyp bererdi. Goňşularyň ählisi-de oturyp, Ýadymda kölgede gök çaý süzerdi. Çagalygym geçdi baglaň içinde, Nowçalar düzerdik, monjuk hamana. Oglan doganlarmyň söýýän gyzlarna, Hat äkidip bererdik, agşamara. Ýyllar saçlaryma ak gar sepipdir, Ulalypdyr, birmahalky taýçanak. Obanyň çetinde akan şol akar, Ene ýaba öwrülipdir, çaýkanyp. Kysmat uzaklara seçipdir, bizi, Biýaralaň seçişi deý garpyzyn. Nersi bir ojaga eýe bolupdyr, Joralarym söýmese-de, agtygyn. Ýyllar dür saçypdyr, duýgularmyza, Kän kösenip, kämilleşdim bu ýolda. Ejemiň ertekä siňdiren sesi, Doňup galdy sahna bolup hyýalda. Ýatlama, ýatlama, gundogda ýatan, Päkizeje bäbejige meňzeýäň, Käteler arlykdan aşjak bolaňda, Kalbyň baglaryny kertip dyňzaýaň. Gowzadýaň joşgunyň aýdymlaň bilen, Owal-ahyr ýazyp, aýdanlaň bilen. Kämilleşip ýaşap geçýän ýollary, Kämilligiň öýdän öýdümi bilen... 70 GÜÝZ GOŞGUSY Men giçki güýz hakda köp oýlanýaryn, Şonda duýgularym bolýar elýetmez, Şeýdip derrew gyş temasy başlanyp, Goşgularym çykman galýar, gazetde. Asman saraýyna barýan bulutlar, Azaşýar Ýer-gögüň merdiwanynda, Gussa çümüp sary ýaprak aglaýar, Güýzüň hasrat bürän ýel-dumanynda. Şeýdip, kalba salýar sadaja gussa, Hemem süýji, bir düşnüksiz ykbaly. Güýz güni şeýlebir kalba ýakymly, Meniň çap bolmadyk goşgulam ýaly. 71 Meşhur artist Allaberdi Meläýew dünýeden öteninde, dosty meşhur artist Ata Moşşyýewe bagyşlap ýazylan goşgy Sen ýöräp barýarsyň ýalňyz ýodadan, Egniňde ýük däl-de dünýä göterip. Dostsuz ýollar kötellidir, ýadadar, Ýalňyz galsaň, söwer dosty ýitirip. Ýyllary-da, ýollary-da, ýeňmeli, Ýöräp, ýöräp, ýöräp gidip ussadym. Güýz ýapragy ýodalarda sermenip, Maňa çawuş çakýar, seniň hasratyň. Aglama sen, gidti diýip, dünýeden, Şonsuzam aglaýar, güýzüň şemaly. Ýaşamak kýn bu dünýede ýitirip, Söwer dostyň, Allaberdi Meläni. Sen ýöräp barýarsyň, ýalňyz ýodadan, Dostuň ýükün hor egniňde göterip. Düşünýän, kyn bu dünýede ýaşamak, Onuň ýaly beýik dosty ýitirip. 72 “SEN GELDIŇ-DE GARYP KÖŇLÜM BAÝ ETDIŇ...” G. Ezizowdan. Sen geldiň, şo pursat giňedi dünýäm, Arzuwlarym kebelege öwrüldi. Elleriňden tutup, seni getirýän Duýgularym ap-ak durna öwrüldi. Sen geldiň, şo pursat ýaňlanyp gitdi, Ýönekeýje öýde, beýik bir nama. Megerem, mähriňe suwsap gidipdim, Meni umma zyňdy beýik hyýallar. Sen geldiň, açyldy aýnalarymyz, Goňşular ýylgyryş gördi gözümde. O nähili ykbal, ýekeje adam, Bagtly edýär meni ýeriň ýüzünde?! Sen geldiň, nur girdi öýüň törüne, Gapym kejebäniň perdesi misli. Müň tarapdan pyşyrdylar ilişip, Şemal öňküdenem ýygjam öwüsdi. „Sen geldiň-de garyp köňlüm baý etdiň, Ýöne näme üçindir, ynjalygym ýok. Sen maňa bagt berdiň, örän ullakan, Ony nädip gorajagmy bilemok.“ 73 EZILDIM Ezildim sesiňe ýagşyň suwy dek, Ylhamyň eşigne girdim, şo bada. Seň sesiňden eziz, şondan zyýada Şondan ýakyn owaz bolmaz dünýäde. Ýylgyryp gidipdiň, soňky gezekde, Sen meni ýyllara berdiň ahyry. Tally ýapda ýatan ýapraklar hakda, Niçe goşgy ýazdyň gamgyn şahyrym. Çözläp, gara saçlarymyň nogtasyn, Seçip goýduň ak ýüzüňde bir meýdan. Arzuwlar älemne çümen pursadyň, Gaýyp bolduň bu gadymy dünýeden. Saňa ýakyndym men, ýada öwrüldim, Ýanyp duran gyzgyn oda öwrüldim. Höwrümdiň, höwrümdiň, eziz höwrümdiň, Bir pursatda başga zada öwrüldiň. 74 Wagt hem söýgi Durna geçýär,ajap mesnewi ýaly, Okan kitaplarňy salyp ýadyňa. Güneş dogýar,göwnün islegi ýaly Gaty kan zat geregem däl adama. Göwün dilegdedir –doga aýdymdan, İller dilegdedir,bagtyň gelşinden. Goş-golammy ýygnap çykyp gaýtdym men, Söygiň terk edilen kontinentinden. 75 PERWANA Yüregimde daň çyzyldy, Aňymda agram çyzylar. Meni unudan günüňden, Gursakdaky yaň çyzylar. Men-üzülip gaçdymmy ýa, Senden ara açdymmy ya? Asmana uzan kalbymy İndi nira açsaň bolýa. Kagyzlarda sözüm galar, Ak ýaýlada gözüm galar. Seniň ýap-ýaşyl gözleňde Aglap duran yüzüm galar. Ön-önler,indi-indiler, Ol seni söýýär diýdiler. Mähir goşaryn sypdyran, Sowap gidipdir didelem. Hoş,göwnümiň pelsepesi, Çawuşlarňa çakyşdym men. Pyrlanyp hyýallar içre, Pyrlanyp howalar içre, Gaçan nazik bakyşdym men. 76 Ylhama Eşidilmedik nagmalarda, Howada doňan elleriň. Sypalyn yetmiş gatyndan, Çykyşyň seniň süllerip. Häzirem ýadymda,janym, Häzirem ýanyňda ýanym. Yşgyň hatarly ýodasyn, Ot basypdyr,ykbalym. Gelmezmiň ümür gowzanda, Kuýaş gökde gerinende, Sen ýana yürek howlanda, Oýalyk düýş görünende. Egrem-bugram bag goluna Golum atyp söhbet etsem. Gelmezmiň şol basgançakdan Täsin yöreyişli eýsem. Garaşýan ýadyňdadyr-la, Meniň soňsuz garaşýanym. Gatbar-gatbar gussalaryň Aşagynda garaşýaryn. 77 ŞAHYR Şahyr yöne yere döreýän däldir, Arşda uçýandyr ol ýerde bolsa-da. Onuň durmuşynda çuň syrlar kändir, Kalby sada,buýsanç serde bolsa-da. Ylahydan gelen,iberilen deý, Gözleri dury hem biraz ynjykdyr. İlini beýgelder,bolşundan hasam, Olaryň kalbyndan dünýä iýnjek heň. Olar ýagşylygyň goragna galyp, Mertlik bilen şerin üstüne sürner. Şahyr ykbalynda özge dünýeler, Özge älemleriň syrlary görner. Bu dünýäni setirlerne mündirip, Älem sary ylham atyn gyssarlar. Arş içinden gelen ylahy ylham, Olaň çuňňur kalplaryna hossardyr. Guşlar daň saheriň aydymyn aýdar, Owazyny goşup,şahyr sözüne. Şahyr şeýdip Arş içinde aýlanyp, Aydymlarda gaýdyp geler yzyna. 78 TEBIGAT Baglar başyn egip,arasyn açar, Selçeňleşer gülleň gülgün başlary. Şemal geň-taň hallar bolup öwüser, Darap,çözüp bulutlaryň saçlaryn“. Güýzüň atyr ysly merdiwanyndan, Ýaprak gaçyp,raks oýnar-da,pyrlanar. Güýzüň asmanynda,ýel-dumanynda, Setir düzüp,geçip gider durnalar. Sary keteni deý,zolakly pelde, Tüweleýler görkezer öz boýlaryn. Agaçlar bar sahawatyn eçilip, Ýapraklar ýaplaryň “ýalar” gaýmagyn. Asyl-asyl bolup,gögün yüzüni, Apbasy deý bezär ala bulutlar. Yaşlap yaşyl donly gögüň gözüni, Bakylyga siňip barýar,umytlar. Tebigatym- meniň asyl düşegim, Seniň birje pyntygyň men,dänäň men. Perzendi men garabagyr enemiň, Eziz obam, seniň naçar läläň men. 79 GÖRSENE Görsene, Ýyldyzlar öçüp gidipdir. Aý agyllap,alyslardan jyklaýar. Penjiraň öňüne seçip gidipdir, Keşde ýaly ýyldyz-hünji- akja gar. Daň agarýar, İki aşyk kalbynda, İki yürek urgusynda bir saz bar. Eşitmedim,yşk hakda şeýle jümläni: „Yşk uransoň,munda özün dürsän bar“. Ukusyz gijeler geçip gidipdir, Gujagynda söýülip hem söýdirip. Daňyň ýyldyzlary öçüp gidipdir, Aýam “çyralarny” barýar, “söndürip”. Her kişiniň öz gitmeli yoly bar, Her adamyň öz taby,öz päli bar. Wepaly,ygrarly,geçegçi pursat, Bilmersiň çyn dünýäň ne hyýaly bar. 80 GÜLLER DÜNÝÄSI Yöräp barýan,nazar salýan edaly, Seyilgahiň gülli,gunçaly agzy. Gül-gunçalar bir-birine näz edýär, Has süýjeýär guşlaň,säherki labzy. Bir günüň içinde howa üýtgeýär, Bir günde aylanýar,asmanyň başy. Asman seyilgähe meňzeýär häzir, Bu ýagdaýlar baharlaryň gözbaşy. Ylgap barýar daňyň säher şemaly, Eteginden gül dökülýär zemine. Bu güller deňziniň ýokdur kenary, Çüwdürimler meňzeş,güýçli zehine. Bu owadan guşlar Arşdan geldimi? Gör-ä juda nazik gülleň baldagy. Unudýaň sen,galamdygyň,güldügiň, Elleriňde saklap,ýazýan zadyňy. Ylham çogýar, Asman zemine gonýar. Zemin başyn goýýar,Arşy-aglaýa. Gül bolup göterlip,arzuw-hyýalym , Ýukajyk öýme deý,gökde galgaýar. Gül ýagdyr tebigat asmandan ýere, Bahar geleninde gyzyl çog bolup, Güller Arşyň aşyklara sowgady, Gül geler asmandan gysga çag bolup. 81 GÖZELLIGIŇ YŞKYNDA Açyň ýürekdäki täsin syrlary, Size bagt paýlar söýgiň adyndan. Tapyp,iň mahriban,süýji sözleri, Gözellik hakynda sözläň,adamlar! Gözellige aşyk göwnüm bar meniň, Göwnüm diňe onuň guran köşgünde. Gözlerimde söýüp bilýän güýjüm bar, Şoň üçin men gözelligiň yşgynda. Ýyldyzly gijeleň nurun ýassanyp, Gyşlaryň ýyldyzly garyn ýassanyp, Gözelligiň ykbaly bar ömürde, Tasin ahwallara sary gyssanyp. Bossanlar jorasy güller nikapmy? Meň aşygym nazarymy okapmy? Gözi nemli şatlyk alar çeşmimden, Ýüregimden şatlyk alar tukatly. Gözellikden dem alyp dur ýaşaýyş, Bilýärin men,gözellikden ýadalmaz. Şoň üçin men gözelligiň yşgynda, Gözellik hakynda sözlaň adamlar. 82 SAZLAŞYK Gel, otur gaşymda,mähriban dostum, Akarlara seň adyňy dakdym,men. Göwnüm gül dakyp ýör baýyrlarmyza, Seni ýatlap,şo-ol düzlüge çykdym men. Sen meni öpmediň,kalbymy öpdüň, Sen meni tapmadyň,ruhumy tapdyň. Şon üçinem durmuşyň öz içinden, Maňa şo-ol ýaşlygym bolduň-da bakdyň. Şo-ol ýaşlygym,owadanja ýaşlygym, Meni syrly yşkynda kän enteden. Sataşaryn öýtmändirin söýgüme, Söýgi däldir öýdüpdirin entegem. 83 SÖÝGI BILEN Söygi bilen girip bolýar behişde, Topraga,ahwala,yşk derýasyna. Söýgi bilen girip bolýan zatlary, Aýdaýyn,söýgülim,sen sorasana. Belki,onuň bilen girip bolýandyr, Aşyklaryň gursagyna bakylyk. Onuň bilen girseň,kitap gatyna, Söýgiň bolsa,alarsyň sen çakylyk. Söygi bilen siňip bolýar ýaşlyga, Ol asyrdan-asyrlara sygýandyr. Söygi bir gün sümüp girse,daşlara, Ýene bir gün daş astyndan çogýandyr. Söygi bilen wagtyň gözünde galyp, Ýyllaň depesinde täç boluň,ýeňiň! Söýgi bilen bir-biregiň ýüregne, Kalbyna,sesine,gözlerne siňiň. 84 ÝÖR GÖWÜN (Türkmeniň örän ýiti zehinli,wagtyndan juda ir giden merhum şahyry Çary Ýegenmyradowa bagyşlanýar) Siňňitli derýalar jüpüni gözläp, Belki üzüm-üzüm bolandyr ýerde. Göwünlere çöken umyt köklerin, Alyp göwnüm,yör gideli Ýerbende. Baýyr kökenegi-dalişgen towşan, Gözlerini balkyldadyp bir zaman. Dost öýüne barýan çal yodajygy, Mahir bolup,kesip geçsin ylgaman. Şaha-şaha telin-ýylgynlaryny, Jagrama bolmanka görüp galaly. Bize haýran bolsun sülgünleriniň, Şahyrlara zar bolmadyk garagy. Yör,göwün,ak öýler çeksin eňsisin, Gözlerimiz ekip gitsin bolsady: „Hol görünýän alaňlaryň aňyrsy, Çary Ýegenmyratlaň öýi bolsady“. 85 MEN BAHARYŇ TARY Önürtdi ýazlaryň jadyly yagşy, Söýgi owuz süýdi kimin bişipdir. Sülgün jüyjeleri ýaly her ýana, Çigildemler pytyrapdyr,süýşüpdir. Gelin kömelegi,öwreniş maňa, Men baharyň tary,adym hem bahar. Ho-ol depäniň gujagynda gyşlaýan, Gar gülün oýardym,sypalap,ogşap. Ümür nikabyny serper yzyna, Guşlar ýat ülkeden dolanyp geler. Barybir sahrany söýen gyzyňa, Seniň aydymlaryň owazy siňer. Çemin tapsa,keýik jyklar bir kertden, Ony öwrenişdirmek gara görgüdir. Goşgularym bahar gelse, durnalaň, Gaýdyp geljek ýollaryna çelgidir. 86 DAG JÜLGESI Otlaryň üstüne özüm tandirýän, „Ümür bu jülgeden suw bolup akýar.“ Çuňlugyň ruhyna çümen gamigim, Çagalyk düýşümden ýylgyryp bakýar. Yürekde şatlygy çagalyk düýşüň, Hol gaýrada garry töňňe ýanypdyr. Arçalykdan iki ädim aňyrda, Dag ýodasy surat bolup galypdyr. Enteklerem syrdaş edip durnany, Düýşde galan gykuwlarna sygmanym, Dag jülgesi,haýpyň gelsin janyma, Yaňlarynda „seslerimiň ylgany“ Bili bir gysymjyk owazy diňlän, Gudratdanmy çeşmäň şildiremesi. Ýa ol sen hakdaky sözi eşdipmi, Nameden gülleriň sülmüremesi? Ýa-da aýralygyň sesin diňlapmi, Nämedenkä turaç saýrar mesgeniň. Ertekidäki deý,çeşmäň düýbünde, Balygyň agzynda „gaýnaýar“ demiň. Ýa-da döwüň jany barmy küýzede, Köpürjik-köpürjik suwuň ýüregi? ...Sowallarma jogap tapyp gelýänçäm, Dag jülgesi,her gün saňa gelerin. 87 MEÝDAN Sen şermende däl meýdanym,sen däli meýdan, Ümüriň çygyna pyssarypdyr,şam. Arkaýyn,bedäniň düýbüni deşip, Ýalmawuzlar otyr,hekgerişip. Şapak balyk ýaly,hol ýitip barýar, Üstüňe gaçjakdan,ykmanda bulut. Alahekik howsalany paýradar, Dünýäň gullugynda şuguılçy bolup. Onda-da otyrsyň,watansyz guwa, Gujagyňdan ýer görkezip,desmal deý. Otlaryn üstünden galanda dumany, Ýorgan edip,mawy ýorgan-asman deý. Laçynyňy gyrgu urdy,dymýarsyň, Besse-besse sülgün galýar,asmana. Allanyň gözünde özüň dyňzarsyň, Çydamarsyň,bahar bolup ýatmana. 88 GÖZLEG Men yşkdan gunçalan owadan meýdan, Ýaňyltmaja meňzeş giden ömür-sal. Bu sowuk ýyllarda hyýalny öýdan, Yönekeý ykbal,owadan ykbal. Men bir gök üstünde oturan turaç, Şaglawuklaň emri bilen dem alýan. Şygyr aýnasyna daş dek pytyrap, Soň özümi,öz-özümi gözleýän. 89 DERWÜŞE Seň ýüregiň mähri mähre ilişse, Heserden aýagyn yylgyryşlaryň. Ýazlaryň gülünden ak sapak işip, Güllü jorap kimin ýama gyşlaryň. Gelip gidiberjek bolýansyň welin, Goýbermerin,aý aýlanman,hepdeläp. Bagtyň nämedigin aýdaryn telim, Ýyly günleň gülşenlerin desselap. „Seni görüp durkam göresim gelýär“, Mahriň ogurlady erkimiň bagyn. İndi ak gijeleň gyrasyn görmän, Ugratsak neneň bor,hoşroý ykbaly. Sen perişan göwnüň aýa gussadan, Menem aýa,aýa ýylgyryşlaryň. Gijeler ukuda,ýürek tussagda, Goý haýrana goýsun,serwer düýşleriň. 90 MELEGIŇ AÝDYMY (Jenaplar bolmasa hanymlar bolmaz) Aň-jenap atygsan ýoda, Alyjenap,alyjenap. Men seniň gök halat içre, Ereýän naýbaş melegiň. Ýa kersenli balykçynyň, Ertekisinde galdyňmy? Göterlipdir seniň çiniň, Söýýänligiň beri çynmy? Köňül edähedin bozar, Gözellikden çyksa jogap. Maňa söýgi hatjagazyn, Iberewer,alyjenap. Menin ak ellik gysymlan, Barmaklamda hat „uklasyn“. Setirlerden ballar akar yaly Sen her setire siň. Alyjenap,oýun däl bu. Gelip dursun,sizden jogap. Men aýal-a kalbym näzik, Gidäýmäýin,birden sogap... 91 GÖWÜN GOŞGUSY Meň hatlarym kyssa bolup gowşandyr, Kölleň eteginde şapak jyklanda. Çöller ertekisi,kümüş towşanlar, Ýa serleri yşga sämän ykmanda, Haýsynyň hyýalna nepes taşlasam, Asman ýyldyzlardan “bassyrma” salar. Jennediň ilkinji ýaşaýjysy dek, Meniň ýaşyl gözlem,geňlikden dolar. Maňa demiň aýdar,nirededigni, Ýokarda bulutlar jora bolanda. Asman bulutlaryň öwlüýäsimi, Saňa ýakyn bolsa,sora bol onda. Bilbilleriň tylla çüňkün ogurlan, Owaz bolup,aý howlusyn idände, Çeşmäň ertekiden gözbaşyşy deýin, Men gerin alnyňa syrly meýdandan. 92 MEN SENIŇ ÝANYŇA BARÝAN Garaşsaňam barýan,garaşmasaňam, Barybir men seniň ýanyňa barýan. Soraşsaňam barýan,soraşmasaň hem, Barybir men seniň ýanyňa barýan. Ýadyňda bolsa-da,çyksa-da ýatdan, Ýa ýüregňe düşsem,göresim gelip. Tanyşdan däl,sora,sen meni ýatdan, Goý jogap bersinler,seni del görüp. Barybir men seniň ýanyňa barýan, Kötelleri geçip,içitler bilen. Bagtlylary görüp,söýgüsin gorap, Seredip,seredip içikmersiň sen. Men barybir seniň ýyanyňa barýan, Garaşsaňam barýan,garaşmasaň hem. Söýgüň üçin,bagtyň üçin elenip, Özgelere meňzap,göreşmeseň hem. Men ýanyňa barýan, gujagňa dolup, Aýtjak zatlarymy aýdyp gaýtmana. Gideňde aýralyk damagňa dolup, Gözyaş bilen ajy sözler aýtmana. Men barybir seniň ýanyňa barýan, Barýançam gollarmy açyp giderin, Guçuşyp şemallar, alaňlar bilen, Ýeterin ýanyňa ussady girýan, Meniň öz-özüne gaçyp gidenim. 93 SAŇA Gijeler şöhratdan gözleri ýanan, Ýarym seniň söýgiň sowadymy ýa? Ýyldyrym deý,tümlügini böwsenim, Maňa bolan mahriň gowzadymy ýa? İller seni görse,meni ýatlayar, İller meni görse,seni ýatlaýar. Aýralygam bagtmy ýa? Kä göresim gelýar,kä seň göresiň, Ýüregim tirpildäp,düşseň ýadyma. Özüm hem duýmazdan bagyşla ýarym, Seň ýüregňem geçiripdirin adyma. 94 GIJARA Sen meni ýazgarsaň,ýazgaryber soň, Men baraýyn,penjiräňe gijara. Gözlerime bak-da uludan dem al, Özüňki däldigme gyýylyp,eý janym. Egsilmez güýjüňden,ýyly göwnüňden, Kalbyma arkadag tapyp bildim men. Seni söýüp göz ýetirdim kän zada, Aslyşdym söýgüniň agyr kildinden. Men seniň ýanyňa barýan gijara, Penjiräni,ýüregiň deý açyp goý. Sen düşüpsiň mähribanlyk bijäme, Aýtjak sözleň birin-birin seçip goý. 95 OÝLANMA Ýaz güýzüň çuňlugny küýseýän ýaly, Asýar agaçlardan topbak buludy. Gelin köýnegi deý,görmegeý,kamys, Ýaşlygny bilmändir,agaçlar undup. Keramata sygynýarmy göçgünli, Guşlaryň owazna başyn yraýar. Süyjümtik howanyň gülýakasy deý, Uzak gökde gün ýalpyldap görünýär. Penjiräniň ýürekgysgynç keşbi bar, Yara garaşylyan günlen keşbi dey. Yany bagra oykap mahmal yapragy, Bahar geldi,gül-çeçekler köşgi dey. Ýapylaryn jüm-jümesi gözlermi, Baglady şol yşga maýylam,galdym. Gyýmazym,dözmezim,mähriban diýip, Seniň gursagyňa ýüregmi saldym. Ýeňiljek bolsady dem alýan howaň, Şahyr ýüregiňe ýeňiljek gussa. Her saherde şu oýlary arzuwlap, Men bahara höwrügýärin,iki esse. Tebigat ah çekdi,gül dökdi bahar, Arzuwlar döredi mende paşmajak. Bagyşla,ýanyňa baryp bilemok, Elleriňi küýsese-de saçlarym. Ah ýaglykly meýdan,owadan meýdan, Owadan ýaýlaňda uçýan birsellem. Hol depeleň üsti dünýäň depesi, Bolsady,ejemi,öýi görsedim. Bararyn ejem jan,gyýylma biraz, Ýaz dömende,gözlerimiň teýinden. Sen ynjama käbäm,“geleňok“diýip, „Ýadadymyka bu öýünden „diýip. Kysmat daglar sary atyny çapýar, Topragym sähraýy bolsa-da meniň. Men şu bahar gülüp öňümden çykan Dagly ýigdiň ykbalyndan dömerin. İsleglermi ýüpe daňyp bagladym, Erkimi bermedim,geldi-geçere. Duýgularmyň kämilini kebşirläp, Köpri gurdum,kalpdan-kalba geçere. 96 Üzülmeli sapak däldir kysmatym, Käbäm,düşülen ýol mäkämdir,berkdir. Ynjama,bu ýollar düýşüňe girse, Gyzyň mertdir,mertdir,seniň deý mertdir. 97 PEÝZAŽ Aý depderin köl üstüne Taşlap goşgy ýazyp ýatyr. Tylla ýally bedew ýaly, Akasiýa „gazykda“dur. Ýaplaň ýaşyl gaýmagyna Tylla aýdan tor düşüpdir. Kiçijik kümüş balyklar, Sowuk suwa öwrenşipdir. Mermerdenmi ýyldyzlaryň, Sowuk teni,ýyly teni. Ümür çöken çola kenar, Yşga itekleýär meni. Kamys güller gadym kölüň, Hol çetinde,dulunda dur. Yaşyl kereplikler içre, Dökülip dur aýdan ak nur. Ýar gelermi ýaýlalara, Guşlar kah-kah urarlarmy? Ýene öňki ýaly gazlar, Kölde ganat gererlermi? Asman bulut,ýyldyz ýanýar, Daş-töwerek nurdan ýanýar. Ýürek welin ýardan ýanýar, Kalby kalba meňzeş agşam. 98 BAHARYŇ GELŞI (Şahyr Mämmetnazar Babanazarowyň äheňinde) Gül-gunçany bagra basyp, Bahar geldi galkyjaklap. Nas keýp edýän goja ýaly, Ýagyş ýagdy heň gyjyklap. Owaz gondy aýnamyza, Şemal gandy ümsümlikden. Jorama meňzeş baharyň, Reňki gözlere sümlüpdir. Ýeneki ýaz,ýeneki güýz, Ýeneki ýagmyrlar hakda, Bahar dynman gürrüň berýär, Bäbek deý ak sallançakda. Bugaryp dur ýeriň üsti, Gökden iýnen atyr ýaly. Taýçanagyň näzik sesi, Başyn aýlar atyzlaryň. Derwişiň dyzyn ýaplanan, Durna gökde hellewleýär. Bir mahriban,eziz ýaly, Çynar mährem hellewleýär. Gazlar geçýär,“salam,salam“, Deňiz ýaly ýaşyl gözli. Sazdan doly garyp göwni, Heý yşga dözmän bolarmy? Jerenleriň jaňy galýar, Dereleriň düýplerinde. Agamyň aýdymy galýar, Gelnejemiň düýşlerinde. Gül-gunçany bagra basyp, Bahar geldi galkyjaklap. İndiki ýazlara çenli, Aýdym galdy gül gujaklap. 99 ARTYKMAÇ AÝAL (Zehinli suratkeş Aýna Nuryýewa bagyşlanýar.) Sen kän ýer tutýarsyň,meniň kalbymda, Özge bir kişä-de bakmaýaň,gyýa. Sen owadan aýal,edil gyz ýaly, Sen artykmaç aýal,ejaply uýa. Ejem dagam begenýärler,sen gelseň, Öýe girsen,tör owsunýar,şatlana. Sen kiçijik hem sadaja göwnüňi, Bagş edýäň dünýede nepis zatlara. Sen onsuzam kän ýer tutýaň kalbymda, Lebleň meň goşgymyň setiri ýaly. Gözleriň manysy gussa batypdyr, Edil ýalňyzlygyň şekili ýaly. Bahar gar syranda,nowruzy öpüp, Biz hakda edende näzijek hyýal, Sen Muhammet atly ogluny öpüp, Ellerinden tutup,gelsene bize, Bize kän gelsene,artykmaç aýal. 100 Göwün goşgusy Gysgajyk boýumy ezmäge ýagşa Gidýärin,eý tünek,galma sen,gagşap. Duman için dörjeläýin tapmanmy, Haýwanat bagynyň gaçan gaplaňny? Müneýin men alabeder gerdenne, Gojaman daglarda gaýadan uça. Sen meň ýoklugymda birjik örtenme, Soň habar ýollaryn,menziller geçe. Kalbymy sereýin,çalygsyn ýele, Şorlan çöle meňzemesin,maňlaýym. Asmanyň iň täze deminden gelen, Tämiz şemal bilen yşga daňlaýyn. 101 DOST HAKDA SÖZ Hiç kim bu jahana görmez artykmaç, Gül kimin synamy mahriban dostum. Sowuk gije ýassygymy sörtükler, Uçuryp,göwnümi aldayar,dostum. İkimiziň söhbetimiz soňsuzdyr, Sensiz agyr,başa düşen hasratam. Sen bar ýygnan gowulygym deý,mensiz heý, Kaýyl bolup galarmykaň kysmata. Äleme aýlanyp duran,aý şöhlesi kinäňdir. Gaýmagy deý mendirin,eräp gitjek içinde. Höwesime seniň ýaly hiç kes hyjuw guýmandyr, Kalbyma-da seniň ýaly,başga hiç kes düşünmez. Meýilimi makul saklan ýeke özüň jahanda, Mahmalymdan çekjegim sen,aýnap gitsem dözümli. Ýa üstüme iýnjegim sen kebelekli baharda, Ýa sen meniň gapdalymmy,ýa sen meniň özümmi? 102 SARGYT Uzyn-uzyn ak ýodalar Menden gider,maňa geler. Ak kagyzdan gämi edip, Meniň ýüregim epleme. Her agşamyň yşygynda, Kebelekläp gaçan gary, Sen şu günleň işiginde Goý ömürlik ýadygarlik. Her göwünde bir tar bardyr, Eglenip siňe seretseň. ...İndi ýazda ösen ýeller, Diňe men taýa öwüssün. 103 ÝÜREGIM KÜÝSEDI SENI Ýüregim küýsedi seni, Joşgun joşguna baglandy. Ýüregim küýsedi seni, Maýsalan göwün aglady. Aglady gundagsyz sahra, Gatyk ýaly ak bulutlar. Kebelekli şemal hakda, Çawuş çakanňy unutma... Sen gözüňde ünji gördüm, Ýüregim küýsedi seni... Bir düzüljek hünji gördüm, Yhlasym siňen ekeni. 104 IR DÄLMI ? İr-ä entek iýnse gubar gözlerňe, Gaşlaryňda on ýediniň heseri. Ilki agsam ir dolanyp,oýüňe, Okap diňe söýgi hakda eseri. Ýatlamaga iş-güýç bilen unudyp, Batbörege göwünlermiz daňýanmyz. Ene ýaba tanamaga cuňlugy, Özumizi goja tutdan zyňyanmyz. Gelnejemiň kürtesinden ýapyşyp, Çagalardan gabanyanyň düýn dälmi? Ir-ä entek,içki jaýda gyslysyp, Sabamaňyz, O ne beýle, Ir dälmi? 105 Gözleg Men yşkdan gunçalan owadan meýdan, Ýaňyltmaja meňzeş giden ömür-sal. Bu sowuk ýyllarda hyýalny öýdan, Ýönekeý ykbal,owadan ykbal. Men bir gök üstünde oturan turaç, Şaglawuklaň emri bilen dem alýan. Şygyr aýnasyna daş dek pytyrap, Soň özümi,öz-özümi gözleýän. 106 ÖLMEZ MÄHRIBANYM SAŇA ÝAR BOLAN Gijeler üzülip,gaçypdyr Arşdan, Atynyp üstune ýyldyz kürtesin. Gat-gat garalykdan guulan agşam, Gelýär ýürekdäki gamy serpesin. Meň elimi ellerine alyp ýar, Gozundäki yssylykdan gandyryp. Bir görseň-ä ýakyn,bir-de alys ýar, Menem seniň mähriňdaki sandyryn. Menem duýgulaňdan doýup bilmedik, Gara gijä agram salan haldyryn. Kuýseg näme,iki ýürek bir-birin Bilmese döreýär,nurdan gandyryp. Zergäri men gozelligiň yşgynyň, Ýarym duýgulaňda bar ekenim,men. Öň dünýäni söýgä bürän başagaý, Sen ýaly bir ýara ýar ekenim men. Indi gijelerden,asmandan sorap, Men seni gozleýän,seni yzlaýan. Ýar-ýara sataşmaz dünýäden sorap, Seň adyňy ilden-günden gizleýän. Gijeler üzülýär Arşyň bilinden, Hatar-hatar aýly-aýsyz geçip dur. Meň seni gözleýän ýaşyl gozlerim, Yşgyň güzerine dür deý gaçyp dur. Intizarlyk hakda aýdymlarymyň, Ählisinde seniň adyň bardyr ýar. Ölmez mähribanym,saňa ýar bolan, Saňa ýar bolmadyk,saňa zardyr ýar. 107 KÄBÄME Sen hakda köp zatlar ýazasym gelýär; Ýöne bagrym paralanýar,ýatlasam. Käteler şeýlebir göresim gelýär, Gaýtalap bolmaýan ajap zatmy sen? Ahwalmy sen,Arşy duýgular içre, Päkize perişdäm,ömrümiň zary. Ahli aýralyklar,gaýgylar içre, Pursatlarym gutarmady,nalaryn. Seni ajap eýwanlara saljakdym, Ýoluňa gül düşäp,garşy aljakdym. Seň bilen gyzlary saýlap,agtygňa, Gelin aljakdym. Garaşýan hyýalda gelersiň diýip, Duýşlerimde mähriň çoýarsyň,diýip. Garaşýan,ýene-de ogluň yzyndan „Hat ýazyp ber“ diýip gelersiň diýip. 108 ŞAHYRLARA Söýgä söýgi beriň, Eger bar bolsa. Goýuň onuň duýgylarnyň deregne, Bir ajaýyp mähri,howür edinip, Başarsaňyz,ýaşaberiň bir egne. Dünýä soýgi beriň, Ýüreklerňizden, Dünýe mähre intizardyr,käýarym. Ylham beriň koňüllere kagyzda, Sizi küýsäp,aglamasyn,käbäniz. Guwlar keşde çekip,bozman äkitsin, Kynam bolsa,keramatly adyňyz. Güller ýele çawus çakyp dokasyn, Howada däl,Arşda galjak adyňyz. Size suratkeşiň gozleri gitsin, Surat çekin,sözler bilen ýadaman. Dünýede kän kisä süýji söz aýdyň, Iň gerek zat,häzirlikçe adama. Galamňyza dem salyň-da ýazyň,siz, Yzarlap,yzarlap,duýgularňyzy. Käňlüňizi bir sapaga düzüň siz, Garyp,şatlygňyzy,gaýgylarňyzy. Zamananyň ogly boluň,şir boluň, Danaň ýanda halyf boluň,pir boluň. Mydama,mydama söýülseňizem, Bolmalyňyz:Mydam mähre zar boluň. 109 SEN MENIŇ DÜNÝÄMDIŇ? Sen meniň dünýämdiň, gözleň agrasdy, Meni oda salan sözleň agrasdy. Açylyp,açylyp barýan duýgyma, Sen eýediň,duýgym şondan agrasdy. Sen janymyň jananydyň,ezizdiň, Düşünerdim, gepsiz-sözsüz diýjegňe. Sen hem bilýän ýaly ähli syrymy, Yşga düşdüň, hiç bir zady seljermän. O günleriň näzi bardy, mynasyp, Aýdymlary-sazy bardy, bal ýaly. Duşsak bir-birege seredip bilmän, Arşa aýlap, getirerdik dünýäni. Sary güýzüň ýapraklary ýelkendi, Ýadyňdamy,saçyň sypap,gaçardy. Şonda kalbym her gaçanda silkindi, Gerdenlerňi sypalamda haçanda. Saçlaryňda ýeller barmak yz goýdy, Ejap bilen haýa bardy,arada. Tebigat gelşikli,başga gyz goýdy, Ömürlik seň gapdalyňa ýar edip. Sen surat çekerdiň,gaslarmy ganat, Gözlerimi gözleriňe meňzedip, Meňzimi meňzedip,ajap mukama, Saz çalannam diňlärdim men,hezil edip. Ezber barmaklaryň tary sypalap, Ellerin basga bir yary sypalap, Men bolsa...men bolsa,senden alysda, Aglaýan howada sazy sypalap. 110 GÜÝZ OÝLANMALARY Güýzüň solgun köçesinden, Gunş jyklaýar solak. Şahyr göwnüň şemal ýaly, Güýz yzynda hozanak. Ýagmyr ýagýar,bir zamanlar, Garaşaryn yşga men, Tebigat guýzüniň reňkin, Gabanýarmyş gyşdanam. Her koöçede güýzüň reňki, Gujak-gujak gül ýaly, Sarylykdan kamyslyga, Alyp barýar dünýäni. Seýde-seýde orun berip, Bir-birege pasyllar, Misli şahyr ýüregiň deý, Hem dusbi,hem asylly. 111 Menin yagdayym. Men bir zada geň galýan bu dunýäde, Ynha men,otyryn ,janymy saklap. Şygyr perdelerniň üstünden böküp, Yöne men nota däl,gaty burulan, Ötägidýän ýaly sazanda tarap. Nury Halmammede ökünemok men, Bagana saçly hem bagana hyýal. Ýöne perdeleriň üstünden geçip, Şygryýetden saz meýdanna ylgaýan. 112 SAŇA Daglar uçma gider,ýerlerin tapyp, Sen gökde ýyldyzym bolup galarsyň. Garry perwananyň ganatyn kakyp, Gaçyran hatyndan gaýyp galarsyň. Özga özüm ýaly näzik bolaryn, Men bilýärin şeýledigin söýginiň. Gijeleriň söwer ýaryň yzynda İslammok men aglap,aglap galaryn. Ýöne kalbym söýgüň hyjuwlaryna Ýesir düşmüş,aglap barýan dumana. Daň agarýar,ümüş-tamyş,ereýär, Köçedäki aglap barýan dumana. 113 SYR HAKDA Ýok biziň iller öwere, Taýsyz artyk zadymyzam. Ara söz goşman, ses goşman, Düşünişýär ýadymyzam. Ýok biziň aýra zadymyz, Ýog-a bile zadymyzam. Ýöne name üçinka iller, Goşup tutýar adymyzam. Birek-bireksiz kyn görýäs, Şondadyr-da jadymyzam. İndi bir ýerde tutulyar, Öňi-soňy adymyzam. Ýok biziň ilden artyk ýa, Ýa ilden kem zadymyzam. İndi bir ýerde tutuljak, Öňi-soňy adymyzam. 114 GELIP BILMEÝÄN Daň agarýar,ýarym nirde bilmedim, Peýdasy ýok,aglap bilip bilmeýäň. Daň agarýar,seň ýanymda ýoklugňa, Bir ölüp bilmeýän. Ýürek tap getirmez özge ýerde sen, Belki-de geljeksiň, Gelip bilmeýäň. Gelip bilmeýanňe ölüp bilmeýän. Barybir gelmersiň, Men ony bilýän, Arman muny senem bilyýäň, Ýa-da bilmeýäň. 115 MEN WE MENIŇ KELLÄM Men entegem gaty köp zat ýazaryn, Gije yşyklaryn daşyma egip. Baglaryň başy deý gürsaç kellämi Seslere bogup. Meniň pikirlerim girýär kelläme, Edil girişi deý baglaň şahasyn, Gargalar döwüp. Birdenem heserden ot alýar kelläm, Otyr ýene güjüm ýaly ykbalym. Men entegem gaty köp zat ýazaryn, Tebigatyň özi çogýan çotgamda. 116 ÖWRENIŞÝÄŇMI?! Sen juda bagtly meni söýerden, Men juda bagtly seni söýerden. Belki has bagtly borduk,ýnanaý, Bir-biregi söýüp bilsek eger-de. Ýyllar pelsepede otyr entegem, Garrylaň pensiýa çykyşy ýaly. Goja tut ýaýratdy şahalaryny. Birmahallar bagtly eden ykbaly. Meniň ýalňyzlyga serim gidipdir, Salyň umma gidip,gelmeýşi ýaly. Aý salkyn gijeden köýnek tikipdir, Duýgyma duýgy yaly, Saňa söýýänligmi bir gezek aýdyp, “Aldaýan” diýýänme öwrenişyaňmi? 117 UMMAN KARTINASY Deňiz mawy owurt bolup çaýkanar, Bagtyýar gözleriň hanalarynda. Gülleriň dilinden dökülen säher, Eglendi çyglarnyň sanalarynda. Bulut çykyp gelýän ýaly asmanda Çal döwleriň possunynyň gatyndan. Men dogulýan,men dogulýan adamlar, Meni söýen bir ýigidiň hatyndan. Garpamygyň köýneginden gaçan gül, Kowçum-kowçum bolup gök baýry tutýar. Ah meniň gök deňzim,hüwdüle meni, Ýogsa,bu köňlüme howsala gidýär. Baýyrlaryň billeriniň üstüni, Halkalap alypdyr ýaşyl tuwaklyk. Gözleriň gaýynda özgäniň yşgy, Maňa bolan näzikligi kowupdyr. Ah,ýyldyzdan gaçyp galan ýagtylyk, Ýene agram salýan säherlerime, Köňlüme ýene-de umman kenary Ýyly bir güýç salýar mähirden önen. 118 OL Meni düýnüň ýapragynda goýarsyň, Kirpikleň bilinde gije çommalar. Ýyly deňiz çägesiniň içinde, Galan aýak yzydygym kim biler. Gözýetimiň gözlerinden soraryn, A sen gözleriňde gije çommalar, Öperin men kirpikleriň aşagyn, Seniň göwräň gözlerinde Gün dogar. 119 GIJE MOTIWLERI Gijäm,diriligiň şaýadydyryn, Ýatlardan bukulsam,meňzim boýadyň. Men öz şygyrlarma şazadadyryn, Ýa aýdymda ahydyryn Saýadyň. İndi perwananyň ganatdan gaýdan, Gabakman heňleri asyllanypdyr. Seniň gözelligiň barsinden gaýdan, Şetdalyň ýaňagam basyrganypdyr. Gözleriň jeminde eglendi Meňli, Saçlar surat çekmiş bulaklaryna. Sen gözellik güli,gijeki selbi, Pyşyrdy eglendi,gulaklaryňda. Hüýrleň ýaşap geçen jebir dagynda, Dodaklary kepän aşyk bolduňmy? Balarylaň ballar alan bagynda, Gülleň boşap galan ýaşy bolduňmy? Ýa gül ýapragynda püre-pür bada, Eňek basan şahyrlara ýarmy sen? Gijam,diriligiň şaýadydyryn, Gündizleň hem bir ýerinde barmy sen? 120 AHWAL Sähra sary jorabynda Gussasyny syçradyp, Seň gözleriň kenarynda, Hassalygma uçradym. Güýzüň soňky ujy bolup, Çümüp girip,çuňlugyňa. Seň gelniň gyňajy bolup, Gaçdym seniň öňüňe. Giň sähranyň degresinde Gussasyny syçradyp, Soňky gezek soranyňda Hassalygama uçradym. 121 ÖTEN GÜÝZE AÝDYM Sepeläpdir gözi gök gyz,asman gyz, Künjümi,hünjümi,seniň kürtäňe. Durnalaryň sazlaşygy gaçmandyr, Çekinjeňlik aýrylmandyr entägem. Sary getiripsiň,şalygyň bilen, Näme syrdaş saýmadyňmy göwnümiz? Güýzüm atdan ýykan çagalygyň men, Seniň goňras ysyň bilen höwrügen. Döz maňa höwesin,basgançak baglaň, Ýaprak seçişiňe gurban bolaýyn. Ýene-de aýlanyp ýüz ýyldan geljek, Şol wepaly sary durnaň bolaýyn. 122 AÇYK PENJIRÄŇ ASTYNDA Açyk penjiräň astynda Martdan galan ot küdesi. Näçe siňdirdi özüne, Geçip giden otly sesin. Gyz oý bilen penjiräniň, Daşyna kän diň salardy. „Ýüreginden syr dilänim, gelmez“diýip,oýlanardy. Ejaplanyp,ýakyn-ýatdan, Goýaldy ýaşy ýyllar-da, Otlyň ýakymsyz sesine, Bagynda çemen süllerdi. 123 BAHAR BILEN MEN Bir bitewi göwre men, Bahar ýatyr alnymda. Baharyň ak gülünden Meň basypdym kalbyma. Ýazym,ýazym owadan, Özüm,özüm owadan. Ýodalarmy ýel pozmaz, Ýygşyr güller kürtesi. Owratmadym,ýüregi, Paýlamadym geçene. Ýagyş gögün aýagy, Kalba şatlyk seçelär. Bir bitewi göwre men, Bahar ýatyr alnymda. Güller bilen üwrelen Durmasyn ak sallançak. 124 Halk döredijiliginiň äheňinde. Ýazlaryň gülgün ejabyn, Güýz gujagna gysanda gel. Garamyk gözli bulutlar, Özün “gökde” asanda gel. At çapanda öwşün atar, Gör, meýdana gül gelşini. Ýaradan yşk eder gökde, Synlap bedewleň gelşigin. Tomus beden gawunlaryň, Durup ýarylasy gelýär. Göwün solpudan çykyplar, Dünýä garylasy gelýär. Jerenleriň waspy dolýar, Dereleriň arasyna. Çeşmeleriň owazlary Diňe durmuş barasynda. 125 Doganym Güljahana. Al-ýaşyl gülleň “gyňajy”, Seň tutumly toýlaryňmy? Güller seniň joraňmy ýa, Ýa-da doganoglanyňmy? Güller seniň ykbalyňmy, Aglap içiň dökýäniňmi, Çyg basan bu ýaşyl meýdan Diýýär: “Zaryn çekýäniň kim? Nirelerde seýran göwnüň, Gunçalaň gaýmagyndamy? Hany nirelerde höwrüň, Gülleriň oýmagyndamy? 126 Goşgy hakda goşgy. Men birin halaýan, Meňzeýär goşga. Gar gülün eredýär, Sypalap,ogşap. Demi-sähra ýeli, Demligi bahar. Mahrini alaýsa, Gaýmaklar säher. Gözlerinde Müň derýanyň joşy bar. Saçlarynda Müň bir gije gatlanan. Hayrany men, Bu dünýäniň,dünýäniň, Akyl-huşum gidip,şeýle zatlara. Gözleri ummanyň, Gözlegi umman. Gözel şygryýete bolarmy uýman? 127 Köňül. Sen meni sypala,derýa gözlermi, Hanasyndan çykýan ýaly çyrpynsyn. Umman bolup,giň gujagňa al meni, Söýgi dünýäsiniň äpet çarhy sen. Sen meni düýrüp al, ezber dünýäňe, Şo-ol merdemsi bakyşlarňa al meni. Durmuşdan baş alyp çykýan nazarňa, Hem gaýduwsyz ykbalyňa sal meni. Sen meniň elimden tutup,göter-de, Arşyň gatlaryna aýla,seýrana. Söýgi peşgeşini serpaý ber maňa, Şol ýeter bu teşne,şahyr dünyame. 128 Saňa uçradym. Men saňa uçradym,Arşy duýgular, Gelip,könlüň nikabyny açanda. Men saňa uçradym,ak göwün säher, Çygly maýsalary öpüp gaçanda. Men saňa uçradym,gözleň owasy Meň bilen püre-rür boldy haçanda, Bilbiller duýäňda gülleň ysganda, Ak bäbekler jägildände jahanda. Saňa uçramazlyk mümkin däl asla, Mümkin däldir,söýmezlik bu baharda. Men saňa uçradym,aýdan ak şugla Gelip meniň ýüregime gaçanda. 129 Duýgular. Olaň biri ýüregime degişli, Müň birisi söwer ýara peşgeşdir. Duýgular,duýgular,pynhan duýgular, Biri kesir,biri kejir,basdaşdyr. Olaň biri owadandyr,bahardan, Ýene biri ykballara girişdir. Olaň biri nuranadyr säherden, Birisi näz,biri näzdir-kereşme. Käsi ah çekdirýär,armany bilen, Ýa kalba gozgalaň salýany bolýar. Duýgulaň dünýäsi täsindir juda, Kä gülkä öwrülip,gün ýaly bolýar. Duýgular men size gurban bolaýyn, Ähliňizem älemgoşar aýlawly. Biriňiz sowadyp bilýäňiz kalby, Biriňiz bahar deý,joşly-gaýnawly. Duýgular,duýgular,keremli göwne, Teselli boluň-da ganat bitiriň. Süýji duýgularym,şol ganat bilen, Meni alys menzillere göteriň. 130 Ýüregim ýüregňe meňzeş. Meň ýüregim,seň ýüregňe meňzeşdir, Sesiňde-de bardyr,meniň owazym. Söýmedik günlerim,sesim güňleçdir, Gamlydyr soragym,syrly nazarym. Bakyşyň heserme şärikdigini, Bu jahanda söýgiň şalykdygyny, Saňa öwran-öwran aýdasym gelýär, Sözlermiň ummanda balykdygyny. Gözelligiň keşbi ýüzüme siňen, Gözlerime gussa gizlenip sümen, Ýok dilim däl,saňa köňlüm sözleýär, Men bir seň yşgyňda saralan Senem. Söýgüden syzylan daňlara salam, Görküne görk goşan dillere salam, Bir-biregi gyzgyn mähre eýleýän, Yşk bilen badaşan dillere salam. Meň ýüregim seň ýüregňe meňzeşdir, Sesiňde-de bardyr meniň nepesim. Söýmedik günlerim sesim güňleçdir, Men hakda kän ýazan kämil Nepesim. 131 Uzaga hat. Ýyllarmy,ýollarmy,aýralyklarmy, Aýra edip taşlan,agladyp taşlan, Ýa-da ýeňilmedik ýeňişlermika, Ýaňy duşamyzda ýadyrgap başlan. Bary ykbal bolup siňýär täleýe, Takdyrlar sürüsin galňadyp gelýäs. Ýene keç ykbala ýadyrgap aglan, Bendäni özümiz diňdirjek bolýas. Tenhalyk kalbyňa derman käteler, Menem hyýalymda pyntyklar bilen, Ýylgyrýaryn saňa suratkeş dostum, Bulaklara goşularyn bir günem. Akaryn,nazaryň egle birsellem, Gülkülerim gaýnar ýazlaň başynda, Hem sülmüräp,girip-çykýan gelniňi, Maňa meňzedersiň,täsin ýaşynsa. Howa dost,surat çek,meniň bu keşbim, Bardyr,gapyňdaky ýalňyz agaçda. Hem senden haýyş bar,başaryp bilseň, Adam bolup barmadygmy bagyşla. 132 Bagyşla men. Dostum,kalbymdaky ýaşyp barýan gün, Damja-damja bolup,ýakar ergini. Gussa çümsem,seni ýatlaman bilmen, Näzikligim üçin bagyşla meni. Ganyma siňipdir söýlüp ýaşamak, Setirlermi mähre garyp,ezmeli. Ömürden öýkeläp,seni ýatlasam, Gijeler ynjytsam,bagyşla meni. Ümürler aslyşar gije baglardan, Bu nämekä?Tebigatyň düzgüni. Seň kalbyňy tebsiredip,aglatsam, Bagyşla,bagyşla,bagyşla meni. Burugsan baglaryň şabramna siňen, Aýdymlarma asman mukam ýazmaly. Seni söýýän diýip,gaýga batyrsam, Bagyşla mähriban,bagyşla meni. Demiň ýakyp barýar,ýandyryp barýar, Lebleriň gatynda pyşyrdy ýatyr. Kämilligiň özem munda sandyrar, Söygüniň peýkerem bukulyp otyr. Saňa siňen näzlem,düwünsiz owaz, Şol owazyň mazmuny bar,maňzy bar. Sen meni unutsaň,ýüregim sowar, Seni maňa beren ýalňyz taňry bar. Men size gowuşdym,men sizi söýýän, Ýylgyrşyňa ýene,ýene gowuşsam, Sen ruhumyň sallançagyn ezizlän, Bu ýüregim nädip senden sowaşsyn. Ýürek sözüm diňlesene,diňleýjim, Çeper sözi aýdyp ýörün ýadaman. Bu dünýede diňe yssy mähirden, Başga zat gerek däl eken adama. Ikimiziň per ýassygmyz mysaly, Uçup barýar bölek-bölek bulutlar. Meň kalbyma şalyk ediň ýalbarýan, Onuň kir-kimirsizdigin unutmaň. 133 Seni söyüp... Seni söýüp,ýalňyzlaşdym,ep-esli, Seni söýüp,gorkdum,söýgiň gyşyndan. Bu owadan dünýä söýgimiň keşbi, Üýtgäp gitdi,üýtgäp duran düşüm deý. Maňa goňşularym geňirgenişýär, „Seni söýüp,göz ýetirdim,bir zada“. Kimdir bir gözel gyz arama düşýän, Ýaly duýgy başdan geçýär birbada. Goşgularmy alyp,daglara gitsem, Aşyk Şybly çykyp meniň öňümden. „Nähili gözel gyz,öwrenişýäňmi? Bir şahyrçylykdy,gözel,kemiň seň“ Diýip,kine bilen bakaýjak ýaly, Soňky döwür Garrygala gidemok. Seni söýüp,ýalňyzlaşdym ep-esli, Gerekmejek ýerde biten igde dek. Seni söýüp,hyrçym dişlemesem bor, Söýgiň gyşam geçer gider,ýaz geler. İkimizi aýra salyp,dünýäde, Soňra söýüp,ýaşarmyka özgeler. Seni söýdüm.Goňşularym syr bilen, „Hoş gylygyň köpelipdir“diýýärler. Gyzlaram garagol,joralam bezzat, Derrew bir üýtgeşme bolsa,bilýärler. Goý,bilseler bilsin,söýmek aýypmy, Sen deýin,boýlary derek bir ýary. Seni söýüp undupdyryn daglary, İndi wasp edýärin,ýaşyl derýany. 134 Gar ýagyp dur... Gar ýagyp dur ownuk gözli elekden, Elenýän deý,penjirede garga dur. Men özümi halas edibilemok, Belki meniň pikirlerim yrgadyr. Gar ýagýar,owadan elek asmanda, Gyz melegiň ellerinde elenýär. Gözelligi söýüp,gözýaşy goýup, Men gaýtadan aşyk boldum,bu dünýä. Bu elekde arşyň uny elenýär, Bu elekde Hakyň nury elenýär. Men özümi halas edip bilmesem, Meni “halas eder” gamdan bu dünýä. Maňa mähriň ýeterden has uzagrak, Ülke bir,şäher bir,köçämiz bir däl. Gar ýagýar,iki gün bäri gar ýagýar, Gijaniň yzyna gijäni tirkäp. Ýalňyzlykdan halas bolmak kyn juda, Säherler gar ýagsa,başga halym meň. Gar ýagýar,elekli asman gözeli, Gyşy getireniň,gara çynyňmy? 135 Ýşk Telim güýz geçipdir,seniň seriňden, Ýazyň telim guşy saýrap gidipdir, Pyşyrdap,pyşyrdap,aýdan duýgulaň, Adamlaň ýüregne ýaýrap gidipdir. Güllerem saz çalsa,durky ajaýyp, Müň bir tarly saz guraly hamana. Erikler paýraşyp,ýere dökülýär, Monjuklar üzülen ýaly şemala. Gökde döwran sürýär,possun deý bulut, Damjalardan nagyş çekip,zemine. Gülli ýaglyk ýaly owadan bir şal, Ýazylýar çalymdaş, äpet çemene. Ylhamyňdyr şahyr söýen illeriň, Serpaýyňdyr,ellerime gül berseň. Sen barybir tämiz syryň ýazlarda, Biziň ýüregmize aýtman bilmersiň. 136 Sähra hakda söz Birmahallar tasanjyrap, Ýeri sypap dury şemal, Gopuz çalýan gyz deý böküp, Müşküni döküp gidipdir. Bir täsin,altyn zynjyra, Düzülen dek sährada ho-ol, Uzaklarda,ýaýbaň ýerde, Şapak zer döküp gidipdir. 137 Salam. Salam, Senmidiň bu,ilkinji söýgüm, Men ýyllaryň aňyrsyna ätläýin. Bu gün bu çatrykda duşuşdyk ýene, On sekiz ýaşdaky duralga gelip. Ýadyňdamy,sen sepipdiň saçyma, Ýygyp-ýygyp jümjümäni-keten deý. Emaý bilen hakydamda göterip, Men ýaşlygmy şu günlere getirdim. Ýadyňdamy,ýazyň biline çykyp, Torç otly derede yşga düşüpdik. Guşlaryň sesleri almaň başynda “Hor aýdypdy”,“gulaklary deşipdi“ Ýadyňdamy,ýadyňdadyr elbetde, Ýyllar ýalňyzlyga oklady meni, Sensiz ýürek aglap otyr entegem, Ol saňa entegem aşyk ekeni. Salam, Salam meniň ilkinji söýgüm, Kysmatdyr-da unutmadyk yşgy biz. Söýgi sözlerini sähraň ýüzüne, Ýazyp,ak güllere goýduk keşde biz. Kömelek döküldi,biline sähräň, Daglar şonda daň sazyna gerindi. Bir-birege şonda ýeke söz aýtman, Ygtyýarlar duýgulara berildi. Salam, Salam meniň ilkinji duýgym, Yşgyn näzik aýdymlarma garanym. Saz çalyp beripdiň,derede şonda, Meň aýralyk çekýän göwnüm ýaralap... Salam meniň mähribanym ezizim, Saçlarňa çal sepen keşbiň ezizlap, Seniň yşgyň bilen ýaşap henizem, Huzuryňa geldim,garşy al meni. Garşy al,seň yşgyň ýaşadyp serde, Ýüregiňde gizläp goýan dilberiň. Sataşdyk biz ýene ýaşyllyk içre, Aşagynda çyg üzümli dalbaryň. Yza dolan,şol owadan ýyllary, Aýralyga salam,ahmyra salam. Getirdik biz yşgymyzy şu güne, 138 Hiç wagt yşk hakda aýtmadyk ýalan. Bu gün şeýle boldy,sataşdyk ýene, Bagra basyp,pyşyrdadyň,agladym. “Sen şu ýyllar içre yşgymy gizlän, Giň jülgeli,gara bagly dagmydyň?” Şeýle eziz sataşdyk biz ýene-de, Göz ýaşa hem aýralyga döz gelip. Biziň bu gysgajyk duşuşygmyza, Düşünmese,düşünmesin özgeler... 139 Ýyllar. Ýyllaň aňyrsyndan görünýär ýyllar, Ýyllaň aňyrsynda gömülýär ýyllar. Şeýdip,bir wysala müň hijran berýän, Söýgüň aňyrsyndan ölüm taýynlar. Yşgyň düýni nirde,ertiri nirde, Ynsana ýama deý çatylmyş ylla. Ýyllaň aňyrsynda galan ýaryma, Sataşanym üçin bagyşla alla. Ey,ömürimiň näzik heňli ýyllary, Şükür kemmediňiz saçakda nany. Başga dünýäleriň gujagyna salyp, Zalym ýyllar synaýaňyz ynsany. 140 Ogluma. Meýdanlar dolupdyr gara gargadan, Kyrk çille dolanok,sowuk agşamlar. Ýaprak güýzän halda üstüňe gaçsa, Şol men seň ýanyňa haýdap barşymdyr. Zeminiň ysyndan serhoş bu serim, Oglum,ýyly geýin,daşaryk çyksaň. Sen meniň dünýäde täze eserim, Ol eser ynjaýar,göwnüňi ýyksam. Maňa seniň saglygyňdan eziz zat, Meger arzan düşer ömrüň ýolunda. Şu surat ynjalyk berenok maňa, Gözleriň ýolumda,gözüň ýolumda. 141 Bu men. Meni tanaýarmy ýyly posalaň, Söýgi şalygyna myhman çagyryp. Bu men seniň şol owadan söýgüliň, Seň derdiňden ýürek saly agaran. Bu men seniň şol owadan dilberiň, Bu men-seniň şol owadan peýkeriň. Ýüregiňden söýen,gözlerne siňen, Çeşminde ömürlik galan heýkeliň. 142 Sen gamlanma. Sen gamlanma,sen gamlansaň zeminde, Otlaram süllerýär,ýagyş aglaýar. Sen gamlanma,meň kalbymda henizem, Müň ýyl şatlanmaga umyt bar aýan. Sen gamlanyp,ýüzüň solsa,ynjaýan, Gözleň meniň gözlerimiň dowamy. Çözläp barýar seniň gözleň içinde, Meniň gözlerimiň soňsuz sowaly. Sen gamlansaň,eý görülýän şazadam, Gamly başlarymy kim sypalar meň? Sen gamlansaň näzim çeker meň kimim, Süýji duýgy bilen kim öýkelär soň?! Gije şöwür çekip,gündiz ýerliksiz, Gama batsaň,uçup gerin ýanyňa. Sen gamlansaň,kim saçlaryn sypalar, Kim „gamlanma“diýer söwer ýaryňa. Sen gamlanma,baharyň al şapagy, Ruhuň asman taýa galsyn belende. Sen gamlanman,bir ýylgyryp goýbergin, Men gamlanyp,huzuryňa gelemde. 143 Söýgi näme? Söýgi näme,aýdyp bolýarmy näme, Akarlar baglandy,yşgyn dalisi? Saňa aýtjak zatlarym bar dünýäde, Göwnüm,göwnüm,bir armanlyň nalasy. Sen ýetmediň maksadyňa perişdäm, Uçduň gitdiň,gözleriňi tegeläp. Göwnüm ýaly hyýallarym perişan, Seniň goşgularyň mukamyn diňläp. Meň baran ýerlerme barabilmediň, Adyň bilen ýaşadym men dünýede. Meň gören dünýämi görebilmediň, Meniň ýaly kynçylygy ýeňmediň. Söýgi näme,aýdyp bolýamy näme, Belki-de ol hyýaldyr, Belki-de ol aýaldyr, haly perişan. Belki-de aýandyr oňa ähli zat, Aýal bolup ýetişmedik perişdam. 144 Hazar depderçesi. Sen gelmeli,bu ýerleri garaşýar, Şemal „darap“otyr tolkunlaň başyn. Bu ýerlere seniň yşgyň ýaraşýar, Şoň üçünem sen gelmeli gardaşym. Gözleriň şuglasy kenara düşer, Aý şuglasy bilen tapyşar gökde. Tolkunlaň täjine ýyldyz“ilişer“, Duýgular çigişer iki ýürekde. Sen gelmeli,bu ýerlerde bir men däl, Saňa umman,kenar,bar zat garaşýar. Ýyldyzlardan düşek ýazyp,çalyp saz, Meni gökde garşy al sen,garaş ýar. Bu ýerleriň säherlerem asuda, Deňiz mawy çemen ýaly parahat. Bu ýerlerde ýalňyzlyklar garaşýar, Sen olardan ähli zady halas et. Pikirler durlanyp,gün erňeklände, Agşamlara şam düşende kenara, Sen gelersiň-günüň öňün tutmaga, Üytgeşik aý ýaly,uzyn çynarym. 145 Sen hakynda bolar... Ähli goşgularym sen hakyndadyr, Uzakda bolsaňam,açsaňam ara. Diňe söýýän ýürek erke ýakyndyr, Jogap berip bilýär,ähli ahwala. Seniň ýüregiňi ýürek syzmasa, Ýazylmazdy beýle-beýle goşgular. Gülleriň gunçasy ýylgyrýan ýaly, Sähra seni ýatlap çykýan hoşgylaw. Sen hakynda kän aýdymlar ýazaryn, Ol aýdymlar meniň salamym bolar. Daglar ýatyr aramyzda meň daglym, Sensiz neneň munda kararym bolar. Ýylgyrşymy salyp gitdiň gursaga, Ýanyň bilen alyp gitdiň gursagy. Bu dünýäde ýürek bagly bir saňa, Onuň ýalňyz jemalyny görsene. Gijeler owaza oýansyn birden, Aýam ýagty salsa,öýüň törüne. Gözleriňi süzüp,oýlan geregim, Şonda meniň gözel keşbim görüner. Ýyllar biziň aramyzda ýaşaýar, Ýollar aýra saldy,ähli yşgymyz. Uzakda bolsaňam,açsaňam ara, Sen hakynda bolar,ähli goşgulam. 146 Bu dünýä. Sensiz gijelerden ötüp bilemok, Söýgiň çuňlugyna ýetip bilemok. Golum ganat saýyp,uçýan düýşlerde, Kalbymy kalbyňa gatyp bilemok. Süýji dünýä maňa nepis görünýä, Düýnki dünýä şu gün bilen örülýär. Ýagşylyk halkalap,daş-töweregi, Mähribana el uzadýar bu dünýä. Seniň ýaňakdaky nuruňdan dörän, Daglaň ýagyşyndan,garyndan dörän. Gijäň daňdan taýky ýaryndan dörän, Ylhamymdan kalba ganat gerilýär. Üstünligim bolup,yhlasym bolup, Ümsümligim bolup,ykbalym bolup, Meniň göwnüm gökde bir gujak bulut, Ýar üstüne ýagjak bolup sürünýär. Hakydam deý aýlanyp ýör meň höwrüm, Päkizelik bilen edip bir öwrüm, Gökden baran bolup iýnende göwnüm, Seniň göwnüň umman bolup görünýär. 147 Sähralar ýöräp gitdiler Sähralar ýöräp gitdiler, Giň sähralar-durnalaryň jorasy, Yşga çydamadyk gurdy üýşmeleň, Kebelekler “bahar nirde?”sorady. Ýeller ýüzük bolup halka atyşdy, Giň sährada döwre gurdy,egele. Biziň ilde çyn aşyklar sataşdy, Aşyk aýdyň,gözleriňi tegele. Bahar kömelekler raks başlady, Läle kakdy güläläekler “dahanda”. Sähralar ör tutup ýöräp gitdiler, Entek sähra ýöremedik jahanda. 148 Belki-de salgymy ýitirensiň sen. (aýdym) Belki-de salgymy ýitirensiň sen. Belki ýyrtyp zyňansyň sen şemala. Müň derdiň içinden geçmeli eken Birje gezek görmek üçin jemalyň. Eý bölek kagyzlar arzuwlarym siz Giň asmandan düşdiňizmi gaýyşyp. Bir bölek buluda öwrülip,uçuň Sizden etjek iň ullakan haýyşym. Aýdyň asmandaky bölek bulutlar Ýar meniň göwnüme öýkeli ýaly. Belki-de salgymy ýitirendir ol, Başga salga gidendir-de hyýaly. 149 Sähranyň üstüne kebelek “ýagdy”. Sähranyň üstüne kebelek “ýagdy”, Bulut meňzeş melekleriň düýşüne. Desse-desse bulutlary gujaklap, Bahar gelip gonjak bolýar işige. Bosaga çeçekler dyrmyşyp gelýär, Meýmirapdir maňlaýy ak köpegmiz. Bu ýaýlalar seniňkidir,mähriban, Garylyp-gatylyp gitdik köpe biz. Ellerine taýak alyp körpejäm, Owlak-guzyň seslerine keýp edýär. Duman meýmiräpdir kölüň üstünde, Uzak gije eden işi köýse-de. Bahar golaýlaýar,bulutlar gelıp, Goltugyny “gysyp”, syrly asmanyň. Baharyň gelenni ilki buşlaýan, Asmanym,asmanym,mawy asmanym. Bahar gelýär ýazlagdaky iller he-ý-ý-ý, Seriberiň kakyňyzy-gurduňyz, Ýaşyl mahmal ýazyp,saga-sollara, Bahar gelýär,bu türkmeniň ýurduna. 150 Sen hakda. Bir gün sen hakynda pikir etmäni, Ýa seni duýmany goýup dünýede Ýiterin, Giderin ýeriň ýüzünden Bir mahalky ýitip giden iňňe deý. Ejizlikler geler,daşyňy gurşap, Senden ar almaga gelen hamana. Sen bolsa,bir ýerden meni gözlär-de, Iňňäniň gözünden bakarsyň maňa. A men ýok, Zeminiň teýinde galdym, Galdym siziň goňşyňyzyň öýünde. Men sary kagyzyň ýüzünde galdym, Arşyň ganatynda galmak-küýüm meň. Gözlärsiň zemini,başagaý bolup, Barlyk sallançagna batandyr öýdüp. Ýöne meni görmersiň sen iňňäniň pos açan gözüne baksaň-da gaýdyp. Men ýok.Sen bar.Sansyz halda gezersiň. A men ýoklugymda seni duýaryn. Eý ýeke dikrarym,gaýduwsyz oglum, Çaga bagtyn seniň üçin söýerin. 151 “DOGAN” diýerler. Zeminiň gatyna syýa döker-de Şygyr ýazar biz ikimiz barada, Meň galamym. Bagyşla sen ezizim, Biziň söhbetimiz dogan barada. Biz baglaryň ýapragyna saralan Şemallaň aýdymny diňläp ulaldyk. Ulaldyk biz ýagşylygyň içinde, Ýamanlygy geňläp-geňläp ulaldyk. Göwräň ynjan köňüllere hoş bir ys, Ejem seniň ýylgyrşyňdan dömdim men. Bu giň howla göwün berip, boşlugyň, Namedigni gözüm bilen gördüm men. Okadyk,öwrendik geçegçiligin, Bu gadymy,aldawçy ak dünýäniň. Erkimiziň diňe ejemdedigin Bildik hüwdi hakda bir heň diňläbem. Biz ulaldyk-halypalaň sazynda, Göre-göre bir-bireksiz oňmany, Biz birek-birege ýylgyryş bolup, Baýlaşdyrdyk “dogan”diýlen dünýäni. Zeminiň gatyndan syýa döker-de, Tebigat damardan söýgi goýberer. Ana şol damardan bileje dämen Syýalara bizde”dogan”diýiler. 152 Saňa Salam meniň öwrenşenim özüne, Hallar niçik,uzaklardan ber habar. Hasraty dözenim,öz ezizine Menden habar sorarmyň sen bir säher. Agşamlaryň gülýakasy gaçypdyr, Iňňesi döwülip,şapak gatynda. Ol asmandan bulut ýagly gatyk deý Syrygyp dur ýere,juda ýakymly. Göwrämiň içinden uçan ganatyn Köňül kebelegiň döşüne dakdy. Şol gün,şol gün ah bagtly gün demiňde Posalar çemeni eredi gitdi. Biz birek-birege ygşyldy bolup, Söýgiň penjiresin açyp goýberdik. Peslikleri pesliklere ugradyp, Beýikleri beýge tarap iberdik. Salam, meniň öwrenşenim özüne, Indi ýekelige öwrenişýäňmi? Öz-özüni meň derdime çigenim, Meniň ajy gussam bagryň deşýärmi? Ýyllar ara salar ajy aýralyk, Ýagly gatyk ýaly bulutlar geçer. Meniň öz-özüne öwrenişenim, Ýene bir periniň bilini guçar. Ýene bagtly günler dowam eder-de Kepderiler ses ederler üçekde. Meniň öz-özünden göwnihoş söýgim, Başga-başga boşluklary gujaklar. 153 Ikimizsiz dünýä... “Bu gün geçdi. Ertir eýýäm başga söz sözlener.Asman bilen zeminem başgaça gürleşer.Bizem başgaça gürleşeris.Çünki ertir ertirden söz açylar.Ykbaldan,ygrardan,sözden söz açylar.” Sensiz älem,galamsyz kagyz, Ýazylmaz dessanlar,galam bolmasa. Sensiz galan älem deňiz aslynda, Deňiz deňizmidir hana bolmasa. Sensiz älem-hyýalsyz bir adam deý, Ýokluk içre el sermeýän kimsizlik. Sensiz älem barmyka bir aslynda, Belki bar,belki ýok,syzyp bilemok. Sensiz älem-ýerleşmeýär aklyma, Özümi ol ýere dözüp bilemok Sensiz älem ah barmyka aslynda... 154 Pyraga Sen gögüň gapagy, Göwnüň gapagy,sen älem syrlarnyň syrly sowaly. Ýeriň wagtsyz zamanlarnyň ölçegi, Bilmedim kim,ýöne adyň Pyragy. Döwletler dolandy, Ýyl zynjyrlandy. Togtady aý şuglasyndan utanyp. Bir ýerlerde Arşda bar bolsa,bir öý Meger ol öý şygyr ýazýan otagyň. Aşyklaň nepesi-her bir harpyň seň, Sözüň syr bazaryn baglar-da gider. Sen asyrlaň jedellerniň düşegi, Alymlaň köňlüne düşen ýara deý. Saňa kim jogap biýr,kim açyk aýdar Kimmiş daşa çekjek bolýan yragy. Men bir zady bilýan sen hakda diňe, Sen Türkmeniň ogly,adyň Pyragy. 155 Sen dilleriň sorag alamatymy? Sen dilleriň sorag alamatymy, Ýa alymlaň togtan kanagatymy? Bilemok bar zada nokat goýulýar, Ýa seň üçin nokat alamaty ýok. Bir köňlüm bar-guşmy,guş dälmi bilmen, Söwdasy yşk bilen daş dälmi bilmen, Sowaly gözlere ýaş dälmi bilmen, Ýa ol şygyrlaryň keramatymy? Ýa sende nokat ýok,ýa men has ejiz, Şonda-da setirleň köňlüme eziz, Bir syry açmadyk,belki-de heniz, Belki sen syrlaryň alamatymy? Älemde sowally aýlandym ýördüm, Kim beýik Pyragy? Kän sowal berdim, Aşyklyk şeminde eredim durdum, Ýa sen zemin-asman kanagatymy. Sen söz däl,söwdaýa sygman bilipsiň, Sen halat-serpaýa sygman bilipsiň, Sen ol syry bara sygman bilipsiň, Äkit asyrlara dowamatymy? Nokatsyz Pyragy,soragym erär, 156 Jogapsyz Pyragy-şygyrlam dörän. Men seň soragyňda asmany görýän, Ýyldyzlaň iberen salam hatyny? Biz bir uly sowal içre ýanarys, Biz bir kiçi jogap içre ýanarys, Sen bir biz däl,her türkmeniň damary, Ryhymyzyň beýik hemýatymy? Atajan Annaberdä... Meňzäp dur hol suwly ýabyň ýakasy Hatara goýulan äpet şemlere. Şol dereklik duýgularyň sakasy, Şol dereklik bu giň oba jemleme. Ol deregiň her düýbüniň astynda, Atajan aganyň oglanlygy bar. İlki taryhy bar,kim ol aslynda, Soň söýgi...ýaňadan doglanlygy bar. 157 Perwana. Ýüregimden daň çyzyldy, Aňymda agram çyzylar. Meni unudan günüňden, Gursakdaky ýaň çyzylar. Men-üzülip gaçdymmy ýa, Senden ara açdymmy ýa? Asmana uzan kalbymy İndi nirä açsaň bolýa. Kagyzlarda sözüm galar, Ak ýaýlada gözüm galar. Seniň ýap-ýaşyl gözleňde Aglap duran ýüzüm galar. Öň-öňler,indi-indiler, Ol seni söýýär diýdiler. Mähir goşaryn sypdyran, Sowap gidipdir didelem. Hoş,göwnümiň pelsepesi, Çawuşlarňa çakyşdym men. Pyrlanyp hyýallar içre, Pyrlanyp howalar içre, Gaçan näzik bakyşdym men. 158 Bu-da sana. Umydym ýaşyp barýan gün, Men derdimi ýüregimde horladym. O heň zaryn çaldy,özümin seňkidigmi aňan günümden. Käte çagalyk demine hopugýan, Gök sähra gitsem,hopugýan. Ulalmagam däl elimde ýogsa, Käte doglanma ökünýän. Hoş kän ezizlap söýenim, Kalp gurruk galdy, Ezizlap söýüpdiriň nirden, Söýgi demsiz surnukýardy. Beýnim pişik deý myrlapdyr, Bu älemiň iç gatynda. Maňa hat ýazyň ýalbarýan, Jogap beriň meň hatyma. 159 TERJIMELER Şahyr Oguljennet Bäşimowa dünýä edebiýatyndan birnäçe şahyrlaryň goşgularyny terjime etdi.Olardan rus şahyrlary Marina Swetaýewa, Anna Ahmatowa,Ýapon şahyry Isikawo Toku Bokunyň birnäçe goşgularyny terjime etdi. Häzirki döwürde türk edebiýaty bilen gyzyklanýar. Onuň „türk edebiýatyna syýahat“ atly terjimeler toplumynda: Jelaleddin Rumynyň eserlerinden başlap, häzirki zaman şahyrlarynyň goşgularyny hem terjime etmäge edilen synanyşyklary bar. Olaryň käbirini şahyryň “ŞahyryŇ gyzy men” atly goşgular kitabynda hem ýerleşdirmegi makul bildik. MEHMET KARA Kebelek köňlüm Haýbatly bürgütleriň uçan ak düzlerinde Ganatym ýaýyp, bir dem guş deýin uçup gördüm. Otlaryň hem şemallaň aýdymly-sazlarynda Howalanar ýene-de, meniň kebelek köňlüm. Daglar aýdymlaryma hä berer, ýaňy bilen. Heňlerime irkiler, şol gadym garly dere. Yşgyň dumanyn dartyp, özüne demi bilen, 160 Ölümi unudyp, ýene kalbym kebeleklener. Bilmedim, gör haçandan akyp dur, bu bal suwlar, Keýik okarasynda galypdyr, keýik demi, Gün ýene-de küýaşa syýasyny batyryp, Meýdanlaryň üstünden dogup gelýär, ýalpyldap, Bu görnüşe, Bu oýa Kalbym kebeleklener. Gün batanda şapaga boýalar öýleň reňki, Bu ýaýlany hiç wagt taşlap, gidip bilmerin. Tebigatyň reňkine garylypdyr gözlerim, Deňiz kenaryndan men öýe gaýdyp bilmerin, Toros düzlerinde kebelek meniň köňlüm. Imdat Awşar Baharyň hesreti Dalbaryň üstüne saçlaryn çözen, Gyşyň kamys atlazyny ýyrtypsyň. Üşän gülleň hasratyny ýüzüňe, Bir owadan perde edip örtüpsiň. Gökde saz çalynýar,ýagmyr perdeli, Biýaralaň ter sesine tans edýän. Damjalaryň göterlipdir keýpleri, Yşk şanyna berlen uly konsertden. Şemalyň perýady kalbymy söküp, Ýat illerden ýat demleri getirýär. Ejemiň dilinden ýazan kitabym, Maňa baharlarda şöhrat getirýär. Öýlerem agarýar,garyň “hatyndan”, Gül ýapragyn dökýär, Şemal hasraty. Bu ýerde dertlileň derdi diňlenýär, 161 Dessana öwrülýär,gyşyň kysmaty. Wagty geldi,aýralygyň elinde, Indi bu ýerlerden kes göbegimi. Ogluny hasrata dözen eý,bahar. Mundan artyk beýle örteme meni. Imdat Awşar Çigme Sen gitseň gün tutular, Ýere girer gam öýüniň kölgesi, Nädüz heňler açýar gijäň keýpini, Ýok bolar-da gyzgyn göge sogrular, Ejemjanyň wesýetinden özgesi. Men aýralyk sagatlarnyň ýesiri, Wagtyň gujagynda ýitýän-de gidýän. Ýyldyzlaň saçlaryn çözüp aglaýan Agylna ynanaý,özümi atýan. Sen gitseň,mähir ýok pelek ýüzünde, Bilmen,wagt ýitýär,gün arşyňky däl. Ýaşyl gözleriňde ilkinji ölmüm, Meň ölmüm hakynda ýazylýar kitap. Aýdymlarmyz kuýaşlara seçek däl, Pyganlarmyz rysgymyza saçak däl. Däl bu ýerler ikimize durarlyk, Sen gitseň galaryn ,ynan gugaryp. Sen gidäýseň,umytlarym elener, Ýyldyzlaryň saçy ellerimdedir. Düýşlerim ýodasyn ýalňyşaýmasa, Garaňky hasratyň billerindedir. Şahyryň ýüregni eliňe alyp, Gitme,ömrüň pursatlary aglaýar. Barybir aýralyk aýyrar bizi, Gitseňem git,gözýaş dökmän,aglaman. 162 Imdat Awşar Bir durnany atdylar Kümüş seçeklerin çözende asman Güneş aýasynda gije gurdular Ýagyş goýarna-da hiç bir garaşman Ýar yşgynda ganat geren Bir durnany urdular. Ýok etdiler sesini oň söýen ýaýlasyndanam Päli azanyň gözlerne gara perde urdular Gam kölünde bu agşam gamyşlaryň ýasy bar Söýgi aýlawunda pyrlanyp duran Bir durnany atdylar. Ilki gana boýalan göwresi düşdi köle Nepesini sanaýşyn gökde synlap durdular. Kesdiler salamyny ýat illere düşdüň diýp, Gyzgyn ganatlarynda aýdymlary daşaýan Bir durnany atdylar Iňleýän ganatlaryn gökden aşak burdular Çekdigi nalalara iller sakga durdular. Aglasyn gujagynda aýdymlar galan bahar, Ajap ýolun unudan bir durnany atdylar. Alyp galyp hatardan ap-ak bir uçujyny Ýadan söýgüli guşuň taýyn pyrlandyrdylar Ömrüň soňky göçümi bakyp oňa intizar Taýy bilen bileje bir durnany atdylar. 163 Jelaletdin Rumy Möwlana(13 asyr) Meniň Möwlanam. Belki bu ýarsyz gijeleri alla maňa özi bilen ýakynlaşmak uçin berendir,bilemok.Ýöne söýgülisiz bu älemiň ýurekgysgynç dardygyny-ha syzdym.Ýöne seniň bilen galynan gijelerem,gündizlerem meni öz erkime goýmaýan bir zat bolup,täze pikiri we wagty dünýä iýndirdi. Ine, bu zatlar şeýle başlandy: Ynsanyñ görenleri we eşidenleri onuñ ruhy perdelerine siñip,onuñ ruhy ahwalatly dünýäsini ýasaýandyr.Megerem ynsan bilen ynsanyñ arasyndaky dartgynly perdeler bir-biregiñ içinden geçip,başga bir zatlar dörände,başgaça bolýan bolmaly.Men san hakda başgalaryñ ýazmagyny islemedimem.Çünki men olardan sen hakdaky pikirleri hem gabanýardym. Jelaleddinim,seniñ köñlüñdäki ýaralar pikir edýänsiñ seniñ bile o arşy älemlere gitdi diýip,ýok, bu beýle däldir,seniñ ähli ýaralaryñ bizde galmyş.Men ol ýaralaryñ hossary,men ol ýaralary özume siñdirip,ynsanyñ ahlaky ýaşaýyşynda biziñ hem seniñ kibi pikirlenmegimiziñ gerekdigini aýdasym geldi.Seniñ bakylygyñ meniñ kalbymyñ demini dowam etdirýär.Ruhy dünýägaraýşym bilen seniñ bakylygyñy özümde görýän,men saña ýakynlaşýan ,saña ýakynlaşdygym-ça-da özüme ýakynlaşýan.Men seniñ demiñden üzülip,başga bir howadan dem almak islämmok.“Her gün täze bir dem almak gerek” diýýärmiň? Eý toba ,eger-de biz seniñ kibi bolubilsekdik,onda belki dünýäden adalatsyzlyk ýitip giderdi. Eger-de ol seniñ ýollaryñy meniñ üstümden geçirmedik bolan bolsa,men ol syzgylary nädip, syzardym ,men oña haýranam.Eý älemiñ ähli süññüni kiçijik göwresinde syzan halypam,sensiz ýaşaýyş demsiz ýaşaýyşdyr.Sen meniň kalbymyň howasysyñ . “Köñlüm seniñ gamyñ bilen biraz syzlaýar,biraz köp iñleýär” “Akmaklar bilen söhbet,boş ýere demiñi gidirmekdir” “Eý jan,habaryñ barmy,söýgüliñ kimdir?Eý köñül habaryñ barmy myhmanyñ kimdir? Eý ten ,Sen her hili ,dürli ýol bilen gaçmaga çalyşýarsyñ,gör seni soraýan kim?”Men seni yzladym,baharlaryñ holtumyndan tapmadym,egsa bahar baý şol gün gül dök-dä...Meñ köñlüme kanagat beren gul neçüýn meniñ dünýäme kölege salar diýýäñmi,çünki onuñ ýüreginde maña beren kanagatyna derek boşluk bar ,ol şonuñ üçin.Meniñ kalbymda damja bar,ol damja meniñ ruhumyñ damjasy.Çünki her gezek seniñ ruhuñdan çykan sözleri okanymda meniñ ruhum bir parça öwrüldi,şonuñ üçinem meniñ ruhum parçalykdan damja öwrüldi.Şol damjalar gelip meniñ ýüregimiñ topragyna degdi,ol şol degen ýerini para-para,dilik-dilik edip taşlady. Indem men seniñ yşgyñda perwana bolup,nala çekýärin. “Yşk öñem bardyr,we soñam boljakdyr.Yşgy soraglaýanlar,aşyk bolmak isleýänler saýasyz boljakdyr.Ertir kyýamat gopup,her zat bolaýsa,aşyk bolmadyklar ylahy dergähden çykaryljakdyr.” “Aşyk şuny gowy belle:Yşgyñ dergähinde ýalana orun ýokdur. Yşkda ne beden bardyr,ne akyl. Ne jan bardyr,ne köñül. Kim şeýle bolsa, ol aşyk däldir.“ “Biziñ her demimiz yşga tarap gider,her demimizde yşk öz demini duýar,yşk biz bilen bile dem alyşar.” “ Haýsy şäherde hökümdaryñ gazaby bolmasa,sen o ýeriniñ ýykyldygy bil”. “Seni görüp,däli-diwana bolmaýan kapyrdyr.Seniñ ýüzüñden,jan almaýan jansyzdyr.Seniñ ýüzüñden zyr däli,ryswa bolmaýan, akla, tene,akyl diýmen”. “ Jähennemde saçlaryña ýel degse,jennetdäkileriñ hallaryndan utanýaryn. Sensiz,meni jennet sährasyna çagyrsalar, o uç-gyraksyz jennet sährasy köñlüme dar görüner.” “Seni duýýarsyň,saña düşünýän,seni söýen kişi maly-mülki näme etsin?Sen ony iki jahany berýän söýgün bilen däli-diwana edýärsiñ,seniñ yşgyñ bilen diwana bolan,iki jahany näme etsin” 164 Belki-de meniň bagtymyň çökderligi seni söýenim üçindir,janymda bir jan bar,belki ol jan ikimiziñ janymyzyñ bile goşulmasynda emele gelen jandyr,belki ol jan gijeleri elendirip,alynan posalaryñ janydyr,belki ol jan söýgüñ bile iki kalby birikdirip,edil sypaldan örülen beýik bir eşik hökmünde tikilen janydyr.Seni soragladygymça nazarlam ýiteldi,seni soragladygymça özümi tanap başladym,seni soragladygymça,soraglar köpeldi we öz-özüm bilen ikiçäk ýaşap başladym. “Arşy aglada bir söwdam bar” diýip ýalbardym saña,şonda ýuwaşlyk bilen ýanyma geldiñ-de bir ezber kakuw bilen çalynan heñ ýaly pyşyrdadyň.Men şonda:„ussadym menem ýanyñdan goýma“ diýip,baý elendim-ä.Ýadyñdamy meni saña, seni maña duşuran tañram şonda aramyzda näderini bilmeýän ýaly duýgularymyzy çalam-çaş etdi”Sen eliñi ýuzüñe tutup agladyñ: “Tañry özünde synamaga dözmedik zadyny adamda synap görýärmiş. Meni pyşyrdy gurşap aldy: “Alla adamlaryñ köñlüni şeýlebir deñizden ýasapdyr,onuñ joşundan şu aýlanyp duran gök ýuzi täzeden başga sudurlarda aýlanmaga başlar”Ol duýgular yşgyñ ýalañaç teninden gelendirler,hemem näzikdirler,gaýtalanmazdyrlar.Seni söýmek üçin men yşgyñ nepesinden saplanmaly,a ol nepesden meniñ saplanasym gelenok,ol nepes ylahy nepes ahbetin.Men wagtyñ ülüşini hiç kim bilen böluşmäsim geldi we ol böluşmeleri kädaýym şeýlebir gysgandym,emma... „Nirede bolsamam gam meni añýar,tapýar hem meniñ söýgulimden maña heser getirýär,täzelik hem dynçlyk getirýär,eger söýgüli bolmasady,onda biz ýata suw kibi şol bir hanahyñ gyralaryny kerepledip,ýaşardyk ,asyl ýaşamazdyk we hiç kese dirilik bermezdik,şonuñ üçinem söýgüli bizi ýaşadyjydyr,kalplarymyzyñ diwarlaryny dyrnagy bilen kesim-kesim edijidir we şol diwarlaryñ soýuklaryny täze zat bilen suwamaga,seýislemäge kömek edijidir”Sen bir ýede „duşuşyk ömrüñ eşigini täzeleýär“diýip ,ýazypsyñ.Söz bahanadyr.Ynsan ynsana duşman ýa dost eden söz däldir.Onuň aslydyr. “Ol ikisi gürleşdi,ýöne men dodak görmedim” “Seniň bilen meniň aramyzda ne sen bar,ne men” “Ikilik ýokdur,birlik bardyr” “Sen maňa seredip oturan mensiň” “Meni ol görünýän gep-gybat gyzyklandyrmaz,seniň bilen meniň aram nähili meni şol gyzyklandyrar.Saňa düşündigimçe,özüme düşündim,özüme düşündigimçe,dünýä düşündim.Biziň bakdygymyz söz däldir,köňüldir.Gözleriňi ýörme,goý köňül göz bolsun” “Yşk ilki magşugyň köňlüne ot bolup düşer,ol ýana-ýana aşygy ýakmana başlar” Şems köňül gunçasynyň gulagyna şeý diýdi:Başga islegleňden halas bolda,köňlüň gözüni aç,şonda sen biz bilen bilelikde görjek zatlarymyzy görersiň” “Sen harp buludynyň aşagynda gizlenýän güneşsiň,seniň güneşiň çykanda, sözler ýok bolup,dagap gidýär” “Aýralyk ezelden gelen bir buýrukdyr we kysmatdyr,sen oňa ýazgyt diýip düşünme” “Tebigatyň güneşi hem Töwrüz şäheriniň özi bilen gurşalan Şemseddiniň ýüzüniň parlak güneşiniň aşagyndaky bulutlar ýaly aşyk köňüller hem ylhamlanyp barýarlar” “Sen o dikenden gaç,güle git,gül bakjasyna git.Gül-de,gül bakjasy-da,Şemsiň köňlündedir.Çünki Şems tutuşlygyna-boýdan-başa bir bahardyr” “Nähili bolsa-da bu barlygyň mazmunynda Şemsden bir kesindi,gyryndy bolsada,ol bölek jana perde bolýar.Ol başga zatlary görkezmeýär” “Kapasa düşen bir guş ýaly men,Şemse bolan duşmanlygyňyzy zyňyň,kapasamy döwüň,meni zyňyň” 165 “Her kesiň özüne hyzmat eden Şems hem bendedir hem-de beýik bir barlykdyr.Töwrüz şäheri onuň ýüzünden müşk-anwar saçýar” “Ruhum meni terk eder,Şemsiň ruhunyň mekan tutan burçuna tarap giderde,soň hiç wagt dolanyp gelmez” “Indi janym Şemsiň yşgyndan deňizdäki gämiler ýaly,aýaksyz ylgaşyp ýörler” “Şems meň köňül tagtymda bir patyşadyr.Meniň şygyrlarym-da onuň huzuryndaky gullar kibidir” “Eý,Şems!Men seniň ýüzüňi görelim bäri meň dinim yşkdyr.Meň dinim seň ýüzüň bilen doýar.Muny ýadyňdan çykarma!“ “Meniň şahym Şems meni serhoşluk içinde serhoşlukdan mest edip taşlady” “Şems Töwrüz şährinden aý ýaly dogup gelýänçä,güneş bilen aý oň näbelli hyzmatynda bolmak üçin düşnüksiz,düýpsiz billerini çermäp,oňa düşünmek üçin kitap okamaga durdylar” “Ruhum meni terk eder,Şemsiň ruhunyň duran burçuna barar-da gaýdyp hiç wagt dolanmaz!” “Şems yşgyň düridir...“ “Meý käsesi döwüldi,şerabym galmady.Men eleşan,meň bu perişan halymy diňe Şems dikeldibiler “Çünki ol görüş Äleminiň patyşasydyr.Keşp äleminiň işigidir.Ruhlar ony uzakdan gördükleri jany hem başy bilen sejd ederler” “Güneş Töwrüz şäherinde doganda,bütin älemiň bölejikleri,surnaýyň sesini eşidýän ýaly janlanarlar,direlerler” “Eý,Şems! Gel-de şu perişan hem yşygy azalan,ýyldyza şöhle saçjak nury bagyşla” “Eý,Şems! Sen meni harap etdiň.Sen hem halsyň,hem şerapsyň,hem şerap satansyň” “Gel,Şems yşgyň ýüzüdir,onuň şekilidir.Onuň sap yşgyndan asmanyň agzy,dodagy açyk galdy” “Eý,daň şemaly! Meniň köňlüm mende däl-de,Töwrüzdedir.Käte öwsüp,Şems hezretlerine biziň hyzmatlarymyzy bildir” “Eý,Şems!Seň bilen diri bolmaýanlar bar-a,ynha men olaryň ýanynda direlerin” “Eý,Şems!Salamyňy daň şemaly eşitsin! Isle daň şemaly,isle-de gündogar şemaly,parhy ýok,olaryň hemmesini seniň şemalyň bilen eldekileşdirdik” Megerem bu bahar öz gülgün haladyny egnine atyp,seni mana ýakynlaşdyrýar.Bahar ýelleri näz eýläp,seniň adyňy gaýtalaýar. Gündogaryň beýik danasy,ýedi asyryň serweri Jelaletdin Rumy özüniň içki kämilligini adamzada aýdyňlaşdyranlygy bilen geň-täsindir.Söz aleminde sagdyn ýaşaýyşy emele getiren,serwer hem akyldar,müňýyllyklaryň içinden geçip,adamzady bir köke çagyran şahsyýetleriň biridir.Onuň:“Gel,gel ,ne bolsaňam gel...“diýen setirleri bu ýaşaýyşda dürli milletleri bölen adamzadyň ähli pipkirlerini gara bulut kibi syrdy.Onuň: “Taňry seniň ýaly dosty bereni üçin kalbyma kararsyzlyk beripdir“-diýip yazan setirleri Gündogaryň dana söz ussady Şemseddin Töwrüzä ýazan setirleri bolmagy mümkin. Ey meniň taýsyz Möwlanam,kalbymdaky nepis duýgular saňa bolan söýgi köşgümiň diwarydyr.Men şu güne çenli aşyklyk dünýäsinden dertdeşi gözlän ekenim,ol bolsa,sen bolup çykdyň.Ýüregim seniň ýazgylaryňa kagyz bolupdyr.Ol kagyz käte düýrlenip,ýazgylary pozulayjak ýaly bolsa-da ýene täzeden direlýär.Eý,ynsanyň ýüregini ýaprak ýaly titreden Möwlana şemaly,sen haýsy tarapdan öwüsseň-de meniň ýüzümi ýelpemegi ýatdan çykarmagyn. Möwlanany bütün gündogar däl,dünýä öwrenýär.Möwlanany diňe Gündogar däl,dünýä söýýär.Möwlananyň düşünjelerini diňe onuň ýazanlarynda öwrenip bolar.Möwlana baradaky kitaplary waraklamaga-da bir ömür ýetmez. “Göwnüňi ýykýan ol ajy sözler ol dodaklara ýaraşarmy?” 166 “Onuň şirin dodaklary asla ajy sözlemez” “Belki bu tagamsyz sözler meniň bagtymyň çökderligindendir” “Sen bir umman,jahan bolsa,köpürjükdir.Seniň aşygyň sazsyz,sessiz oýnar” “O nämekä,suratynda lezzet bar.O nämekä,onsuz surat bulanyk görünýär.Bir pursat onuň suratyndan nyşan berer.Bir pursat bolsa,mekansyzlyk äleminden surat gönderer” “Bu gije juda gussaly gijedir.Bu gije syr çözlemeli gijedir.Meniň köňlümdäki sözler ýar hyýalydyr.Eý gije,çalt geçmesene,senlik bir işim bar” “Söygüli bahanadyr.Söýülen Alladyr” “Seni ýitirenim üçin gözlerim mydama gözyaşly” “Ýarymyň duýgylaryny syzdym we onuň sesini eşitmedim we onuň duýgularyny maňa syzdyran ajaýyp keşbi bir görsedim” “Maňa syzgy berýän magşugy ol menden gabandy” „Seniň gül dodagyňy arzuwlap,janym bokurdagyma gelýär” “Bu gije soňsuz döwlet gijesidir.Gije däldir,diberi idegleýänleriň gijesidir.Bu gije gözel jübütler bir-birek bilen gürleşýär.Bu gije gözel ýüzleriň hoş bir perdesidir.Bu gije dilegleriň kabul bolýan gijesidir.Bu gije bagyşlanýan,nygmatlaryň,bergileriň geçilýän gijesidir.Taňrynyň syryna ýoldaş bolanlaryň gijesidir” “Meniň barmaklarym toprak astynda çüýrär gider,ýöne ýazanlarym galar” “Ýürek bir deňizdir,dil onuň kenarydyr.Gomlar gümmürdän-de,bar zady kenara taşlaýar” “Her zat ynsana ynsan bolsa,özüne pidadyr” “Sürüniň çopany şol süra laýyk kişidir” “Akyldaryň ýamany begleriňkä baranlardyr.Begleriň gowusy,akyldaryňka baranlardyr” “Medresede alan bilmiň bir başga,yşk bolsa,düýbünden başga zatdyr” “Kämil ynsany görmek keramatdyr” “Tämiz zady pislemek işleriň ýeňilidir,gep pisligi tamizlemekde” “Nirede başlangyjymyz,tamamlanýan ýerimiz nirede?” “Gel,gel,ne bolsaň gel,kapyr,butparaz,otparaz bolsaň-da gel,biziň dergähimiz umytsyzlyk dergähi däldir,tobaňy müň gezek bozanam bolsaň,ýene gel” “Eý ogul,bagy çöz,azat bol” “Kapiýalary,sözleri we owazlary bir-birine uraly,goý,olar kül bolsun,gitsin,biz üçimiz ol üçligi aradan aýryp,ikiçak söhbet edeli-le” “Bilimli adam älemlere rehmetdir.Bütün älem jesetdir,bilim jandyr.Yşk hem bilimiň netijesidir” “Nämäni gözleseň,şonuň özüsiň sen” “Meniň elsiz we aýaksyz tenim onuň yşkyna güyçdir” “Dünýede senden uly söygüli ýokdur.İki dünýede-de söygülim hem sensiň,nirede bir gözel zat bar bolsa,ol-da seniň yşkyňdandyr” “Eý, gije seniň şerabyňdan maňa beýhuş bolma ýokdur.Meniň ukusyzlygym manysyz oýunbazlyk däldir.Meniň ukym melek kibi göklere uçdy.Ony bu giň älemden köp gözledim,emma bu jelegaýda ol ýok” “Päk demler bahar kibidir.Ol ýapraklara we pyntyklara jan berer” “Sen toprak dälsiň,başga zatsyň.Sen megerem ýolagçysyň,kalp bir arykdyr,jan ol arykdan akan sildir” “Tämiz bir göz,akyl,gulak isleýän bolsaň,ol sansyz perdeleri ýyrt” “Dünýä bir agaçdyr,biz onuň bir çyg miwesi.Miwe çyg bolsa,ol baldagyndan gaçmaz.Ol ondan aýrylmak islemez.Ol ýagşy bişeninden soň bolsa,baldagynda durmaz.Adam ömri-de şeyledir” “Sözlerimiň ähli gulaklardan gizlin bolmagyny isleýärin.Meniň sözlerimi seniň gulaklaryňdan başgasy eşitmesin” 167 “Adalat ähli zady ýer-be ýer goýmakdyr.Telpek başyňky,aýakgap aýagyňky” “Aşyklar her demde ýanarlar” “Durmuşy datly bolanyň ölümi ajy bolar” “Ölüm her kim üçin öz reňkindedir.Päkize aýna gowyny hem erbedi hem özi bölüp görkezer.Gözel ýüz aýnada gözeldir,erbet ýüz aýnada erbetdir.Sen ölümden gorkup gaçýarsyň,bil seni öz ýamanlygyň gorkuzýar.Ol görýäniň öz ýüzüňdir,ölümiň ýüzi däldir.Janyň ol keşpden gorkdy.Erbedem gowy hem özüňde ýerleşendir” “Harp,sesi,sözi,ortadan aýyr,olardan özge aýdanlaryň kalba ýag bolup siňsin” “Biziň halymyz ynsanlaryň hekaýatydyr.Ýöne düşünene hekaýat däldir.Bu söýgüliniň huzuryndaky halymyzyň beýanydyr” “Seniň ondan düşünjegiň gabykdyr.Däneleriň içini sen görmersiň” “Bir dilber başyny hem gözüni örtüp,senden gizlenýär” “Burny ys almaýan kişä müşk hem maslyk hem birdir” “Allany gözlemek hünärdir” “Janyňda bir jan bardyr,ony gözle.Beden bagyňda bir göwher bar,ony gözle,emma gözleýän zadyňy özüňden gözle” “Sen şeýlesiň,toprak dälsiň,başga bir zatsyň,sen ýoldasyň,kalp bir arykdyr.Jan ol aryga ýakyn ýatan sildir.Bu zatlaryň ikisinden hem seniň habaryň ýokdur” “Sende bir haýwan,bir şeýtan,bir-de rahmanyň suraty bardyr.Haýsyndan saýylsaň,şoňa-da goşularsyň” “Yşk seniň bilen herekete geler,yşksyz ömri hasaba alma.Ol hasapdan daşardadyr” “Gowulyk et,zaman gowulygy biler.Sejde et,bedenimiziň sejde etmesi janymyzy haka gowuşmaga kömek eder” “Sen nirede,seniň gullugyňda bolsam,saçlaryňy darasam,elleriňi öpsem,aýaklaryňy owkalasam,ýatjak mahalyň düşegiňi ýazsam,her zat saňa zikr etmekdir” “Eý gije,seniň şerabyňdan maňa beýhuş bolma ýokdur.Meniň ukusyzlygym manysyz oýunbazlyk däldir.Meniň ukym melek kibi göklere uçdy.Ony bu giň älemden köp gözledim,emma bu jelegaýda ol ýok” “Ynsanlar güller ýaly dürli-dürlidirler” “Dilden çykan bir söz,ýaýdan atylan oka meňzär” “Eý dil,sen hem-a tükeniksiz hazyna hem-de dogasyz bir dertsiň.Dile hem söze gulak asar öýtme,biziň gözleýänimiz köňüldır” “Akyldar bile söhbet akyla kuwwat berer.Ynsanyň akyly onuň goly,ganaty ýalydyr” “Eliň iki,gözüň iki,aýagyň iki,ýerli-ýerindedir,bu dogry.Ýöne köňül we söýgüli iki bolsa,ýalňyşdyr” “Bu mawy reňk-asman seniň eseriň düşegidir” “Dogryçyllaryň ýalan sözlemäge hukugy ýokdur,çünkı çynyňy aýtmak olaryň adatydyr” “Hakyky derwüşiň görgürligi inçedır” “Wagt bilen göwherı satyn alabilersiň, ýöne göwher bilen wagty satyn alabilmersiň” “Ýalan köňüllerde şübhe döreder.Ýürekdäki bir gudrat çuňluguň aşygydyr.Ýalan söz kalbyň taryny kakmaz.Çyranyň peltesi degip duran ýag hapa bolsa,ýanyp hezil bermez.Kalbyň küýsegi dogry sözdir” “Dil şübhesiz köňül perdesidir.Perde oýnalsa,köňül syrlary aýdyňlaşar” “Ýalan sözüň ysy onuň çynlygyny,ýalanlygyny äşgar eder” “Dogry söz bilen ýalan sözüň ysy müşk bilen sarymsagyň ysy ýalydyr.Tiz belli bolar” “Günüň nury älemi ýagtyldýar.Ýöne ol öz duran ýerinden azajyk bärräkde bolan bolsa,ynsany kebap kibi gowrup taşlardy,ýandyrardy” “Dünýe malyna köňül berseň bokurdagyňa tegek bolar” “Her zat ynsana,ynsan bolsa özüne pidadyr” 168 “Reňkleriň aňyrsy reňksizlikdir” “Umytsyzlykda-da köp umytlar bar” “Nirä başymy goýsam hem sejde edilen Oldur.Bag,bakja,gül,bilbil,asman gözeldir.Bu zatlaryň barlygy-da bahanadyr,maksat ony duýmakdyr” “Meniň janymy şeker çinreginden ýolup aldylar.Ondan şeker ýatyrdylar.Tut agajynyň ýapragyndan ýüpek mata dokarlar” “Yşk çyn ärleriň gämisidir.Onuň äpet ummanda ýüzmesi-de ähtimal onuň artykmaçlygyndadyr” “Eý, aýyby bolan her zatda aýyp gördüm,diýip,döşüňe kakma,aýyby görmeýän çyn ärdir” “Ynsanlaryň akyllylary bir-birinden tapawutlydyr.Gözeller nähili owadan bolsalar-da bir-birine meňzeýän däldirler” “Akyldar bilen edilen söhbet akyla kuwwat berer.Ynsanyň akyly onuň goly,ganaty ýalydyr.Akyly bolmaýan başga bir akyly özüne çyrag ediner” “Biri bir gije aýak seslerini eşitdi.Ot ýakmak üçin çakmagyny alyp,garaňky ýere tarap,ses eşidilen ýere tarap ýöneldi” “Howa dünýede senden uly söýgüli ýokdur.İki dünýäde-de söýgülim hem,dostum hem sensiň.Nirede bir gözel zat bar bolsa,ol-da seniň yşgyňdandyr” “Sagdagymy seniň oklaryň bilen doldurdym,ýaýymyň bilini çekdigim,alaryn” “Meniň elsiz we aýaksyz köňlüm onuň yşkyna güýç ýetmeýänligi üçin,Mejnuna dönüp,gije we gündiz zynjyryny gemirýär” “Bu mawy reňk-asman seniň eseriň düşegidir” “Dogryçyllaryň ýalan sözlemäge hukugy ýokdur.Çünki çynyňy aýtmak olaryň adatydyr” “Dünýe malyna köňül berseň, bokurdagyňa tegek bolar.Onda sen aby-haýýat suwuny nädip içjek” “Surat yşgyň peridir.Owadan keşp-suratyň yşksyz gadry ýokdur” “Eger nagyş nakgaşsyz däl bolsa,nakgaş hem nagyşsyz däldir.Diýmek nagyş,per,nakgaş asyldyr.Bu hal barmakdaky ýüzük bilen barmagyň hereketleriniň birligine meňzeýär” “Hak bilen aramyzdaky ýol nedir?Ol biziň nogsanlyklarymyzyň ýoludyr.Hak bilen aramyzdaky perde we nikap nedir?Agyr ukudaky gözümizden başga zat däldir” “Alla bilen seniň araňdaky perde seniň nazaryňdyr.Perdäni ýyrtjak bol,başyňa gonan bir Alla bolsun” “Bu aýak yzlary deňiziň kenaryna çenlidir,soňra aýak yzlary deňiziň içinde galar” “Eý älem,seniň durkuň myhmanhanadyr.Her saher oňa myhmanlar goşulyp,gelergider durarlar.Ynsanyň her bir demi,her bir pikiri myhmana meňzeşdir.Ol her gün onuň kalbyna geler-gider durar” “Her biriňiziň janyňyz säher wagty aklyň aňa gelişi ýaly,täzeden göwrä geler.Jan öz tenini-göwresini gündizine tanar.Ol baýguş kibi öz harabasyna gonar.Öz göwresini tanar we ona gider.Heý zergäriň ereden altynynyň göweçden çykanyny gördüňizmi?Akyldaryň jany akyla tarap gider,zalymyň ruhy zalymlyga tarap gider” “Päkleriň mährini janyň içine ek.Köňli hoşlaryň mährine köňül ber” “Sen ol akylyň saýasyna gel.Onuň saýasyny hiç kes baglap bilmez.Akylyň saýasyna gaç,sen şonda gizlenýän duşmanlaryň hyýanatyndan gutularsyň” “Bir gezek pygamberden sorapdyrlar:“ Bu gowga name?”Ol:“Alla gazap edýär,dagdaşlar biziň köňlümiz,onuň üçin titreýär”diýýär.Oňa:“Heý, bu gazapdan dynmanyň sebäbi barmy?”diýip,soranlarynda ol:“Bir-birekden öýkeleriňizi aýyryň”diýip,jogap berýär. 169 SOŇLAMA Ilki aýdylmaly zatlar hakda pikir edilende, soňky netije göz öňüne tutulýar ahbetin. Men kitaba iki agyz soňlama ýazmagy makul bildim. Meniň ejem ýönekeý türkmen zenanydy. Ýöne ol türkmen edebiýatynyň ölemen aşygydy.Ejem mekdepde okaýarka, ol ýyllar gytçylyk bolany üçin ýazmaga kagyzy azdyr-da,düzme ýazyp, mugallyma görkezipdir.Onuň ýazan düzmesinde öz düzen goşgulary hem bar eken.Ýöne kagyza ýazanynda kagyzy tygşytlamak üçin juda ownujak ýazypdyr. Şonda mugallymy oňa – hemişe “bäşlik” baha bilen sapaklaryna ýetişip ýören gyzjagaza “ikilik” baha goýupdyr hem-de ony bütin synpyň okuwçylarynyň arsynda tankytlapdyr. Ejem bolsa düzmäniň manysyny okaman, özüni tankytlan mugallym sebäpli, ýazan goşgularyny we hekaýajyklaryny soň hiç wagt hiç kime görkezmändir. Onuň aýdyşyna görä, “ol düzmede meniň ýüregimiň syry bardy” diýýär.Ýöne ol hemişe goşgy ýazyp, ýazan goşgularyny gizläp gezipdir.Soň,ömrüniň ahyrky ýyllarynda biz ulalyp, onuň daşyna geçip, “eje, ejejan, okap beräý-dä goşgyňy”diýip,ýalbaryşardyk.Şonda ol birnäçe wagtlap ýalbaranymyzdan soň, çekinjeňlik bilen ýantorbajygyndan kagyzjyklaryny çykarardy-da, şeýlebir ýürekdeş ses bilen okardy welin, aglaman goşgulary diňlemek mümkin däldi. Onuň bar arzuwy, meniň goşgularymyň çap edilip, halka ýaýramagydy.Bu gün kitabyň çapdan çykmagy bilen,Arkadag ogul türkmen zenanynyň ýüreginden çykan owazy dünýä ýaýratmaga mümkinçilik döredýär.Bu gün sadaja türkmen zenanynyň gyzy ÝURT BAŞTUTANYMYZYŇ saýasynda türkmeniň geçmiş edebiýatyny, taryhyny, pelsepesini, sungatyny hem öwrenýär,hem öwredýär.Bu gün Arkadag ogul ýönekeş türkmen zenanynyň bagtly gyzynyň şygyrlarynyň sesiniň dünýä ýaň salmagyna mümkinçilik döredýär. Kitapda ejemiň ýazsa-da hiç kime görkezmedik şygyrlaryndan ylham alynan goşgular ýerleşdirildi.Men kitaby ejemiň kitaby hasap edýän, goý, ol birsalym tirsegine galsyn-da, bizden razy bolsun. Bu onuň ba...-ar arzuwydy. Şonuň üçinem kitabyň adyny onuň hatyrasyna “Şähyryň gyzy men”diýip atlandyrdym. 170 MAZMUNY 1.Mende bir watan bar 2. Ejeň öýi aýdymdyr 3.Ömrümiň ylhamy 4.Düýş 4.Saňa hatlarym 5.Watan ýaýlasy 6.Watan 7.Hormatly prezidentime 8.Watan hakda 9.Saňa menziller 10.O ýer... 11.Tomus günleri 12.“Alyslarda galan ýar 13.Ýodajyk 14.Söýgi gelmedi 15.Gapyma 16.Meň oba gidesim gelýär 17.TOSLAMA 18.Ak goşgy 19.Gözümde gözýäşyň 20.Tebil 21.Stambul ruhy 22.Biz hakda 23.Sen saz çaldyň... 24.Biz sataşdyk... 25.Aşyklar deresi 26.Men seni görmedim 27.Ýyllar 28.Aşyklaryň säheri 29.Galdy 30.Entek ady döremedik goşgy 31.Başgalyk 32.Ýagyş ýagsa... 33. Serdarym 34.Miniatyura 35.Sen uka gideňde... 36.Ikimiz üçin... 37.Mozaika 38.“Nätanyş zenan”atly surat eserindäki zenan bilen hyýaly duşuşyk. 39.Söýgi perisiniň haty 171 40.Ýüregi diňläň 41.Dag ahwaly 42.Şahyra hat 43.Bahara hat 44.Sazanda 45.Yşgyň serhedi 46.Soraglar 47.Bu gje 48. Surat 49.Ahmyr 50.Yşgyň eýesi 51.Şahyryň gyzy men 52.Ýatlama 53.Belki 54.Ejeme 55.Güýz goşgusy 56.Allaberdi Melä 57.Sen geldiň-de garyp köňlüm baý etdiň 58.Ezildim 59.Wagt hem söýgi 60.Perwana 61.Ylhama 62.Şahyr 63.Tebigat 64.Görsene 65.Güller dünýäsi 66.Gözelligiň yşgynda 67. Sazlaşyk 68.Söýgi bilen 69.Ýör göwün... 70.Men baharyň tary 71.Dag jülgesi 72.Meýdan 73.Gözleg 74.Derwüşe 75.Melegiň aýdymy 76.Göwün goşgusy 77.Men seniň ýanyňa barýan 78.Saňa 79.Oýlanma 80.Gijara 81.Peýzaj 82.Baharyň gelşi 83.Artykmaç aýal 84.Göwün goşgysy 85.Dost hakda söz 86.Sargyt 87.Ýüreim küýsedi seni 88.Iýr dälmi? 89.Gözleg 90.Ölme mähribanym saňa ýar bolan 91.Käbäme 92.Şahyrlara 93.Sen meniň dünýämdiň 94.Güýz oýlanmalary 95.Meniň ýagdaýym 96.Saňa 97.Syr hakda 98.Gelip bilmeýäň 99.Men we meniň kelläm 100.Öwrenişýäňmi? 101.Umman kartinasy 102.Ol 172 103.Gije motiwleri 104.Ahwal 105.Öten güýze aýdym 106.Açyk penjiräň astynda 107.Bahar bilen men 108.Halk döredijiliginiň äheňinde 109.Doganym Güljahaana 110.Goşgy hakda goşgy 111.Köňül 112.Saňa uçradym 113.Köňül 114.Duýgular 115.Ýüregim ýüregňe meňzeş 116.Uzaga hat 117.Bagyşla meni 118.Seni söýüp... 119.Gar ýagyp dur... 120.Yşk 121.Sähra hakda söz 122.Salam 123.Ýyllar 124.Ogluma 125.Bu men 126.Sen gamlanma 127.Söýgi näme? 128.Hazar depderçesi 129.Sen hakynda bolar 130.Bu dünýä 131.Sähralar ýöräp gitdiler 132.Belki-de salgymy ýitirensiň sen 133.Sähranyň üstüne kebelek ýagdy 134.Sen hakda 135.“Dogan “diýerler 136.Saňa 137.Ikimizsiz dünýä 138.Pyraga 139.Sen dilleriň sorag alamatymy? 140.Terjimeler. 141.Mehmet Kara(türkiýe) 142.Kebelek köňlüm 143.Imdat Awşar(Türkiýe) 144.Gitme 145.Baharyň hesreti 146.Bir durnany atdylar 147.Jelaletdin Rumy Möwlana (13 asyr) 148.Soňlama